Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär. Hormatly Prezidentimiz yzygiderli pugtalandyrylýan hem-de kämilleşdirilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ilerlediljekdigine berk ynam bildirdi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýagmyr Döwletmyradowiç Nuryýew, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. * * *

«Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Sizi her ýylyň 12-nji awgustynda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilip geçilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli hem-de «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa ýurduň San-Paulu ştatynda ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Saparow Allaberdi Orazmämmedowiçe berk käýinç yglan edildi. (TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti jenap Tarman Şanmugaratnama, Premýer-ministri Lourens Wonga we ýurduň halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, onuň halklarymyzyň bähbidine yzygiderli kämilleşdiriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Ýazgulyýew G.J. hakynda Ýazgulyýew Gurbanmyrat Jumamyradowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

B.D.Taýyrow hakynda Begenç Durdymyradowiç Taýyrowy Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

G.A.Amangeldiýew hakynda Guwançmyrat Amanýazowiç Amangeldiýewi «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellemeli.