Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynda guwandyryjy netijeler gazanylýan Garaşsyz Watanymyzda kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Durmuşa geçirilýän giň gerimli bu işlere ýurdumyzyň zenanlary hem işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar. Agzybir jemgyýetimizde jebisligi has-da berkitmäge saldamly goşant goşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan ata Watanymyzyň her bir gününde taryha altyn harplar bilen ýazyljak beýik işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Agzybirligiň we jebisligiň, parahat hem-de abadan durmuşyň ýurdy bolan Bitarap döwletimiz dünýäde dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty bilen giňden tanalýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Ýurdumyzyň ilatynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

Resmi habar

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň günäsi geçilen raýatlary mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz öz gutlagynda Belarusuň ähli halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýruklary

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, içeri işler ministri Çakyýew Mämmethan Berdimyradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. ***

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine hem-de «Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ýüzlenmesi

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine we «Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi üçin döreden ajaýyp mümkinçiligiňiz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, täze gurluşyk serişdeleriniň görnüşini köpeltmek, şeýle hem «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat hem-de önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 1676-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde bazalt inçe süýüminden, mineral pamykdan ses we ýylylyk saklaýjy materiallary öndürýän kärhanany gurnamak üçin enjamlary satyn almak, ministrligiň Balkan kän müdirliginiň diwar materiallaryny öndürýän önümhanasynyň binasyny düýpli abatlamak hem-de enjamlary gurnamak barada Italiýa Respublikasynyň «Gamma Meccanica S.p.A.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Işlere 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we kärhanany 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisine we «Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin: