Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo 2024» atly halkara serginiň çäklerinde Arkadag şäherine üç sylagyň — «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly sylaglaryň berilmegi mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän, ähli babatda nusgalyk Arkadag şäherine bu sylaglaryň gowşurylmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň halkara ykrarnama eýe bolýandygynyň güwäsidir. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan tutumly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Täjigistan Respublikasy döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy. Türkmenistan Täjigistan bilen hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga, sylag-hormata, birek-birege goldaw bermäge pugta esaslanýan, däp bolan dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklara uly ähmiýet berýär” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi we türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalaryň esasynda dostlukly halklaryň bähbidine mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutany Kim Çen Yna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz! Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeni syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, türkmen halkynyň aýdym-saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, zehinli aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny barha ösdürmek hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, milli sungatymyzyň aýdym-saz ugrundan döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi hem höwesjeň aýdymçy ýaşlary aýdym-saz sungatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy: Aşgabat şäher häkimliginiň “Aşgabat” döredijilik toparynyň 2-nji derejeli artisti Garýagdy Baýrammuhammedowiç Geldiýew;

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz! Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara

Garaşsyz ýurdumyzyň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary! Gadyrly ýaşlar!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Annamyradow Ş.H. hakynda Annamyradow Şöhrat Hudaýberdiýewiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

E.Ý.Aşyrow hakynda Emin Ýegenmyradowiç Aşyrowy Balkan welaýatanyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Ö.A.Goşjanow hakynda Öwezgeldi Amanberdiýewiç Goşjanowy Balkan welaýatanyň Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesine bellemeli.