Bildirişler

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň gurluşy tassyklanyldy. ***

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna halkara jemgyýetçilik tarapyndan BMG-niň Kararnamasyna laýyklykda, Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýän Milli bahar baýramy mynasybetli köpsanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hatlarynda bu nurana bahar dabarasynyň milli Liderimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan syýasatynyň mazmunyny özünde jemleýän rysgal-berekedi, bagtyýarlygy we abadançylygy alamatlandyrýandygyny nygtaýarlar. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez döredijilik güýjüni we halkymyzyň abadançylygynyň Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ç.Amanow, S.Berdimuhamedow, Ş.Abdrahmanow, Ş.Durdylyýew, M.Geldinyýazow, Ç.Gylyjow, R.Meredow, M.Mämmedowa, G.Müşşikow, E.Orazgeldiýew, B.Öwezow tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy

“Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 17-nji martynda çykaran 819 belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy. (TDH).

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergä hem-de Birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara

Hormatly telekeçiler! Gadyrly sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky bölümleriň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Öwezow Baýramgeldi Orazgeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi. (TDH).

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz,

Resmi habar

Türkmenistanyň Mejlisi «Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany tassyklamak hakynda», «Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda», «Iş üpjünçilik syýasaty hakyndaky 122-nji Konwensiýany tassyklamak hakynda», «Patent hukugy hakyndaky Şertnama goşulmak hakynda», «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda», «Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk institutyny esaslandyrmak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda» kararlary kabul etdi. (TDH).