"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Parahatlyk aýdymy

Adamzadyň asuda, döredijilikli durmuşda ýaşamagy, nesilleriň ösüpörňäp, dowamatdowam bolup bilmekleri üçin ilkinji zerurlyk parahatçylyk, parahat ýaşaýşyň berkarar edilmegini gazanmakdyr. Tutuş dünýäde parahat durmuşy üpjün etmek üçin döwletleriň, halklaryň arasyndaky birekbirege bolan ynamy gorap saklamagyň, ýüze çykýan meseleleri dialogyň üsti bilen çözüp bilmek ukypbaşarnygyň bolmagynyň zerurdygyna her birimiz örän gowy düşünýäris. Şonuň üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78nji sessiýasynyň 63nji plenar mejlisinde geljek, 2025nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi her birimiziň kalbymyzda çuňňur orun eýeledi. Onuň Türkmenistanyň başlangyjy bolmagy bolsa aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Türkmenistan öz parahatçylyk döredijilikli syýasaty bilen, geçen döwürde Bitaraplyk taglymatyny pugtalandyrdy. Ýurdumyz ylalaşyklylygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Hemişelik Bitarap döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasy esasynda halkara gatnaşyklaryň ösüşine mynasyp goşant goşan başlangyçlary öňe sürýär. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy geçen döwürde ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjü

Bi­ta­rap­lyk, bag­ty­ýar­lyk — bir aja­ýyp saz­la­şyk

Dünýä biziň ýurdumyzy ykdysady ösüşleriň we baý mümkinçilikleriň, asudalygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde tanaýar. Dünýä biziň döwletimizi bu gün Bitaraplygyň mekany hökmünde tanaýar. Häzirki zaman syýasy dünýäsiniň soňky çärýek asyrlyk wakalary Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesine doly ygrarly bolup gelýändigini görkezdi. Halkara gatnaşyklarynda döwletimize mahsus aýratynlygymyz — hemişelik Bitaraplygymyz biz üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşlaryň öňünde goýlan wezipeleri amal etmekde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň hem-de BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ornuny aýratyn bellemek gerek. Ýaşlarymyz Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy hem Bitaraplygymyzy başlarynyň täjine deňemelidirler» diýip ýazýar.

Türkmenistan — bagtyýarlyk mekany

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk et­rap hä­kim­li­gi­niň we TMÝG-niň Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk et­rap Ge­ňe­şi­niň gu­ra­ma­gyn­da bank ul­ga­myn­da zäh­met çek­ýän kär­deş­leri­mi­ziň ara­syn­da «Di­ýa­ry­myz­da yk­dy­sa­dy ul­ga­my­nyň döw­re­bap­laş­ma­gy» ady bi­len bag­ly wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şygy ge­çi­ril­di. Wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gyn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk et­ra­by­nyň hä­kim­li­gi­niň, TMÝG-niň Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk et­rap Ge­ňe­şi­niň iş­gär­le­ri hem-de Türk­me­nis­ta­nyň bank ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri çy­kyş et­di­ler. Mas­la­hat­da bank ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy.

Bitaraplyk — synmaz bagtyň güwäsi

Balkanabat şäherindäki  Nebitçileriň  medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň bilelikde guramaklarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygyna — Halkara Bitaraplyk gününe  bagyşlanyp, «Bitaraplyk — synmaz bagtyň güwäsi» atly dabaraly çäre geçirildi. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. «Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, paýhasly syýasaty netijesinde gazanylýan ösüşler, guwandyryjy üstünlikler, hemişelik Bitaraplygymyz buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Beýik işler bitaraplyk taglymatyndan gözbaş alyp, ýollarymyza, ykballarymyza nuruny çaýýar» diýip, çärede çykyş edenler buýsanç bilen gürrüň etdiler. Dabaranyň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň berkarar ýurdumyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, bagtyýar durmuşymyzy wasp edip ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Parahatçylyk döredijilikli ýörelgeler

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygrynda parahatlygyň geljege iň mukaddes mirasdygy, Bitaraplygyň, dost-doganlygyň saýlan aýdyň ýolumyzdygy hakyndaky pikirler çeper beýan edilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna uly taýýarlyk görülýän, Halkara Bitaraplyk gününiň barha golaýlaýan häzirki günlerde Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik syýasaty dünýäde barha dabaralanýar. Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen barha ösdürilýän Bitaraplyk ýörelgeleriniň häzirki döwürde örän zerurdygyny, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydygyny görkezýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän ideologiýasyna, döwletimiziň halkara ähmiýetli möhüm başlangyçlaryna, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işlerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Berkararlyk— başymyzyň jygasy

