HABARLAR

Ylym dünýäsiniň ägirdi

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary indi üç asyr bäri halkymyzyň dilinden düşmän, islendik durmuş meselesinde dogry çözgüde gelmäge ýol görkezýän şamçyrag, älem-jahan barada bilimleri öwrenmäge mümkinçilik berýän paýhas akabasy hökmünde görülýär. Halkymyz şahyryň goşgularynda häzirki döwre çenli dünýä ylmy tarapyndan öwrenilen hadysalaryň we çözülmedik syrlaryň kändigine ynanýar. Beýik filosofyň döredijiligi bilen içgin tanşanyňda, bu pikiriň hakykatdygy äşgär bolýar. Çünki Magtymgulynyň goşgularynda takyk ylymlaryň kadalaryny düşündirýän setirler hem az däl. Magtymguly Pyragy goşgularynda Ýer togalagynyň we asman giňişliginiň gurluşy barada gymmatly maglumatlary getirýär. Akyldaryň «Bu dünýä» diýen goşgusynda:

Biotehnologiýa — ylmyň möhüm ugry

Döwrebap ykdysady ösüş, esasan, üç ugur, ýagny biotehnologiýa, nanotehnologiýa hem-de maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda innowasion tehnologiýalaryň esasynda ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak babatda ýokary derejeli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 10-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli Karara gol çekip, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamagy ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işlere täze depgin berdi. Biotehnologiýa mikroorganizmleri senagatda ulanmaga gönükdirilen innowasion ylmy-tehnologik ösüşiň wajyp ugurlarynyň biri bolmak bilen, ylmyň we önümçiligiň çalt ösýän köptaraplaýyn hem-de toplumlaýyn pudagyna öwrüldi. Biotehnologiýa senagat biotehnologiýasyny, genetik we öýjük inženeriýasyny öz içine alýar. Ol oba hojalygynda, senagatda we gündelik durmuşda ulanylýan serişdeleri almakda, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda ykdysady taýdan bähbitlidir.

Durnukly ösüşde ýaşlaryň orny

Öňňin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy-taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu bäsleşik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýerli hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi. Indi ikinji gezek guralan bäsleşigiň esasy maksady ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, ýerli we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary has işjeňleşdirmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnygyny, ylmy gözleglere, hünäre höwesini artdyrmakdan ybaratdyr. Onuň birinji tapgyryna ýurdumyzyň hem-de Özbegistan, Russiýa, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Koreýa, Latwiýa, Malaýziýa, Polşa, Çernogoriýa, Sloweniýa döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinden 130 iş hödürlenip, olar eminler topary tarapyndan içgin seljerildi. Ikinji tapgyra 38 sany ylmy-taslama işi saýlanyp alyndy. Onuň netijeleri boýunça 19 awtor ýeňiji diýlip yglan edildi. Olaryň 5-si daşary döwletleriň, 14-si ýurdumyzyň ýokary okuw me

Abu Aly ibn Sinanyň ylmy döredijiliginiň gymmatlygy

Güljemal ANNABAÝEWA«Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnalyň baş redaktory Abu Aly Huseýin ibn Abdallah ibn al Hasan ibn Aly ibn Sina (latynça ady Awisenna) Orta Aziýanyň görnükli dünýä belli lukmany, filosofy, ýazyjysy, tebigaty öwreniji alymydyr. Ol 980-1037-nji ýyllarda ýaşap geçipdir. Abu Aly ibn Sina Buharanyň golaýyndaky Afşana obasynda dogulýar. Çagalygyny we ýaşlygyny Buharada geçirýär, öz döwrüniň tejribeli alymlaryndan ylahyýet, filosofiýa, matematika, lukmançylyk ylymlaryny öwrenip, ylmy we amaly lukmançylyk işine başlaýar. Abu Aly Ibn Sina ökde lukman hökmünde gysga wagtda abraý gazanmany başarýar we emir Nuh ibn Mansury üstünlikli bejerenligi üçin alyma emiriň köşgündäki kitaphanada saklanýan golýazmalardan peýdalanmaga rugsat berilýär. Bu ýerde alym poeziýa, filosofiýa, matematika, geologiýa, astronomiýa, tebigy ylymlary, esasanam, lukmançylyk ugurlary boýunça bilimini artdyrýar. Samanidleriň häkimliginiň ýykylmagy bilen alym bu ýerde alyp barýan üstünlikli lukmançylyk we tebipçilik işini tamamlamaly bolýar. 1002-nji ýylda Ibn Sina Horezmiň paýtagty Gürgenje (häzirki Ürgenç) göçýär we Şah Mamunyň köşgünde ýaşap, ylymlary öwrenmegini dowam edýär. 1007-nji ýyldan başlap Horasanda, 1012-nji ýylda Ispyhanda we Hamedanda ýaşap, Hamedanyň hökümdar

