HABARLAR

Geljek ynamly gollarda

Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasaty ýurdumyzyň röwşen geljegine gönükdirilendir. Çünki ak ertirleriň bagtyýarlyga we rowaçlyklara beslenmegi şu günki ýaşlara baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýmek bilen, döwletimiz, onuň geljegi bilen ýaş nesliň ykbalynyň aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýratyn nygtaýar. Ýurdumyzda ýaşlar meselesiniň döwlet derejesinde üstünlikli çözülmegi üçin berk kanunçylyk binýady döredildi. Ähli kanunçylyk namalary bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýar. Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, kanunçylygyň kepili, raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi bolup çykyş edýär. Bagt Kanunymyzyň esasynda işlenilip düzülen we kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny aýratyn orunda durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýerlikli belleýşi ýaly, bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdy. Kanunda ýaşlaryň ykdysady t

Sanly ulgam — ygtybarly ösüş

Sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşyp, olaryň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Döwletimiziň depginli ösüşini artdyrmak, şonuň bilen birlikde, durmuş-ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanylany bäri, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Döwletimizde sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi netijesinde ýurdumyz dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine goşulýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ösüşi üpjün edilýär, halkymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegine we durmuşyň eşretlerini görüp ýaşamagyna hemme mümkinçilikler açylýar.

Döwrüň möhüm talaby

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyplaryň ökde hünärmenler, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýärler. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin düzgünnamalar täzelenilip, rejelenen görnüşde kabul edildi. Şu nukdaýnazardan hem talyplara berilýän sapaklar döwrebap, netijeli ýola goýulýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine ösen tehnologiýalaryň, ylmyň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ýokary isleg bildirilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply bolan önümleriň öndürilişini artdyrmaga ýardam edýär. Bu gün iň täze tehnologiýalaryň esasynda öndürilen ýokary hilli önümlere içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.

Innowasion sanly ykdysadyýetde emeli aň

Häzirki ylym we sanly tehnologiýalar eýýamynda Türkmenistanda innowasiýalara, ylmy çemeleşmelere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen konsepsiýany we işlenip taýýarlanylan meýilnamany üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de maglumat tehnologiýalar babatynda ösdürmek, ykdysady ulgamyny sanlylaşdyrmak we döwrebap innowasiýalary, sanly maglumat tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Tehnologiýalaryň barha kämilleşýän döwründe dünýä ýüzünde adamzat durmuşyna iň soňky tehniki enjamlaryň ornaşdyrylmagy ertirki günümizde has ýeňillikli durmuşda ýaşamaga mümkinçilikleri döredýär. Ýeri gelende bellesek, ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň «Halkara okuw sapary» atly maksatnamasy bilen «Halkara ösüş baradaky agentliginiň», «Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek» taslamasy tarapyndan, «Bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar» atly okuw sapary gurnaldy. Bu okuw saparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň hünärmenleri, mugallymlary we magistrleri taýýarlamak okuwynyň talyplary hem gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň dostlukly ýurda nobatdaky saparynyň çäklerinde geçirilen okuw maslaha

«Google» Afrikany Awstraliýa bilen birikdirjek täze aragatnaşyk ulgamyny gurar

Google» Afrika we Awstraliýa yklymlaryny gönüden-göni birleşdirjek «Umoja» süýümli optiki aragatnaşyk ulgamyny gurýar. «Bloomberg» munuň dünýäniň iň az çetki künjeklerinde hem aragatnaşygyň gowulaşmagyna ýardam etjekdigini habar berdi. «Umoja» «Google» kompaniýasynyň Afrikany Ýewropa bilen birleşdirýän «Equiano» sanly torlarynyň üstüni ýetirer. Täze aragatnaşyk ulgamy ummandan Awstraliýa geçmezden ozal, Uganda, Ruanda, Kongo, Zambiýa, Zimbabwe, Günorta Afrika hem-de Keniýa ýaly ýurtlaryň çäginden geçer. Bu taslama beýleki ýurtlara täze aragatnaşyk infrastrukturasyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän giriş nokatlaryny öz içine almak bilen Afrikanyň ähli ýerlerinde ulanyljak bitewi bir ulgamy emele getirer.

Ýaşlar hünärlere ugrukdyrylýar

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesle zamanabap bilim, asylly terbiýe bermek bilen bir hatarda olara dürli ugurlar boýunça hünärler öwredilýär. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine her ýyl ýaşlaryň müňlerçesi okuwa kabul edilýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi hem hünär öwrenmäge isleg bildirýän ýaşlaryň höwes bilen okaýan bilim ojagydyr. Bu ýerde, esasan-da, dokma, himiýa, gurluşyk senagaty, nebiti we gazy gaýtadan işleýän kärhanalar hem-de maliýe-ykdysady ulgamlar üçin hünärmenler taýýarlanylýar. Mekdepde jemi on bir ugur boýunça hünär öwredilýär. Şu bilim ojagynda gerekli hünärleri öwrenen ýaşlar önümçilik kärhanalarynda göreldeli zähmet çekýärler. Hususan-da, ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mekdebiň uçurymlary göreldeli işleýärler.

Ýaş alymyň üstünlikleri

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň Guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek laboratoriýasynyň müdiri Emir Allanurow «Günbatar Türkmenistanyň känleriniň nebit guýularynyň öndürijiligini artdyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek» atly ýazan ylmy dissertasiýa işini gorap, tehniki ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine eýe boldy. Bu dissertasiýa işine Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, tehniki ylymlaryň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Rahmanguly Esedulaýew ylmy ýolbaşçylyk etdi. Nebit guýularynyň öndürijiligini artdyrmak, olaryň durnukly iş düzgünini saklamak hem-de özleşdirmegiň ahyrky döwründe ulanylýan känlerde guýularyň abatlaýyş işlerini geçirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary önümçilige hödürlemek ylmy işiň esasy maksady bolup durýar.

Ylym­syz öý — ot­suz ojak

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň baştutanly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş mak­sa­dy hal­kyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­dyr. Bu asyl­ly mak­sa­da ýet­mek­de jem­gy­ýe­tiň ru­hy dur­mu­şy­nyň tä­ze ma­ny-maz­mu­na eýe bol­ma­gy­na, mu­nuň üçin bol­sa ylym-bi­lim ul­gam­la­ryn­da düýp­li öz­gert­me­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ne uly orun de­giş­li­dir. Hä­zir­ki wagt­da bi­lim ul­ga­my­nyň me­se­le­le­ri­ne döw­let ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li üns be­ril­mek bi­len, giň göz­ýe­tim­li, tä­ze­çe pi­kir­len­me­gi ba­şar­ýan döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na dü­şün­ýän, in­no­wa­si­ýa­la­ra esas­lan­ýan yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mä­ge go­şant go­şup bil­ýän ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mek mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Hut şol se­bäp­li hem, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ylym-bi­lim ul­ga­my­ny dur­muş yk­dy­sa­dy ösü­şe kuw­wat­ly iter­gi ber­ýän, jem­gy­ýe­ti ös­dür­ýän dö­re­di­ji güýç hök­mün­de uly ala­da bi­len gur­şap al­ýar.

Ruhy baýlygyň ojagy

Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolan kitaphana işine uly üns berýär. Şeýle uly aladalaryň netijesinde kitaphana ulgamy has-da kämilleşdirildi. Welaýat merkezlerinde dünýä hil ülňülerine doly laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen kitaphanalar halkymyzyň hyzmatynda. Indi sekiz ýyl bäri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamy ýola goýlan. Kitaphanalarymyza gelýän kitaplary okyjylaryň aýawly saklamagyny gazanmak, şonuň bilen bir hatarda, halkymyzyň ruhy baýlygyny, taryhyny, medeniýetini öwrenmek, olar baradaky anyk maglumatlary halka ýetirmek, aýratynam ýaş nesillere geçirmek biziň — kitaphanaçylaryň borjy bolup durýar. Kitaphana tekjelerimiziň bezegi bolan edebiýatlaryň, ylmy eserleriň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhaslaryndan döreýän ajaýyp kitaplaryny görkezmek ýakymlydyr. Şu günler hem hormatly Prezidentimiziň döwet-galamyndan çykan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eseri okyjylarymyzda uly gyzyklanma döredýär. Kitapda Änew medeniýetiniň aýratynlyklary anyk maglumatlaryň üsti bilen beýan edilýär hem-de halkymyzyň dünýä medeniýetindäki ösüşi giňişleýin açylyp görkezilýär. Bu bolsa şöhratly taryhymyza

Miweli baglaryň ýazky idegi

Güneşe baý Diýarymyzda ezber bagbanlarymyz tarapyndan öndürilýän miweler tagamlylygy, süýjüligi we hiliniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Miweli baglardan bol hasyl almak üçin agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi zerur hasaplanylýar. Aýratyn hem baglarda agrotehniki çäreler, ideg işleri kadaly ýerine ýetirilende, olar gysga döwürde hasyla durýarlar we oňat hasyl berýärler. Munuň üçin oturdylýan nahallaryň gowy hilli bolmagy zerur.