Türkmenistan Garaşsyzlygyny yglan edeninden soňra daşary syýasatda goňşy döwletler bilen hoşniýetli, parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmak ýörelgelerine eýerdi. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Baş Assambleýanyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi, şol ýylyň özünde Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny yglan etdi. Birleşen Milletler Guramasy ikinji jahan urşundan soňra dünýäde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda döredilýär. Şol wagt onuň düzüminde 51 sany döwlet bardy. Häzirki wagtda BMG-niň düzüminde 193  sany döwlet bar. Merkezi edarasy Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär. 1992-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistan BMG-niň ýanynda Hemişelik wekilhanasyny açdy. 1994-nji ýylda bolsa, Aşgabatda BMG-niň wekilhanasy açyldy. 1992-nji ýylyň 10-njy iýulynda Helsinkide (Finlandiýa) geçirilen ÝHHG-niň sammitinde Türkmenistan ilkinji gezek özüniň daşary syýasatynyň baş ugry hökmünde hemişelik Bitaraplyk syýasatyny saýlap almak islegini beýan edýär.

Parahatçylyk we ynanyşmak

Eziz Diýarymyzda ýokary guramaçylykly geçirilýän halkara maslahatlardyr forumlar paýtagtymyz Aşgabady dost-doganlygyň mekanyna öwürýär. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetlerini we däplerini döwletimiziň parahatçylyk ýörelgesiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Bu günki gün halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumadamzat bähbitleri bilen bagly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parahatçylykly, dost-doganlyk ýörelgesi dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Bilşimiz ýaly, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň: «Dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hem-de Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzdan ugur alyp, biz ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek boýunça zerur tagallalary edýäris» diýip bellemegi, ýurdumyzyň parahatsöýüjilik ýörelgesiniň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär. Bu

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

XXI asyrda häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meselelerine täzeçe çemeleşmek adamzadyň öňünde möhüm wezipe bolup durýar. Bu gün hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgeleri halkara syýasatynyň aýrylmaz we esasy şertlerine öwrülýär. Ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk derejesi diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş sebitiň, şeýle hem dünýä döwletleriniň durnukly ösüşine gönükdirilendir. Garaşsyz döwletimiz Bitaraplyk ýörelgesini amala aşyrmak bilen, halkara işlerinde işjeň hereket edip, bellibir orny eýeleýär, döwletara özara gatnaşyklary giňeldýär, dünýä derejesindäki meselelere we parahatçylykly işlere gatnaşýar, anyk başlangyçlary öňe sürýär. Şol başlangyçlaryň biri-de halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze nusgasyny kemala getirmek bilen, Ýer ýüzünde ýüze çykýan ähli meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullar arkaly çözmekde dialoglar arkaly özara düşünişmegi, ynanyşmagy netijeli gural hökmünde öňe çykarmak ýörelgesi bilen baglanyşyklydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bu ýörelgäniň halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýadyna öwrülýändiginiň görkezi

Sebitimiz — ygtybarly zolak

Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi juda ýakymly wakalaryň biri boldy. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsi we sebitdäki hemme ýurtlar bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň aýdyň nyşanydyr. Galyberse-de, bu wakany ýurdumyzyň daşary syýasy üstünligi hökmünde häsiýetlendirmelidiris. Merkezi Aziýa dünýäniň strategik sebitleriniň biridir. Onuň ýurtlary häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ykdysadyýeti, ekologiýany, hususyýetçiligi, ylmy-intellektual başlangyçlary ösdürmek ugrunda köp işler ýerine ýetirilýär. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde ykrar edilmegi ugrunda alnyp barylýan tagallalar has-da işjeňleşdirildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy yzygiderli geçirilýär. Bulard

Go­şa bag­ty­myz

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 Go­şa bag­ty­myz — mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz we he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz ba­şy­my­zyň tä­ji­dir. Bu go­şa bag­tyň sa­ýa­syn­da döw­let­li Di­ýa­ry­my­za di­ňe be­lent ösüş­ler ýar bol­sun!