Biotehnologiýanyň toplumlaýyn ösüşi

Döwlet Baştutanymyz ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran Alym Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, ylym we bilimi ýurdumyzyň öňe gitmeginiň binýatlyk esasy hasaplaýar. Ylmy esasly, okgunly özgertmeler eziz Watanymyzyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna ýardam berýär. Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu maksatnamanyň esasy wezipesi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 

Ylym — ösüşleriň binýady

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda giňden bellenip geçiljek seneleriň biri-de Ylymlar günüdir. Güneşli diýarymyzda bu sene ýylyň-ýylyna baý many-mazmunly çärelere sepleşip, giňden dabaralandyrylýar. Munuň özi ýönelige däldir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda bellenilişi ýaly, «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir». Şonuň bilen baglylykda, bu gün ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlandyrylmagyna uly üns gönükdirilýär, ýurdumyzda ylmyň dünýä derejesinde laýyk getirilmegine ähmiýet berilýär, ylym-bilim maksatly gurulýan binalar giň gerimler bilen ýaýbaňlandyrylýar. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurdaky taýsyz tagallalar ösen tehnologiýalardan habarly, giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegine itergi bolýar.

Ruhy çeşmä öwrülen şahyrana dünýä

Her alymyň baş maksady, ylmy ýörelgesi, saýlap alan temasy bolýar. Ol öňünde goýan şol maksadyna ýetmäge çalyşýar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedow hem alymlara mahsus edebiýaty öwreniş ylmynyň çylşyrymly, şol bir wagtda jedel döredýän ägirt uly meselelerini ylmy taýdan barlamagy özüniň baş maksady edip goýýar. Irginsiz ylmy gözlegleriň netijesinde, alym türkmen edebiýatynyň nazaryýetine, taryhyna, şu gününe degişli möhüm meseleleriň onlarçasyny çözýar. Biz halypa alym Muhammetguly Amansähedowy nusgawy edebiýaty, edebiýatyň nazaryýetini ilik-düwme bilýän alym hökmünde tanaýarys. Ol edebiýatyň nazaryýetiniň milli aýratynlyklaryny, kemala geliş, ösüş ýollaryny halypalary Aman Kekilowyň, Öde Abdyllaýewiň, Rahman Rejepowyň, Muhammetnazar Annamuhammedowyň edebi taglymatynyň esasynda täzeçe işlemegi we türkmen edebiýatynyň milli nazary esaslaryny döretmegi başardy. Ýönekeýlikden çylşyrymlylyga, giňlikden çuňluga gitmek Muhammetguly Amansähedowyň iş usuly. Ol haýsydyr bir möhüm meseläni ylmy taýdan barlajak bolsa, edebiýatyň kerwenbaşylaryna ýüzlenýär we meseläniň milli aýratynlyklaryny ylmy taýdan ykrar edýär. Alym ylmy gözlegleriniň başyny häzirki za

Gymmatly neşire sözbaşy ýazan

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine gezek gelende, kakam Myratgeldi Söýegow bizden örän düşünjeli sözlemegi talap ederdi. «Magtymgulynyň şygyrlary biziň üçin uly bir durmuş mekdebidir» diýerdi. Onuň goşgularyndan ýat tutmagy sargardy. Arada kakamyň şahsy arhiwinde saklanýan Magtymguly Pyragy baradaky tekstleri tertipläp otyrkam, öňümden şu makalasy çykdy. Makalany edebi neşirimiziň okyjylaryna hödürlemegi makul bildim. Aýna SÖÝEGOWA, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň mugallymy.

Kynçylykly döwürdäki ruhy hemaýat

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne setirleri watançylygyň we belent ahlaklylygyň, ruhubelent ýaşaýyş durmuşynyň mizemez ýörelgeleriniň waspçysy bolup, ynsan kalbynyň töründe müdimilik orun almagy başardy. Onuň şygyrlarynyň gadyr-gymmaty il-günüň başyna hupbat bolup inen 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda aýratyn ähmiýete eýe bolupdy. 1940-njy ýylyň 17-nji maýynda Magtymguly Pyragynyň ýubileýini bellemek hakynda döwlet derejesinde möhüm karar kabul edilipdir. Şu karardan ugur alyp, şol wagt SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan filialynyň Taryh, dil we edebiýat instituty diýlip atlandyrylan ylym ojagynyň alymlary gysga wagtyň içinde Magtymgulynyň edebi mirasyny toplamakda aýratyn tapawutlanypdyrlar. Bu babatda görnükli edebiýatçy alym Ahmet Ahundow-Gürgenliniň (1909-1943 ý.ý.) bitiren hyzmaty aýratyn ýatlanylmaga mynasypdyr.

Binagärlik sungaty: däp bolan ýörelgeler we häzirki zaman meýilleri

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde guralan wekilçilikli forum Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Ylymlar gününe bagyşlandy. Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata gatnaşmaga Azerbaýjanyň, Belarusuň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Malaýziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr professorlary, halkara guramalaryň, ýurdumyzda işleýän belli gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri çagyryldy.