Şanly ýylyň wajyp wezipeleri
Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçen —– Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyny uly üstünliklere besläp, Täze — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna uly ynam bilen gadam basdy. Ýaňy başlanan ýylda öňümizde jogapkärli wezipeler durup, olaryň ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalar edilmelidir. Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler zalynda geçirilen maslahat hem 2021-nji ýylyň meseleleriniň çözgütlerine bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde “2021-nji ýyl —– Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen bu maslahat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komiteti tarapyndan guraldy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna – maksatly ädimler” atly bu maslahata TSTB-niň welaýat bölüminiň işgärleri, TSTP-niň welaýat komitetiniň işgärleri, işjeň agzalary, telekeçiler gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, telekeçi Berdimuhammet Çaryýew, “Gök böri” hususy kärhanasynyň direktory Kerim