"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Iýmit zäherlenmesinden ägä boluň!

Howanyň ýylamagy bilen gök-bakja, miwe önümleri ýetişýär. Önümler öý şertlerinde gaplananda, gaplanyş usulynyň düzgünleri doly we dogry berjaý edilmelidir. Bu düzgünler bozulan ýagdaýynda agyr iýmit zäherlenmesine — botulizm keseline sezewar bolunmagy mümkindir. Botulizmi döredýän mikroblar kislorodsyz ýerde köpelýärler.  Öý şertlerinde arassalanmadyk, nädogry gaplanan iýmit önümleri botulizm mikroblarynyň döremegine we köpelmegine sebäp bolýar. Öý şertlerinde nädogry gaplanan hyýar, badamjan garyndysy, burç, marinada ýatyrylan badamjan, duzlanan, kakadylan balyk önümleri has hem howply bolup durýar. Botulizm dürli agyrlykda geçip bilýär. Adam bedeninde näsazlyk, gowşaklyk, agyz boşlugynyň guramagy, sesiň gyrylmagy ýaly ýagdaýlar iýmit zäherlenmesiniň ilkinji gije-gündizlikde ýüze çykýan alamatlarydyr. Köp näsaglarda ýüze çykýan ilkinji alamatlaryň biri görşüň ýaramazlaşmagydyr. Daş-töwerekdäki zatlar dumanyň içinde iki we şondan köp bolup görünýär. Bu alamatlaryň ählisi botulizm keselinde adam bedeninde köpelen zäherleriň merkezi nerw ulgamyna edýän täsiriniň netijesidir. Şunuň ýaly alamatlar ýüze çykan halatynda haýal etmän, lukmana ýüz tutmaly. Eger-de bejergi wagtynda we dogry geçirilmese, agyr netijeler bilen gutaryp biler. Öý şertlerinde gök ö

Saglygyň gadryny bilgil...

Pasyl çalşygynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar Pasyl çalşygynda özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli.

Sagdynlyk kadalary

Derman senagatynyň önümleri

Ýurdumyzyň çäginde 20-den gowrak bejeriş ähmiýetli çeşmeler bar. Şolaryň biri-de Berzeňňidäki çeşmedir. Onuň 1250 metr çuňlukdan özi akyp çykýan 1-nji guýusynyň düzüminde köpsanly peýdaly minerallary saklaýan suwy bardyr. «Berzeňňi» mineral suwunyň düzüminde azot, kükürtli wodorod gazy, sulfatlar, kalsiý, magniý, az mukdarda ýod, brom, sink, marganes ýaly mikrogoşundylar bar. Gidrogeohimiki nukdaýnazardan, bu mineral suw bejeriji-naharhana suwlar toparyna degişlidir. «Berzeňňi» mineral suwuny iýmit siňdiriş agzalarynyň kesellerinde, dowamly gastritiň beterleşmedik döwründe, reflýuksezofagit motor we ewakuasiýa funksiýalarynyň bozulmagynda, aşgazan we onkibarmak içegäniň baş keseliniň gaýtgynynda, ýokanç däl gelip çykyşly dowamly kolitlerde we enterokolitlerde, içegäniň disfunksiýasynyň beterleşmedik ýagdaýy ýaly kesellerde ulanmak maslahat berilýär. Şeýle-de bu suw endokrin kesellerinde, süýjüli diabetde ulanylýar. «Berzeňňi» mineral suwuny urologiýa kesellerinde, dowamly böwrek ýetmezçiligi we azotemiýanyň ýeňil derejelerinde, dowamly piýelonefritiň gaýtgyn döwründe ulanmak peýdalydyr. Önümçilikde hil we mikrobiologiýa barlaglary amala aşyrylyp, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine, ulanylýan suwuň, çig mallaryň, gaplamalaryň hiline yzygiderli gözegçi

