Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
15 Iýun 2024
Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar!
15 Iýun 2024
Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar!
15 Iýun 2024
Mähriban uçurymlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, konstitusion gurluşynyň, goranmak ukybynyň, döwlet serhetlerimiziň mizemezliginiň, ýurt howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň, milli kanunçylygymyzyň we hukuk tertibiniň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin ýokary serkerdeler düzümini hem-de işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany, hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlap, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz we zähmet ýoluna gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda uly dabaralara beslenýän ýylynda Watan goragynda täze menzillere gadam goýmagyňyz sizi ýurt goragynda belent sepgitlere ruhlandyrmalydyr. Çünki Magtymguly Pyragy Watany söýmegiň, halkyň asuda, özbaşdak durmuşyny ähli zatdan ilerde goýmagyň belent nusgasyny görkezen merdana şahsyýetdir. Şoňa görä-de, siz ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerini pugta berjaý etmelisiňiz. Milli gymmatlyklarymyzy, raýatlarymyzyň asuda we bagtyýar durmuşyny, döredijilikli zähmetini goramagy, türkmen jemgyýetinde kanunylygy, hukuk tertibini mundan beýläk-de pugtalandyrmagy mukaddes borç hasaplamalysyňyz.
15 Iýun 2024
Bismillähir-rahmanir-rahim! Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
13 Iýun 2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ylymlar güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda türkmen alymlarynyň gazanýan üstünlikleriniň hemmetaraplaýyn ösen ýurt hökmünde Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýändigi nygtalýar. Ýurdumyzda nano-, bio- we himiýa tehnologiýalary, energetika, oba hojalygy, ekologiýa, genetika, maglumat-kommunikasiýa ulgamy, kompýuter tehnologiýalary, lukmançylyk hem-de derman senagaty, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlarda ösüş üçin berk binýat döredilýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyzy Ylymlar güni mynasybetli Mejlisiň deputatlarynyň adyndan D.Gulmanowa gutlady.
13 Iýun 2024
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, karar edýärin:
12 Iýun 2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine, ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, birek-birege hormat goýmagyň hakyky nusgasy bolan Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň ösüş depginini hem-de ýokary derejesini uly kanagatlanma bilen aýratyn bellemek isleýärin” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalar netijesinde özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
12 Iýun 2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Narendra Modä Hindistanda geçirilen ählumumy parlament saýlawlarynda ýolbaşçylyk edýän Hindistanyň Halk partiýasynyň ýeňiş gazanmagy we onuň Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hatynda türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny we döwletara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi.
12 Iýun 2024
Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri! Gadyrly myhmanlar!
12 Iýun 2024
Mähriban ýaşlar! Eziz talyplar!
12 Iýun 2024
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, eziz Diýarymyzda ylmy ösdürmekde we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde alyp barýan işleriňiziň üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.