Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Şeýle hem hatlary iberenler milli Liderimizi Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni hem-de «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagy bilen gutlaýarlar. Hormatly Prezidentimiz bu sylaglara Türkmenistanyň mizemez syýasy, ykdysady we hukuk esaslarynyň berkidilmegine, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen özara bähbitli köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandy, jemgyýetiň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin mynasyp boldy. Gutlag hatlarynda bellenilişi ýaly, hemişelik Bitaraplyk derejesi türkmen halkynyň, şeýle hem tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat edýär, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ol parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň nyşany hökmünde kabul edilýär.