HABARLAR

Ylym — belentlige badalga

Parasatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmek, ýaşlarymyzyň häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna erk edip bilmegini gazanmak ýaly meselelere uly ähmiýet berýär. Bu babatda milli Liderimiz: «Halkymyzyň «Okaýan il ozar» diýen ajaýyp pähimi bar. Şoňa görä-de, ylym we bilim ulgamlaryny düýpli özgertmek hem-de kämilleşdirmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu ulgamlar ýurdumyzyň täze belentliklere tarap öňe gitmeginiň, bilim bermegiň dünýä derejesine çykmagynyň hem-de ýaş nesilleri terbiýelemegiň düýpli esaslarynyň biridir» diýip belleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň täze taryhy eýýamynda ylym ulgamyny ösdürmäge, ýaşlarymyzyň döwrebap derejede bilim we hünär öwrenmegine, ylmy işler bilen meşgullanmagyna, şeýle hem olaryň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşmagyna hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berilýär.

Ahlak kadalary

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem şol uly işleriň biridir. Bu Kanun döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna talaplary ýokarlandyrmaga gönükdirilendir we döwlet gullukçysynyň hünär işini mynasyp amala aşyrmagy üçin onuň umumy etiki kadalaryny we özüni alyp baryş düzgünlerini belleýär diýlip, Kanunyň girişinde beýan edilýär. Kanun 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilip, ol dört bapdan, on alty maddadan ybaratdyr. Kanunyň maddalarynda döwlet gullukçylarynyň gulluk özüni alyp barşynyň ýörelgeleri, düzgünleri, hünär etikasy, gulluk etikasy we başga-da birnäçe kadalar öz beýanyny tapýar. Milli kanunçylygymyzda döwlet gullukçysy — bu döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen wezipäni eýeleýän we döwlet gullugynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan Türkmenistanyň raýaty hasap edilýär.  Bu Kanunda bellenilişi ýaly, döwlet gullukçylary wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde kanunylyk ýörelgesini, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ta

Adam­za­dyň iň uly baý­ly­gy

Her bir ösen ýurduň ösüşiniň syry bilen gyzyklanyp göreniňde, ozaly bilen, ilkinji orunda ylmyň durandygyna göz ýetirýärsiň. Jemgyýetiň ruhy we ahlak medeniýetiniň ýokarylygy-da şu hakykat bilen baglanyşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ylym adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň özenini düzýän gymmatly baýlyklaryň biridir» diýen parasatly sözleri çuňňur many-mazmuny özünde jemleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli ylym ulgamynyň özünde uly mümkinçilikleri jemleýändigi şübhesizdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, dünýäde ylmyň soňky gazananlary esasynda döredilen innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzda bu ugurlara düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Şol bir wagtda Türkmenis

Himiýa instituty: aýdyň maksatlar, giň mümkinçilikler, oňyn netijeler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ylym ulgamy dünýä derejesinde ösdürilýär. Öňdebaryjy tejribeler, ylmyň gazananlary ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda dünýä ülňülerine laýyk gelýän binýatlyk ylym ulgamynyň döremegi üçin ýurdumyzyň ähli ylmy-barlag edaralaryny iň kämil tehnologiýalar, kompýuter we barlaghana enjamlary bilen doly üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Muny TYA-nyň Himiýa institutynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň mysalynda hem aýtmak bolar. Biz şular dogrusynda gyzyklanyp, Himiýa institutynyň alym kätibi Akjagül Saparowa bilen söhbetdeş bolduk. — Akjagül, ilki bilen, institutyňyzyň durmuşyndaky täzelikler hem-de alnyp barylýan işler bilen tanyşdyraýsaňyz!

Ylym — ösüşleriň hereketlendirijisi

Ylym — häzirki zaman jemgyýetini ösüşlere iterýän güýç. Bu güýji artdyrmaga sarp edilen tagallalar döwletiň ynamly öňe gitmeginiň subutnamasy bolup durýar. Ulgamy ösdürmeklige aýratyn üns berlip, okgunly ylmy-tehnologik ösüş üçin zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz ylmyň we bilimiň üstünliklerimiziň binýadydygyny belläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly giň möçberli maksatnamalaryň hem-de meýilnamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtaýar. Şunda biz öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanýarys. Biz olary halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna ornaşdyryp, özümiziň ykdysady, syýasy, medeni we bilim kuwwatymyzy artdyryp, ata Watanymyzy okgunly ösüş ýoly bilen öňe alyp barýarys. Hut şoňa görä-de, milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri ― täzeçe pikirlenýän alymlaryň neslini terbiýeläp ýetişdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dü

