"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Iň gowy mekdep (Iňlis tymsaly)

Bir maşgala täze şäherçä göçüp barypdyr. Olar ilki bilen çagalary üçin gowy mekdebiň gözlegine çykypdyrlar. Çagalaryň ene-atasy şäherçäniň merkezine golaý ýerdäki mekdebi saýlap tutupdyrlar. Emma çagalaryň atasy olara entek howlukmazlygy maslahat beripdir. Ertesi güni goja agtyklarynyň birini ýanyna alyp, şäherçä aýlanmaga çykýar. Öýlerine golaýdaky ilkinji mekdebe baranda, bularyň daşlaryny okuwçylar gurşap alýarlar-da, agtygynyň daş sypatyna söz tapyp, gülşüp ugraýarlar. Özüne barmysyňam diýmän, eýläk-beýläk ylgaşyp ýören bitertip çagalary synlap, başyny ýaýkan goja howludan çykyp gaýdýar. Şondan soňky baran mekdeplerindenem gojanyň göwni suw içmeýär. Ahyrsoňy bular kiçijik howlynyň içinde ýerleşýän mekdebiň üstünden barýarlar. Halys ýadan goja demini dürsemek üçin baglaryň birine elini diräp, biraz säginýär. Ol barmana jaň kakylyp, okuwçylar ylgaşyp çykýarlar. Goja gözleri düşendenem gelip, onuň daşyny alýarlar. Olar ýerli-ýerden goja bilen salamlaşansoňlar:

Zehiniň, paýhasyň nusgasy

Täze eser — täze dost. Her bir täze kitap kämilligi nazarlaýan ynsanlaryň dünýäsini baýlaşdyrjak, nurlandyrjak ruhy güýjüň eýesi. Kitaby eline alan her bir kitapsöýer muşdagyň onuň bilen derrew ýakyndan tanyş bolasy gelýär. Onuň many-mazmuny barada ugrukdyryjy gysgajyk beýanaty isleýär. Hut şonuň üçin hem şu günler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy her bir edara-kärhanalarda diýen ýaly uly şatlyk bilen geçirilýär. Eline düşen kitaby il arasynda aýdylyşy ýaly,  «bir demde okap çykmaga ukyply» okyjylaryň pikirleri we dünýägaraýşy hormat bilen diňlenilýär.

Şygryýet bossany

Beýik türkmen danasy Ürç edip öwrenýänim halkymyzyň taryhy,Taryhy eserlerde Watanmyzyň tarypy,Aýan eder okasaň nätakygy, takygy,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Jaýdar jogap

Bir baý adam täze jaýyna göçüp barýar. Onuň görip goňşusy bar eken. Ol oňa göriplik edip, zibilli bedräni goňşusynyň gapysynda goýýar. Bu ýagdaý her gün gaýtalanýar. Irden baý goňşusy howlusyna çykanda, zibilli bedräni görýär. Bedräni arassalap, ýuwup, içine-de bagynyň almalaryndan salyp, goňşusynyňka barýar. Gapy kakylandan görip goňşy: «Ahyr geldiňmi?!» diýip, içini gepledip, goh etmäge taýýar bolup gapyny açýar. Baý goňşusy bolsa oňa almaly bedräni uzadyp: «Her kim özünde bar zadyny paýlaşýar!» diýip ýylgyrypdyr.

Şygryýet bossany

Bar meniň Dogduk mekan ata Watan, bagy-bossanym bar meniň,Belent-belent maksat tutan, dilde dessanym bar meniň,Binalary hatar-hatar, göwün islänim bar meniň,Topragynda güller biten, gül-gülüstanym bar meniň,Garaşsyz hemem Bitarap Türkmenistanym bar meniň.

Şygryýet bossany

Ata Watan Garaşsyz, Bitarap, ata Watanym,Dünýä şöhle saçýan adyňa gurban!Ösüşli ýollardan ýeňşe ýetenim,Gowşamaýan bedew badyňa gurban!

Şygryýet bossany

Watanym meniň Watanym mydama ajaýyp, beýik,Täze ýyla barýaň toý donuň geýip,Halkymyz ýaşaýar söýülip, söýüp,Älemde ýeke-täk Watanym meniň.

Şygryýet bossany

Arkadagly Serdar bilen Bagtyýarlyk ylhamynda,Öňe barýas ynam bilen.Her ädimde joşup barha,Arkadagly Serdar bilen.