Saglyk — baş baýlyk

Saglyk ähli döwürlerde hem jemgyýetçilik gymmatlygy bolupdyr. Adamlaryň durmuş bagtyýarlygy, ilkinji nobatda, olaryň saglygy bilen berk baglanyşyklydyr. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýýär. Şeýle hem halk aýtgylarynda bagtly bolmagyň on şertiniň dokuzysynyň beden saglygynyň berk bolmagy bilen baglydygy beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa ornaşdyrylýan beýik işleriň ählisiniň özeninde halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän maşgalalary döretmek, ýaş nesliň bilimli, jemgyýete peýdaly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak baradaky asylly ýörelgeler bar.

Saglyk — baş baýlyk

— Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. — Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Suw we onuň adam bedenine täsiri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, ilaty we halk hojalygynyň pudaklaryny suw bilen bökdençsiz, ýeterlik mukdarda üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda suw babatda bitirilýän işler hut şu durmuş hakykatyndan gözbaş alýar. Netijede, halkymyzy arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, ekerançylyk meýdanlarynda suwy tygşytly we netijeli ulanmak, suw üpjünçiligi ulgamynda täze döwrebap tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak barada alnyp barylýan işleriň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Suw gorlary ýurdumyzyň tebigy genji-hazynasynyň iň gymmatly bölegidir. Sebäbi suw halk hojalygynyň ähli pudaklary we ulgamlary üçin iňňän zerur serişdedir. Şeýle-de agyz suwy bilen üpjünçilik halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biridir. Ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanýan suwuň bisarpa tutulmazlygy üçin özboluşly desgalary gurupdyrlar. Halk tebipçiliginde hem suwuň dürli görnüşlerinden ýerlikli peýdalanylyp, dertlere em edilipdir.

Dişleriňi aýap saklamagyň ýollary

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda ynsan saglygyny iň ileri tutulýan zerurlyk hökmünde görüp, saglyk hakynda wagyz-ündew çäreleriniň yzygiderli alnyp barylmagyna hem aýratyn üns berýär.

Buýan — dermanlyk ösümlik

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Halkymyzda «Dertliniň dermanyny öz topragyndan gözle» diýlen aýtgy bar. Dermanlyk ösümliklere baý bolan türkmen topragynda islendik derde derman tapmak bolýar. Dermanlyk häsiýeti ýokary bolan şeýle ösümlikleriň biri hem buýandyr. Bu ösümligiň ady grekçeden terjime edilende, «Süýji kök» diýmegi aňladýar. Irki döwürlerde bu ösümligi «Altyn kök» diýip hem atlandyrypdyrlar.

Be­den­ter­bi­ýe, he­re­ket we sport ba­ra­da

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Be­den­ter­bi­ýe ada­myň öz sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge we fi­zi­ki ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len işi­dir. He­re­ket öm­rüň ha­zy­na­sy­dyr.

Çaýyň peýdasy hakynda

Çaý gadymy döwürlerden bäri dünýäniň dürli yklymlarynda halk lukmançylygynda bejeriş ähmiýetli içgi hasaplanylyp gelinýär. Türkmen halkynyň durmuşynda hem örän ähmiýetli orna eýe bolan bu içginiň düzümindäki peýdaly maddalar adamyň diňe bir keýpini göterip, rahatlandyrmak bilen çäklenmän, birnäçe gaýraüzülmeleriň öňüni almaga hem uly ýardam edýär. Çaý, ilkinji nobatda, ýürek üçin peýdalydyr. Bu ugurda bilermenler çaýy köp içýän adamlaryň, esasan hem, gök çaýy köp ulanýanlaryň ýüreginiň sagdyn bolýandygyny aýdýarlar. Gök çaý gan basyşynyň we holesteriniň derejesini peseltmäge hem-de rahatlanmaga kömek edýär.

Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek

Sagdynlygyň girewi

Gündelik fiziki maşklar saglygy berkidýär. Maşklarynyň esasy maksady günüň dowamynda adamyň özüni işjeň ýagdaýda saklamak üçin kesgitlenen hereketleri ýerine ýetirip, bedenini dürli kesellerden goramagy gazanmakdan, nerw ulgamyny berkitmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, her bir ukyply adama, ýaşyna, jynsyna, çekýän zähmetine we geçiren kesellerine garamazdan, sagaldyş maşklaryny ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Sagaldyş maşklaryna, ilkinji nobatda, irden ýerine ýetirilýän maşklar degişlidir. Olaryň hasabyna beden uky ýagdaýyndan oýa ýagdaýyna çalt geçýär. Bedenterbiýe maşklary gan aýlanyşygyny güýçlendirýär, dem alşy kadalaşdyrýar, madda çalşygyny ýokarlandyrýar.

Sagdynlyk kadalary

Bahar paslynda günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly.

Ak ýürekden haklarys

Saglygyň gadyryny bilgil...

Saglyk — uly baýlyk. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde belent sarpa eýe bolup, ady dünýä dolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun,

Ýagşy ýörelge — dowamat-dowam

«Halkymyzyň saglygy baş baýlygymyzdyr. Şoňa göräde, ynsan saglygyny goramak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işleri geljekde hem dowam etdiriler» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň bu sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp durmuş hakykaty bolup dabaralanýar. Häzirki döwürde gurlup ulanmaga berilýän saglygy goraýyş merkezlerinde, hassahanalarda, şypahanalarda, sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, sport ulgamyna degişli desgalarda döredilen dünýä hil ülňülerindäki şertmümkinçilikler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde baş baýlygyň halkyň saglygy bolup durýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Aýratynam, sagdyn, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynda esasy üns berilýän ugurlaryň biridir. Ata-babalarymyz irki döwürlerden bäri zyýanly, ýaramaz pişelerden gaça durmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi öz nesillerine sargyt edip gelipdirler we muny durmuşda hökman berjaý edilmeli kadalaryň hatarynda görkezipdirler. Ajaýyp zamanamyzda pederlerimiziň şol ýörelgesiniň dowamat-dowam bolýandygy her birimizi buýsandyrýar. Sebäbi sagdynlyk, sagdyn durmuş ýörelgesi ähli gözellikleriňem, üstünl

Saglyk — baş baýlyk

♦Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmaklygyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. ♦Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl. 

Sagdynlyk — ruhubelentlik

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak ulgamy, keselleriň öňüni alyş, maşgala lukmançylygy döwlet tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Maşgala lukmançylygy ýörelgesiniň giňden ornaşdyrylmagy, mekdeplerde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda we bilim ojaklarynda, şeýle-de dürli ugurdaky edara-kärhanalarda möwsümleýin lukmançylyk barlaglarynyň geçirilmegi, ýokanç kesellere garşy öňüni alyş sanjymlarynyň ilata mugt edilmegi we bu keselleriň döremegine getirýän hadysalary aradan aýyrmakda degişli edaralaryň işiniň has işjeňleşdirilmegi birnäçe keselleriň soňuna çykylmagyna, beýlekileriň bolsa berk gözegçilikde saklanmagyna uly mümkinçilik döretdi. Keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň ýurdumyzda ýokary derejede alnyp barylmagynyň netijesinde, ýokanç keseller bilen keselçilik has peseldi.

Nesiller guwanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, aýratyn-da, eneleriň saglygynyň degişli derejede saklanmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, eneleriň saglygynyň berkidilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, sagdyn ene bolmasa, sagdyn çaganyň bolmajakdygyny belleýär. Ýurdumyzda hereket edýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezlerinde hem çaganyň saglygyny goramakda möhüm işler alnyp barylýar. Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we goldamak barada amala aşyrylýan işler uly netijesini berýär. Bu ugurda Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy, Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy, «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn gelejek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasy boýunça halkara guramalar bilen netijeli işler alnyp barylýar.