Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Oraza baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hatlarynda ähli musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan bu baýramyň kalp arassalygyny, rehimdarlygy we adamzadyň ruhy kämillige tarap meýillerini alamatlandyrýandygyny belleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten Oraza baýramy milli bitewüligimizi, jebisligimizi, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar. Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu nurana baýram bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Oraza baýramyny bellemek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidenti Slowakiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Peter Pellegrinä Slowakiýa Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Peter Pellegrinä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Slowakiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalara beslenýän toýly günlerinde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Türkmenistan döwletimizi depginli ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alýan saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny kämilleşdirmekde alyp barýan döwletli tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Resmi habarlar

Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde 2024-nji ýylyň 27-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy. * * *

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Hatlarda bu halkara baýramyň ýurdumyzda giňden bellenilýändigi, onuň «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ýörelgesine ygrarly halkymyzyň parasatly däpleri bilen çuňňur baglanyşygynyň bardygy bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde bu däpler täze ösüşe we mazmuna eýe bolýar. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň rowaçlygynyň, gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan işlerinde egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa mähirli gutlaglaryny iberdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gahryman Arkadag!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyny gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko şanly ýubileýi we Russiýa Federasiýasynyň Zähmet gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi. “Bu belent sylag Siziň uzak ýyllaryň dowamynda dürli döwlet wezipelerinde tapawutly zähmet çekmegiňiziň, şeýle hem Russiýanyň hemmetaraplaýyn ösmegine saldamly goşandyňyzyň ykrary bolup durýar. Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Türkmenistana bolan ýürekden dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklaryňyz üçin çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin” diýlip, hatda bellenilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

Hormatly dabara gatnaşyjylar! Gadyrly türgenler!