Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, guramalaryňdyr edaralaryň ýolbaşçylary hatlarynda we telegrammalarynda baharyň bu nurana dabarasynyň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan syýasatynyň mazmunyny özünde jemleýän rysgal-berekedi, bagtyýarlygy we abadançylygy alamatlandyrýandygyny nygtaýarlar. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez döredijilik güýjüni, mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Milli bahar baýramy bilen Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýew, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Elýasow, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Mämmedalyýew, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Geldinazarow, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) baş konsuly A.Baýramow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly G.Garaýew, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Frank