Şygryýet bossany

Mukaddesligiň nyşany Mukaddes ýörelgäň beýik nyşany,Waspyň dillerimiň senasy Watan.Äleme bellidir şöhraty-şany,Ajaýyp döwürleň penasy Watan.

Şygryýet bossany

Bitarap Türkmenistan Bitaraplygyň şuglasy her ýürege nury-enwer,Watanyň Tugy, tugrasy doganlyga belent münber,Türkmeniň gadym kyblasy her ykbala ruhy serwer,Bu Watan — bagtyň çüwmesi, köşgi-eýwan, altyn gümmez,Täze eýýam. Bitarap ýurt, dünýä ýalkym, Türkmenistan!

Şygryýet bossany

Ýagşy Bahar gelip ak ýagyşlar,Şaglap-şaglap ýagsa ýagşy.Ak çägä salnan nagyşlar,Gözleriňe saçsa ýagşy.

Şygryýet bossany

Watan hakynda aýdym Watan — ykbalyň ykrary,Mesgenleri eždatlaryň.Watan — milletiň mähraby,Dowamaty zürýatlaryň.

Şygryýet bossany

Ýürek owazy Ýüregimde urup duran,Hoş sözlere uýup duran,Şygyrdan köşk gurup duran,Watanymyň keşbi bolsun!

Şygryýet bossany

Ýürek owazy Ýüregimde urup duran,Hoş sözlere uýup duran,Şygyrdan köşk gurup duran,Watanymyň keşbi bolsun!

Şygryýet bossany

Ýagşy Bir ojaga myhman bolsaň,Wagtyndajyk gaýdan ýagşy.Hiç kime zyýan bermese,Dogry sözi aýdan ýagşy.

Şygryýet bossany

Watana buýsanç Gözüme deňänim,Kalbym diýenim,Howaňda ýaşaýşyň özi bar, özi. Takatym, nesibäm, sabrym diýenim,Demiňde rahatlyk sazy bar, sazy.

Şygryýet bossany

Sowalym bar, şahyrym (Magtymgyly Pyragynyň Durdy şahyr bilen aýdyşygyna nezire)

Şygryýet bossany

Güýz oýlanmalary Gün gysgalyp, uzasa-da gijeler,Güýzde durmuş öňküdenem süýjeler.* * *Ýazda ekip, tomus harman sowurdym,Ajap pikirlermi güýzde dogurdym.* * *Güýz paýhasy bilen dünýä garasam,Nepim degip, il derdine ýarasam.* * *Ýigitlikde zor bolsa-da kuwwatyň,Durmuş derýasynda azdyr öwrümiň.Güýç bilen paýhasyň deňleşen çagy,Kämillikde — güýzde giňär göwrümiň.* * *Batbörek deý al-asmanda galgaýa,Ömrüm guşlugyny baharym saýdym.Tylla güýzde — ömrümiň «ak öýläni»,Goýalan pikirdir oýumy ýaýdym.* * *Güýze ýetip, çar ýanyma syn kyldym,Geň-enaýy syrdan doly bu dünýä.Akyl ýetirere onuň syrlarna,Meniň güýzüm juda gysga görünýä.* * *Pederler pendine ýürekden uýup,Baharda öwrendim, tomus öwrendim.Güýzümde goýalyp «aklym käsesi»,Bilýänlermiň zerreligne jowrandym.* * *Güýz paýhasy bilen pikir öwürip,Ynsanlara düşünmäge synandym.«Güýze» ýeten käbir «akyl» kişiniň,Özgelere düşmeýänne gynandym.* * *Ýazda geçen biweç günleriň görner,Güýze ýetdiň, bir yzyňa gara sen!Ýene biweç günleň bolmazy üçin,Seljer bu durmuşyň agyn-garasyn!

Şygryýet bossany

Ýaş bolmaz sen(Magtymgulynyň äheňinde) Gel, göwnüm, biz sözleşeli,Bolmasa ýoldaş bolmaz sen.Panyda yz goýman gitseň,Sen ömrüňden hoş bolmaz sen.

Şygryýet bossany

Ajap döwranly Watan Magtymguly, guwan halkyň bagtyna,Köp garaşan ajap zamanaň geldi!Eýe bolduk bagtyýarlyk döwrüne,Çoh garaşan ajap eýýamyň geldi!