Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
10 Oktýabr 2020
M.Geldinyýazow hakynda Mämmetmyrat Geldinyýazowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.
10 Oktýabr 2020
M.Geldinyýazow hakynda Mämmetmyrat Geldinyýazowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.
10 Oktýabr 2020
Agamyradow P.N. hakynda Agamyradow Pürli Nurmämmedowiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
10 Oktýabr 2020
Durdylyýew D.B. hakynda Durdylyýew Durdyly Baýlyýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
10 Oktýabr 2020
Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
10 Oktýabr 2020
Doganlyk Gyrgyzystanda bolup geçýän wakalar bizde uly ynjalyksyzlyk döredýär. Köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, umumy medeni hem-de ruhy gymmatlyklar bilen baglanyşan ýakyn goňşular hökmünde biz Gyrgyzystanyň halkyny şu çylşyrymly günlerde ýurtda parahatçylygy saklamagyň we durnuklylygy dikeltmegiň bähbidine oňa mahsus bolan parasatlylyk görkezmäge çagyrýarys.
10 Oktýabr 2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merjen Gündogdyýewna Geldiýewa Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi hem-de ol Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * *
10 Oktýabr 2020
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna umumymilli baýram — Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary hem-de telegrammalar gelip gowuşýar. Şolarda milli Liderimiziň işläp taýýarlan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagatynyň innowasiýalar hem-de dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ösýändigi, keselleriň öňüni almakda, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygy bellenilýär. Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimize türkmen halkynyň abadançylygy ugrunda edýän aladalary üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, bagt, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen köpugurly işinde täze üstünlikleri arzuw edýärler. Milli Liderimizi şanly baýram mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ç.Amanow, Ş.Durdylyýew, M.Geldinyýazow, Ç.Gylyjow, M.Meredow, R.Meredow, M.Mämmedowa, G.Müşşikow, E.Orazgeldiýew, B.Öwezow gutladylar.
9 Oktýabr 2020
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
9 Oktýabr 2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Dowwaýewa Akjagül Baýmyradowna işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * *
8 Oktýabr 2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.G.Öwezow hakynda