Bitarap döwletimiziň ýoly — dostluk, doganlyk ýoly
Her bir halkyň bagtyýarlygy raýatlaryň bagtynyň jeminden hasyl bolýar. Sebitiň abadançylygy hem onda ýerleşen her bir döwletiň gülläp ösüşinden kemala gelýär. Bitarap Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna mynasyp goşulyşmagy üçin ulag-kommunikasiýa, logistika taslamalaryny amala aşyrmak boýunça başyny başlan işleri-de şu asylly maksada ýetmäge gönükdirilendir. Pederlerimiziň «Ýodalar ýola elter, ýollar — ile» diýen parasatly sözleri bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen yzygiderli ilerledilýän özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, sebit, dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň mysalynda aýdyň açylýar. Şoňa görä, 11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi we gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň möhüm wakalarynyň hataryndan aýratyn orun aldy. Mälim bolşy ýaly, dünýä jemgyýetçiligi ýurdumyzyň ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, ykdysadyýetiň pudaklarynda, energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebit we halkara ähmiýetli başlangyçlary