Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
30 Iýul 2024
M.K.Annanepesow hakynda Maksat Kowusowiç Annanepesowy Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeli.
30 Iýul 2024
M.K.Annanepesow hakynda Maksat Kowusowiç Annanepesowy Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeli.
30 Iýul 2024
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Oguljennet Kakadurdyýewna Berdiliýewa, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * *
30 Iýul 2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI-a milli baýram — Tagta geçmek güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Mohammed VI-a tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Marokko Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.
27 Iýul 2024
M.B.Maşalow hakynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) wezipesine bellemeli.
27 Iýul 2024
T.B.Kömekow hakynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Babaýewiç Kömekowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Kipr Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Rim şäheri) wezipesine bellemeli.
27 Iýul 2024
Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamyny döretmek hem-de gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek üçin Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligine çenlik bahalary hasaplamakda programma üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak üçin “Parlak nesil” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. (TDH)
27 Iýul 2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Çili Respublikasynyň Prezidenti Gabriel Boriçe hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Çili Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
25 Iýul 2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşýandygyny, özara ynanyşmak, açyklyk häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.
25 Iýul 2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Özbegistan Respublikasynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, onuň doganlyk halkynyň abadançylygy ugrunda edýän tagallalaryňyz we ýadawsyz zähmetiňiz hakyky watansöýüjiligiň, Watana yhlasly hyzmat etmegiň aýdyň nusgasydyr. Ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hut özüňiziň berýän ünsüňizi aýratyn bellemek isleýärin” diýlip, Milli Liderimiziň hatynda bellenilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlugy we özara düşünişmegi berkitmäge goşan ägirt uly goşandy üçin goňşy döwletiň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.
24 Iýul 2024
Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. (TDH)