Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi beýik ösüşler, belent maksatlar bilen ruhubelentlikde garşylanylýan täze ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese ýurduň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Migel Mario Dias-Kanel Bermudese tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Kuba Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni alyşmak we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2025-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy. Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar! Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi täze — 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny üstünlikli jemleýän häzirki günlerimizde Siziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyňyzyň ilkinji nusgasyny elimize aldyk. Täze kitabyňyzyň neşir edilmegi mynasybetli Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli edebi mirasymyzy öwrenmekde gymmatly gollanma boljak şeýle eserleriňiziň höwrüniň köp, döwet galamyňyzyň mundan beýläk hem ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde alyp barýan döwletli tagallalaryňyz rowaç bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara giňişlikde möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Geljek ýylyň şygary hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde sebit we ählumumy derejedäki meseleleriň oňyn çözülmegi babatda öňe sürýän teklipleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu teklipler dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar hem-de wajyp resminamalarda öz beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halklaryň arasynda parahatçylyk medeniýetini we hormat goýmak dialogyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirýän işleriniň aýdyň beýanydyr. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hatlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ynsanperwer syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belleýärler. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimizi bu şanly waka bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärler. Döwlet