HABARLAR

Ylym — adamzadyň röwşen geljeginiň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýoludyr”. Şu nukdaýnazardan bu gün ýurdumyzda ylym binýadyny pugtalandyrmakda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ägirt uly ylmy-döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek, alymlarymyzyň täze ylmy açyşlarynyň, oýlap tapmalarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegini hem-de ýurdumyzyň ylym ulgamynyň dünýäniň ylmy giňişliginde üstünlikli goşulmagyny gazanmak babatdaky bimöçber işleri ulus-ilimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda her ýylyň 12-nji iýuny milli senenamamyzda Ylymlar güni hökmünde orun aldy. Halkymyz indi ençeme ýyldan bäri Ylymlar gününi giňden dabaraly belläp geçýär. Şu sene mynasybetli ylmy maslahatlar geçirilýär, bäsleşikler guralýar. Ylmy ösdürmek, alymlarymyzy goldamak we höweslendirmek maksady bilen ýaş alymlaryň arasynda guralýan ylmy işleriň bäsleşigi hem şeýle çäreleriň biridir. Bu bäsleşigiň ýaşlarymyzyň öwrenmegi, döretmegi, ylmy işler bilen meşgullanmagy we täze açyşlary etmegi babatdaky ähmiýeti örän uludyr.

Ylym we innowasiýalar — ösüşiň esasy şerti

Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda milli senenamamyzyň möhüm seneleriniň biri bolan Ylymlar gününe bagyşlanyp «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan forum türkmen alymlary, mugallymlary we ýaş ylmy işgärleri bilen bir hatarda, halkara guramalaryň, dünýä belli ylmy merkezleriň, daşary döwletleriň öňdebaryjy ylmy-tehnologiýa parklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda” Karara gol çekdi. Bu çözgüt “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, amaly ylmy işleri alyp barmak, ylmyň gazananlaryny we önümçiligi utgaşdyrmak, ylmy esasda senagat pudagyny ösdürmek, tehniki ölçegleri döwrebaplaşdyrmak üçin zerur binýady döretmek maksady bilen kabul edildi. Tehnologiýalar merkeziniň täze hukuk ýagdaýy alymlara we inženerlere dünýäniň abra

Ylym we innowasiýalar — ösüşiň esasy şerti

Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda milli senenamamyzyň möhüm seneleriniň biri bolan Ylymlar gününe bagyşlanyp «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan forum türkmen alymlary, mugallymlary we ýaş ylmy işgärleri bilen bir hatarda, halkara guramalaryň, dünýä belli ylmy merkezleriň, daşary döwletleriň öňdebaryjy ylmy-tehnologiýa parklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda” Karara gol çekdi. Bu çözgüt “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, amaly ylmy işleri alyp barmak, ylmyň gazananlaryny we önümçiligi utgaşdyrmak, ylmy esasda senagat pudagyny ösdürmek, tehniki ölçegleri döwrebaplaşdyrmak üçin zerur binýady döretmek maksady bilen kabul edildi. Tehnologiýalar merkeziniň täze hukuk ýagdaýy alymlara we inženerlere dünýäniň abra

Ylmyň mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar

Sowatlylyga, ylym-bilime sarpa goýýan halkymyzyň nusgalyk ýörelgeleri ýaş nesliň ylym ýolundaky üşük-zehininiň ýitelmegine itergi berýär. Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ägirt uly ylmy mümkinçilikleri bolan giň dünýägaraýyşly we täzeçil tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksadaokgunly, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky», «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi hakyndaky», «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny döretmek hakyndaky» Karardyr Permanlary, şeýle-de «Ylmy işgärleriň hukuk ýagdaýy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda ylym ulgamynyň netijeli ösdürilmeginiň berk binýady boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümindäki ylmy edaralarda, ýokary okuw mekdeplerinde aspiranturalaryň, doktoranturalaryň, kliniki ordinaturalaryň açylyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary derejeli, ylmy taýdan taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek işleriniň ýola goýulmagy hem täze ösüşlere itergi berýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy daşary ýurt tehnologiýalarynyň önümçilige, ylym-bilim ulgamyna we beýleki ugurl

Ylym — beýik ösüşleriň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda ylym-bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň baş maksady hökmünde kesgitlenilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulmagyny üpjün etmek, ylym taýdan ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi öňde goýulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän köptaraply başlangyçlarynda, uludan tutulýan döwletli tutumlarymyzda hemişe ylma daýanylýar. Şonuň üçin «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan işlerde ylmyň ygtybarly görkezijilerine esaslanylýar. Şoňa baglylykda, ýurdumyzda ilki bilen, ylym-bilimiň ileri tutulýan esasy ýörelgeleri kesgitlenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilimlere we innowasiýalara daýanylyp, ýurdumyzda ylym-bilimi has-da ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy giňişliginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak babatda uly tejribe toplanyldy. Döwrebap tehnologiýalara, düýpli ylymlara esaslanýan innowasion ösüşli ykdysa

Kämilligiň berk binýady

Golaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň ýurduň ykdysadyýetinde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak hem-de «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion taslamalara işjeň gatnaşmagyny gazanmak, innowasion önümleriň önümçiligini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hem-de ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky diýip atlandyrmak bellenildi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda ylmy barlaglaryň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meselelerine uly ähmiýet berildi. Şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň, ylym-bilimiň ýokary ösüş derejesiniň dürli ugurlarda alymlaryň özara hyzmatdaşlygyna, saglygy goraýyş we

Belent üstünlikleriň gözbaşy

Ýurdumyzda innowasion ösüşiň ýoluna gadam basylmagy, durmuşyň we önümçiligiň ähli ugurlaryna ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ýaşlaryň diňe bir giň nazaryýet gözýetimini däl-de, eýsem, dürli görnüşdäki hünär wezipelerini çözmäge döredijilikli çemeleşmegini talap edýär. Ýurdumyzyň geljegi ýaşlar bilen baglydyr, munuň özi olaryň ylymdan ýüküniň ýetik bolmagynyň zerurlykdygyny aňladýar. Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaş alymlaryň, ylmy işgärleriň ylmy-barlag işlerini geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň yhlasly zähmeti, zehin baýlygy, maksada okgunlylygy bilen gazanýan bilimi we ylmy röwşen geljegimiziň ygtybarly gollardadygyny görkezýär. Okamaga, öz saýlap alan hünäriňe eýe bolmaga, döretmäge ähli ýollaryň açyklygy hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin edýän tagallalarynyň bimöçberdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bilim-ylym ulgamynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda berkidilen ynsanperwer kadalarynyň durmuşa geçirilmegi, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, milli miras bilen döwrebaplygyň sazlaşykly utgaşdyrylmagy ylym-bilimiň ähli ösüşlerimiziň gözbaşy bolup durýandygyny görkezýär

Ylym halkyň hyzmatynda

Şu gün eziz Diýarymyzda uly dabaralara beslenip Ylymlar güni toýlanýar. Bu baýram ýurdumyzda eýýäm 18-nji gezek, ýagny 2007-nji ýyldan bäri alym Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy esasynda giňden bellenilýär. Sebäbi ylym biziň ähli ösüşlerimiziň binýady. Ylym — döwletiň kuwwatyny we geljegini kesgitleýän esasy gymmatlyk. Ylym — her birimiziň dünýägaraýşymyzy emele getirýän, akyl işjeňligimizi artdyrýan, dürli meseleleri dogry çözmäge ýardam berýän uly güýç. Şonuň üçin alym Arkadagymyz hem-de alym Prezidentimiz milli ylym ulgamynyň yzygiderli ösmegine degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýarlar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz özüniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ýaşaýşa düşünmegiň we öňe ilerlemegiň, ösüşiň özeninde ylym-bilim ýatyr», «Ylym — köňül çyragy. Ol çyraglary öz köňlüňizde hem-de perzentleriňiziň kalbynda başardygyňyzça köp ýakjak boluň! Şonda ykbal ýollaryňyz aýdyň bolar» diýip belleýär.

Halkara maslahat tejribe mekdebi

Ýaş nesle bilim bermekde döwrebap usullary özleşdirmek şu günki halypalarymyzyň hem, geljekki mugallymlar hökmünde biziň hem öňümizde durýan ilkinji nobatdaky esasy borç. Ýakynda Ylymlar güni mynasybetli baýry ýokary okuw mekdebimizde geçirilen halkara onlaýn ylmy maslahaty hem şu wezipä bagyşlandy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde geçirilen maslahat «Ylym-bilim XXI asyrda» diýlip atlandyryldy. Adyndan hem mälim bolşy ýaly, döwrümiziň iň täze gazananlaryny ylym we bilim pudaklaryna ornaşdyrmagy, bu babatda tejribe alyşmagy maksat edinen maslahata dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň alymlaryndan hem isleg uly boldy. Şeýlelikde halkara maslahat ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň we Germaniýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýän pedagog alymlarynyň tejribe meýdançasyna öwrüldi.

Ösüşleriň esasyny düzýän gymmatlyk

Ylym ýurduň ösüşleriniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde onuň durmuşynda möhüm orny eýeleýär hem-de dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynda esasy şert bolup durýar. «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr» diýip, örän jaýdar belleýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ylmyny hil taýdan täze, ösüşiň dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary halkymyzyň we döwletiň durmuşynyň gündelik meselelerini çözmäge gönükdirmek babatda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da ykdysady, syýasy, medeni ugurlarda bolşy ýaly, ylym ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ulgamda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine döwlet derejesinde uly goldaw berilýändigi, bu ugurda daşary ýurtlaryň degişli düzümleri bilen gatnaşyklaryň ýola goýulýandygy we ösdürilýändigi, ýurdumyzda halkara derejedäki ylmy maslahatlaryň, forumlaryň yzygiderli geçirilýändigi munuň aýdyň güwäsidir.