Milli edep-terbiýe ýörelgeleri
Adamyň kemala gelmeginde terbiýä uly orun degişlidir. Terbiýeçilik işi uly nesliň möhüm wezipesidir. Türkmen halky terbiýä uly üns berýän halk, muny «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz», «Adam — terbiýä, at seýse bagly» ýaly nakyllarynda beýan edipdir. Terbiýeçilik işi çaga ideg etmegi, ony eklemegi, onuň saglygy, bedeniniň dogry ösmegi, akyl, erk-ahlak, ruhy taýdan kemala gelmegi ugrunda alada etmegi, oňa ýagşyny, ýamany tapawutlandyrmagy öwretmegi, zähmete taýýarlamagy öz içine alýar. Halk arasynda şeýle bir pähim bar: «Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň, terbiýeli nesil ýetişdir». Milletiň kämil ýörelgelerini dowamat-dowamata atarýan kämil bilim-terbiýeli nesillerdir. Her bir halkyň öz milli ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, milli häsiýetini şöhlelendirýän edep-terbiýe medeniýeti bar. «Gorkut ata» şadessany, «Kowusnama», Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy azat» eseri, Magtymguly Pyragynyň we nusgalyk şahyrlarymyzyň döredijiligi, häzirki zaman ýazyjy-şahyrlaryň eserleri türkmen halkynyň edep medeniýetini şöhlelendirmekde uly ähmiýete eýedir. Halk arasynda adamyň edep-terbiýesine baha berlende, ilki bilen, onuň adamkärçiligi göz öňünde tutulýar. Halkymyz «Alym bolmak aň