Parahat durmuşa çagyryş (Ýaş žurnalistiň sözi)

Ynsan özüni haçan bagtly duýýar?! Elbetde, rahat, eşretli, asuda durmuşda ýaşaýan çagy. Megerem, şonuň üçin ähli söhbetleriň başy «salam» sözünden başlaýandyr. Salam sözüniň manysy — «Men size abadançylyk arzuw edýärin!» diýmekdir. Türkmen halkynyň «Edebiň başy — salam» diýen aýtgysynda-da, onuň näderejede abadançylyga, parahatçylyga hormat goýýandygyny aňmak bolýar. Her ynsan — uly bir dünýä. Özüniň güneşi — kamary, pikir-garaýşy bilen. Ýüreginde ýagşy niýet bar ynsanyň pikiri hem elmydama adamzat bähbitlidir. Sözüň bilen täsir etmek üçin, ilkinji nobatda, uly ýüregiň bolmagy möhüm. Şeýle uly ýürekli ynsanlar bolsa halk üçin, il-gün üçin, bütin adamzat nesli üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy döredýärler. Ol bolsa — poeziýadyr.

Geljegiň iň mukaddes mirasy

Miras — geçmiş. Miras — şu gün. Miras — geljek. Miras — geçmişden geljege düşen ýalkym. Miras diýilse, öňki döwürlerden, öň ýaşap geçen nesillerden galan ylmy, medeni ýa-da ruhy baýlyklar, ýadygärlikler, tejribeler, ussullar, däp-dessurlar, ýörelgeler göz öňüňe gelýär. Miras dürli görnüşde bolup bilýär. Atadan ogla galan miras, eneden gyza, mamadan agtyga, dogandan jigä, halypadan şägirde, hatda bir adamdan umumadamzada-da miras galdyrylyp biler. Siz haçanam bolsa bir gezek, şol köp manyny öz içine alýan miras diýlen düşünjäniň iň möhümi — iň mukaddesi hakynda pikirlenip görüpmidiňiz?! Miras düşünjesi we onuň aňladýan manysy dogrusynda birnäçe ýola pikir ýumagyny çözledim. Bar maksadym, iň möhüm mirasyň nämedigini bilmekdi. Munuň üçin miras hakyndaky eserleri okadym, bu düşünje dogrusynda köpler bilen söhbetdeş bolup gördüm. Käte ylalaşan ýalam bolsam, şu wagta çenli okan-u-eşiden kesgitlemelerim meni doly kanagatlandyrmady. Ýogsa men aňymda at salýan pikir-hyýallary ençeme gezek taraşladym. Emma hiç netije bermedi...

Dillerde döwrüň waspy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýurdumyzyň her bir raýatynyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy pursatlara baý ýyllaryň biri bolmak bilen, il-gün bähbitli, döwlet, sebit, dünýä ähmiýetli ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyza yzygiderli gelip gowuşýan hoş habarlar bolsa, göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Ynha, golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Çünki Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň depginli ösýän strategik merkezleriniň birinde — Merkezi Aziýada BMG-niň ygtybarly we uzak möhletli hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işine möhüm ähmiýet berýändigine hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Parahatçylyk, gülläp ösüş, asuda asman, abadan durmuş ýaly düşünjeler bolçulygyň, bagtyýar ýaşaýşyň açary hasaplanýar» diýen jümleleri hem aňryýany bilen şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary

Türkmenistan — BMG

Parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn daşary syýasy ýörelgelerimiz halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Umumadamzat bähbitlerini nazarlap

Eziz Diýarymyzda taryhy ähmiýetli, giň gerimli maksatnamalaryň, taslamalaryň, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik syýasy özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty yzygiderli artýar, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş şertleri barha gowulanyp, durmuş goraglylygy ýokarlanýar. Netijede bolsa, barha kämilleşýän jemgyýetimiz we berkarar döwletimiz demokratik ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bu taryhy döwürde ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary bütin dünýäde giňden goldanylýar hem-de ykrar edilýär. Güneşli Watanymyz diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygy, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary hem ileri tutup, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýär. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyna güwä geçýär. Türkmenistan BMG-niň alyp barýan umumadamzat bähbitli işlerinde halkara jemgyýetçiliginiň goldawyna mynasyp bolan möhüm meseleleri çözmäge hem işjeň gatnaşýar. Sanlyja ýylyň içinde ata Watanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise-başlyklygyna birnäçe