Ylym we tehnika — ösüşleriň hereketlendirijisi

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 16-njy iýunynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitinde çykyş etmegi halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. XXI asyr ylym we tehnologiýalar asyry bolup, olar adamzat durmuşyna düýpli täsir edýär. Häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ylmyň gazananlaryna uly orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, adamzadyň iň uly baýlygy ylym we bilimdir. Ylym-bilim kämilligiň, rowaçlygyň, bagtyýarlygyň, röwşen geljegiň açarydyr. Jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir. Şonuň üçin hem halkara guramalar ylym we tehnologiýalar boýunça agza döwletleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmegi esasy maksatlaryň hatarynda kesgitleýärler.

Ilkinji menziliň üstünlikleri ýaşlary ylym älemindäki geljekki uly maksatlara ruhlandyrýar

Türkmenistan ylymlar ýurdy. Döwletimizde ylym-bilim ulgamy gülläp ösýär, has-da rowaçlanýar. Bagtyýarlyk döwrüniň üstünlikleridir. hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen degişli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ýokary hilli bilim almagyna hem-de ählitaraplaýyn kämil ösmegine, ylym bilen giňden meşgullanmaklaryna mümkinçilik berýär. Ylym kämillige ýol açýar. Muny adamzadyň geçen durmuş ýoly hem doly subut edýär. Çünki ynsanyýetiň bu günki gazananlarynyň ählisi ylmyň netijesi bolup durýar. Ylym — adamy kämilligiň çür başyna çykarýar. Bu bolsa häzirki zaman şertlerinde islendik bir döwletiň geljegi bolan ýaşlary ussat hünärmenler edip ýetişdirmekde ylmyň möhüm ornunyň bardygyny kesgitleýär. Degişli ugurda ata Watanymyzda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde türkmen ýaşlarynyň arasynda her ýylda geçirýän ylmy işler boýunça bäsleşigi hem doly güwä geçýär.

Alym bolsaň, Älem seniňki

Ata-babalarymyz «Alym bolsaň, älem seniňki» diýipdirler. Ylym dünýäsine girip alym diýen belent derejä ýetmek üçin öňüňde uly maksatlary goýýarsyň. Şol maksadyň hasyl bolmagy geljekde has uly üstünliklere ruhlandyrýar. Biz muny ýurdumyzda alymlaryň täze neslini — ýaş alymlary kemala getirmekde geçirilýän bäsleşikde hem aýdyň görýäris. Ýakynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini hormatly Prezidentimiziň adyndan Şahadatnamalar we gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Maňa hem bu bäsleşikde mediýada sanly ulgamyň ähmiýeti barada ýazan ylmy işim bilen ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Şu bagtyýar pursatlarda ylym dünýäsinde ilkinji ýeňişleri gazanan ýaş alymlaryň käbiriniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Nesilleriň aladasy

Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga, şeýle hem ýaşlaryň jemgyýetde özlerini doly ykrar etmeklerine gönükdirilen durmuş-ykdysady hem-de hukuk çäreleriniň ulgamy bolup durýar. Medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, nebitgaz, oba hojalygy, senagat ulgamlarynda zähmet çekýän, harby we hukuk goraýjy edaralarynda gulluk edýän ýaşlaryň zehinleri, başarnyklary, hünärleri we başlangyçlary, işjeňligi, jemgyýete zerur hünärleri özleşdirmäge bolan ruhy we maddy islegleri höweslendirilýär.

Ylym ulgamy döwrebap ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berilýär. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenip, bu ugurlarda ylmy-barlag işlerini kämilleşdrmek, dünýä derejesine laýyklykda giňeltmek wezipesi öňde goýuldy. Jemgyýetçilik aňynyň iň çalt ösýän görnüşi bolan ylmyň gazananlarynyň durmuşa giňden ornaşdyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny berkidip, medeni derejesini baýlaşdyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylym ulgamynyň hukuk binýady berkidilýär. Ylmyň ileri tutulýan ugurlaryna nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary degişlidir. Döwletimizde ylym we innowasiýa işleriniň ösdürilmegi, ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlarynyň tapgyrlaýyn durmuşa ornaşdyrylmagy, tebigy, takyk hem-de durmuş-ynsanperwer ylymlarynyň ösdürilmegi we bilimleriň özleşdirilmegi üçin zerur şertler döredilýär. Bu babatda ylmy-barlag işleriniň alnyp barylmagy döwletimiziň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge,