Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Gahryman Arkadagymyz, Siziň bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň, dünýäde parahatçylygyň hem-de dostlugyň pugtalandyrylmagynyň hatyrasyna öňe sürýän beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Sizi ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda örän möhüm sene bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Siziň parasatly, öňdengörüji içeri we daşary syýasatyňyzyň, dünýäde parahatçylygyň we dost-doganlygyň dabaralanmagy ugrunda alyp barýan beýik işleriňiziň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň ýolbaşçylary öz gutlaglarynda mukaddes Garaşsyzlygyň nobatdaky senesini halkymyzyň durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylan ajaýyp üstünlikler bilen garşylaýandygyny nygtaýarlar. Ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, halkara giňişlikde Türkmenistanyň abraýy barha belende galýar.

Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda I. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý. № 3, 131-nji madda; 2017 ý., № 4, 130-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan nobatdaky konstitusion özgertmeler berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm tapgyry alamatlandyrýar. Konstitusion özgertmeleriň düýp manysy we mazmuny «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň metbugatda dolulygyna çap edilen deslapky taslamasy halkymyz tarapyndan işjeň ara alnyp maslahatlaşylandan soň taýýarlanylan gutarnykly taslamasynda beýan edildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary

Türkmenistany 2021-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny makullamak hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly özgerişlikleri başdan geçirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine galýar. Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyry jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze pudaklaryň we önümçilikleriň döredilmegi hem-de hususy bölegiň giňden ösdürilmegi netijesinde, ykdysadyýetiň gurluş düzüminiň kämilleşdirilmegi bilen häsiýetlendirilýär. Jemgyýetimizde demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmek we bu ugurda gazanylan netijeleri berkitmek boýunça yzygiderli tagallalar edilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini geçirmek hakynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleri mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahaty karar edýär:

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ilatynyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna, şol işleri ýerine ýetirýän döwrüniň dowamynda degişli Tertibe laýyklykda, olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 15 göterimi möçberde goşmaça hak tölemek bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynda guwandyryjy netijeler gazanylýan Garaşsyz Watanymyzda kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Durmuşa geçirilýän giň gerimli bu işlere ýurdumyzyň zenanlary hem işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar. Agzybir jemgyýetimizde jebisligi has-da berkitmäge saldamly goşant goşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan ata Watanymyzyň her bir gününde taryha altyn harplar bilen ýazyljak beýik işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Agzybirligiň we jebisligiň, parahat hem-de abadan durmuşyň ýurdy bolan Bitarap döwletimiz dünýäde dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty bilen giňden tanalýar.