Bitaraplyk ýörelgesi – parahatçylyk pelsepesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününi bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýakymy bilen garşylaýan türkmen halky hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýýar. Bu ýörelgeler syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerinde has-da giňden ýaýbaňlanýar. Hemişelik Bitarap ýurdumyz bu gün dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen, olaryň çäklerinde degişli halkara işlerini amala aşyrýar. Türkmenistan Watanymyzyň 29 ýylyň içinde öňe süren dünýä ähmiýetli birnäçe möhüm başlangyçlarynyň halkara bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylmagy-da halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine elmydama ygrarlydygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň esasynda halkymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugta berjaý edýär. Türkmenistan Diýarymyz ýurdumyza gelen myhmana suprasyny boldan ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu adyl syýasaty ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga iterýär. Parahatçylykly gatnaşyklara ymtylmak bolsa halklary agzybir

Parahatçylyk owazy (Ýaş žurnalistiň sözi)

Berkarar döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Şu ýylyň sentýabr aýy hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçen ajaýyp wakalar bilen Garaşsyz döwletimiziň taryhyna täze sahypalary ýazdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bolsa milli demokratik däplerimiziň barha dabaralanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Bu forumyň her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmeginde hem özboluşly many bar. Çünki Garaşsyzlyk halkymyzyň ähli üstünlikleriniň, döwletliligimiziň gözbaşynda duran mukaddeslikdir. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde möhüm çözgütler kabul edildi. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» Permana gol çekmegi ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk medeniýeti hakyndaky Jarnamasyny durmuşa geçirmekde, Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, halkara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen ösdürmäge ýokary döredijilikli yhlas bilen çemeleşýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

«Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz!»

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli göz öňünde tutulýan dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminamada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, geljek ýylyň dowamynda halkara derejedäki çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri amala aşyrmak bellenilýär. Geljek ýyl BMG tarapyndan iki gezek resmi taýdan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 30 ýaşaýar. Şu geçen ýyllarda Garaşsyz Watanymyz dünýäde hoşniýetlilige, birek-birege ynanyşmaga eýerýän, parahatçylygy, asudalygy berkarar etmek üçin yzygiderli tagalla edýän döwlet hökmünde uly abraýa eýe boldy. Baky Bitaraplykdan gelip çykýan bu mizemez ýörelgelere eýerýän ýurdumyzyň saýlap alan ýolunyň dogrudygyny wagt birkemsiz subut etdi.

As­ta­na sam­mi­ti: köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy iler­le­dip

Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Gahryman Arkadagymyzyň ba­şy­ny baş­lan we hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, ne­ti­je­li hal­ka­ra dia­lo­ga yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Mu­nuň özi äh­lu­mu­my ösü­şiň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mä­ge, umu­my bäh­bit­le­re la­ýyk­lyk­da, öza­ra yna­nyş­mak ýag­da­ýyn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 17-nji sent­ýabr­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, «Mer­ke­zi Azi­ýa — Ger­ma­ni­ýa» for­ma­tyn­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­li köp­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­ga gat­naş­ma­gy hem mu­nuň no­bat­da­ky gü­wä­si­ne öw­rül­di. Du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bi hä­zir­ki döw­rüň der­wa­ýys me­se­le­le­ri­niň en­çe­me­si­ni öz içi­ne al­dy. Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len sam­mi­tiň işi­ne Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Fe­de­ral Ka

Dünýä giňişliginde rowaç tutumlar

Şu günlerde ýurdumyzda alnyp barylýan daşary syýasat taryhy wakalara beslenýär. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatynda iş saparynda bolup, energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegine hem-de gurluşygyna badalga bermegi, hormatly Prezidentimiziň Gazagystanda geçirilen «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammitine gatnaşmagy we paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynyň geçirilmegi baş baýramyň bosagasyndaky günlere aýratyn öwüşgin berdi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşan çäreleriniň has netijeli we milli bähbitlere baý bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Milli Liderimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öň ýanynda Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, türkmen-owgan halklarynyň durmuşy bilen baglanyşykly birnäçe taslamalara badalga bermegi dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabarasyna gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny amal etmegiň çäklerinde goňşy ýurtda ulanylyşa girizilen bu beket sebitiň we düný