Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
11 Aprel 2024
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
11 Aprel 2024
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
10 Aprel 2024
Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar!
10 Aprel 2024
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi adamzadyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ýugrulan hem-de halklary birek-birege baglanyşdyrýan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň röwşen geljegi, halkymyzyň bagtyýar hem asuda durmuşy ugrunda alyp barýan döwletli tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
10 Aprel 2024
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident, hormatly doganym!
10 Aprel 2024
Bismillähir-Rahmanir-Rahim Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
10 Aprel 2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Oraza baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hatlarynda ähli musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan bu baýramyň kalp arassalygyny, rehimdarlygy we adamzadyň ruhy kämillige tarap meýillerini alamatlandyrýandygyny belleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten Oraza baýramy milli bitewüligimizi, jebisligimizi, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar. Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu nurana baýram bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
9 Aprel 2024
Oraza baýramyny bellemek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
9 Aprel 2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Peter Pellegrinä Slowakiýa Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Peter Pellegrinä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Slowakiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.
8 Aprel 2024
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalara beslenýän toýly günlerinde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Türkmenistan döwletimizi depginli ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alýan saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny kämilleşdirmekde alyp barýan döwletli tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
8 Aprel 2024
Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde 2024-nji ýylyň 27-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy. * * *