Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu gatnaşyklaryň iki döwletiň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmakda möhüm ähmiýetli bolan desgalaryň taslamalaryny milli maýa goýumlaryň hasabyna ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, zerur enjamlar bilen üpjün etmek we goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Resminama laýyklykda, bu desga üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we gaz gysyjy desgany 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda giň möçberli özgertmeleriň, şol sanda bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylýandygy nygtalýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri ýaş türkmenistanlylaryň döwrebap bilim almaklary ugrunda döredilýän ähli şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan ähli tutumly işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy deputatlaryň adyndan Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, Belarus Respublikasynyň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan Arkadag şäherini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek, hususan-da, “akylly” şäherleriň “World Smart City Expo” atly Bütindünýä sergisine gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin Koreýa Respublikasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 1 — 7-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sanduwа we ýurduň ähli halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Maýa Sanduwа berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Moldowa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise hem-de ýurduň halkyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, onuň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli bagşyçylyk we saz sungatyny ösdürmek, kämil aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ajaýyp döwrümiziň beýik ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny wasp etmek, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan dutarçy bagşy-sazandalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy: Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Mähri Agaýusupowna Hommetnazarowa;

Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara

Garaşsyz ýurdumyzyň ýaş bagşy ýigitleri we gyzlary! Gadyrly ýaşlar!