HABARLAR

Nebitgazçy halypany ýatlap...

Ilşat — ýaş alym

Adamzadyň durmuş ýoluna ýagty saçýan, ony eşretli hem-de lezzetli ýaşaýşa gönükdirýän zat ylymdyr. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan merdana halkymyz ylma hemişe aýratyn sarpa goýupdyr. Milli Liderimiziň taýsyz aladalary netijesinde ýaşlaryň diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Şol oňyn şertlerden göwünleri galkynýan ýaşlar ata Watanymyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşlerini äleme ýaýmaklyga mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ugur ― kämillige tarap

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň, gazanylýan üstünlikleriň, ykdysadyýeti, medeniýeti ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, raýatlaryň geljegini kepillendirýän ynsanperwer konstitusion gurluşy döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de beýik başlangyçlary bilen baglanyşyklydyr. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, ylym ulgamynda hem giň gerimli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Olaryň baş maksady Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekden, innowasion tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrmakdan, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň ylym ulgamyny 2020—2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynda bu ugry döwür bilen aýakdaş ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň uly toplumy göz öňünde tutulýar. Ol ylmyň dürli ugurlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizde ýokary netijeliligiň gazanylmagyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin utgaşykly sanly tehnologiýalary ýola goýmak ýaly derwaýys wezipeleri öz içine alýar. Biziň institutymyzda geljekde şu wezipeleri durmuşa geçirjek hünärmenler taýýarlanylýar. Ola

Dalaşgärlere diýjeklerim...

Tomus paslynyň güneşli günlerini islendik wagt ýatlanyňda hem, köplenç, gyzykly gezelençler, dynç alyş, deňiz, oba durmuşy ýadyňa düşýär. Emma orta mekdebi tamamlan uçurymlar hem-de ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmäge taýýarlanýan ýaşlar üçin bu pasyl aýratyn täsirlere eýe. Tomus olara ýüreklerinde beslän arzuw-hyýallaryna — öz saýlap alan hünärlerine ýetmek üçin az wagtyň galandygyny ýatladýar. Sebäbi sanlyja wagtdan iň bir tolgundyryjy möwsüm — giriş synaglary ýetip gelýär. «Talyp» diýen belent ada eýe bolmak niýeti bilen resmi iş kagyzlaryny tabşyran dalaşgärler üçin bu pasyl aýgytlaýjy pursatlaryň biridir. Hemişe bolşy ýaly, okuwymyzy tamamlap, tejribelik geçýän günlerimiz ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resmi iş kagyzlarynyň kabul edilip başlanýan döwrüne gabat gelýär. Köpçüligiň üýşýän ýerlerindäki gürrüňlere diň salsaň-da, döwürleýin neşirleriň sahypalaryna göz aýlasaň-da, «Dalaşgär — 2021» diýen sözlere gabat gelmek bolýar. Her gezek ýokary okuw mekdebimiziň resminamalary kabul edýän bölüminiň ýanynda gözleri uçgunly dalaşgärlere nazarym kaklyşanda, birnäçe ýyl mundan ozal özümiňem şo-ol ajaýyp duýgulara berlen günlerimi ýatlaýaryn.

Magdan ýataklary özleşdirilende amatly dag senagat usullaryny emele getirmek

Galyndynyň köp mukdarda bolmagy ulanylýan tehnologik gurluşyň kämil däldiginiň görkezijisi bolup durýar. Şonuň üçin peýdaly komponentleri has toplumlaýyn we doly çykaryp almakda tehniki serişdeleri we tehnologiýalary döretmek we ulanmak gerek. Dag önümçiliginde gaty, suwuk we gaz görnüşli galyndylar emele gelýär:

«Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda Çary Paýtykow

Gazetimiziň şu günki myhmany —  «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň esasy ylmy işgäri, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory, ylmy makalalaryň 83-siniň (3-si monografiýa), şeýle hem golýazma işleriniň 30-synyň awtory Çary Mommyýewiç PAÝTYKOW. Ol Türkmenistanda nebitiň we gazyň geologiýa-gözleg işlerini ösdürmegiň bäşýyllyk toplumlaýyn maksatnamalaryny işläp taýýarlaýjy iri ylmy toparlara ýolbaşçylyk etdi. Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ýataklaryny açmaga goşan goşandy üçin Çary Paýtykow SSSR-iň Geologiýa ministrliginiň «Geologiýa gözleg-barlag işleriniň ezberi» diýen döşe dakylýan nyşany bilen sylaglanyldy, 2012-nji ýylda geologiýa ylmyny we geologiýa gözleg işlerini ösdürmäge goşan goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanyldy, 2014-nji ýylda bolsa, oňa «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly at dakyldy.

Türkmen arheologiýasynyň meşhur alymy

Gadymy Marguş döwletiniň taryhy barada söz açylanda, meşhur arheolog, Türkmenistanyň hormatly raýaty, akademik Wiktor Iwanowiç Sarianidi hakydaňda ör-boýuna galýar. Ol ömrüniň 60 ýyldan gowragyny Türkmenistanyň arheologiýa ýadygärliklerini öwrenmeklige sarp etdi. Alym-arheolog, esasan hem, Garagumuň çäge syrgynlarynyň astynda gömlüp galan, bürünç eýýamynyň Merkezi Aziýadaky iň uly şäheriniň — Goňurdepäniň üstüni açdy we tas 40 ýyllap şol ýadygärlikde giň gerimli arheologiýa gözleg işlerini alyp bardy. Şol gazuw-barlaglara köp ýyllaryň dowamynda onlarça arheologlar, ýüzlerçe gazuwçy işgärler, şol sanda Oraz Babakow, Tirkeş Hojanyýazow, Ejegül Myradowa, Berdi Ödemyradow ýaly belli alymlarymyz we beýlekiler gatnaşdylar. Eýsem, bu syrly hem-de täsin ýurt nähili atlandyryldyka? Alymlaryň köpüsi onuň otparazlaryň mukaddes kitaby hasaplanylýan «Awestada» ady agzalýan Mouru, biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllygyň ortasyndaky meşhur Bisütün ýazgylaryndaky Marguşdygyna berk ynanýarlar. Taryhçylaryň adaty gürrüňçiliginde, pikir alyşmalarynda bolsa, «Marguş» we «gadymy Margiana» diýlen iki düşünje bir manyda ulanylýar.

Nebitiň bugaryp gidýän ýeňil fraksiýalarynyň mukdaryny azaltmak

Türkmenistanyň çäginde nebiti we nebit önümlerini saklamak üçin 500÷5000 m3 göwrümli dik polat rezerwuarlar (çelekler) ulanylýar. Olaryň gurluşy we goşmaça ulanylýan enjamlaryň işleýiş mümkinçiligi Ýewropa sebitindäki 300C temperaturadan ýokary bolmadyk howa şertine niýetlenendir. Rezerwuaryň içki gurluşy nebit we nebit önümleriniň üstüni örtüji pontondan (saldan) ýa-da ýüzýän beýleki örtüklerden peýdalanmaga mümkinçilik bermeýär. Galyberse-de, nebitiň ýeňil fraksiýalarynyň (düzüm bölekleriniň) bugarmasyny azaltmak maksady bilen rezerwuaryň üçeginde 200 Pa artykmaç basyşy döretmek üçin niýetlenen «dem alyş» goraýjy klapanlar we beýleki serişdeler oturdylýar. Olar üçege agram salyp, onda poslama hadysasyny tizleşdirýän artykmaç mehaniki güýjenmäni döredýär. Geçirilen seljermeleriň netijelerinden mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäginde polat rezerwuarlarda nebit we nebit önümleri saklananda, birnäçe kynçylyklar ýüze çykýar. Olardan nebit alnanda, «dem alyş» klapanyň üsti bilen düzüminde suw bugy bolan howa rezerwuaryň içine girýär. Gijelerine ýa-da daşarky howanyň sowuk şertinde suw bugy suwuk hala geçip, rezerwuaryň üçeginde we onuň içki diwarynda damja görnüşinde çökýär. Bu bolsa polat rezerwuaryň poslamagyna getirýär. Rezerwuaryň üçegi

Elektrohimiki elementleriň ulanylyşy

Elektrohimiýanyň döremegi ýa-da başgaça aýdanyňda, energiýanyň himiki we elektriki görnüşleriniň oýlanyp tapylmagy, esasan, gadymy Parfiýa we Merw döwürlerine degişlidir. Ata-babalarymyzyň üzüm şerbetini, sirkäni bişirilen toýun palçykdan ýa-da metaldan ýasalan küýzejiklerde saklandyklaryny çaklamak mümkin. Olar içi sinkli metal gabyň içine başga metaldan ýasalan susagy salmak bilen, gap bilen susagyň galtaşmazyndan ozal, olaryň arasynda özara himiki täsirleşmäniň ýüze çykýandygyny görüpdirler. Alhimikleriň aglabasynyň häzirki Türkmenistanyň çäklerinde ýaşandyklary çaklanýar. Sebäbi biziň ýurdumyz himiki elementlere, hususan-da, kükürde, ýoda, broma, kümşe, mise we beýleki metallara baý ýurt.

Gadymy türki kowumlaryň ynançlary

Geçmiş edebiýatda «totemizm» adalgasyna aýratyn orun berilýär. Totemizm — bu gadymy adamlaryň öz gelip çykyşyny, ýagny özleriniň nesilbaşysyny haýsydyr bir haýwan ýa-da ösümlik bilen baglanyşdyrmaklary netijesinde dörän ynançlary aňladýar. Ylmy edebiýatda gadymy türki kowumlaryň, şol sanda türkmenleriň ata-babalary hasaplanylýan oguzlaryň hem toteminiň gök böri (möjek, gurt) bolandygy barada deliller, maglumatlar az däl. Şeýle garaýşyň yzy häzirki türkmen dilinde ulanylýan käbir nakyllardyr atalar sözlerinde we söz düzümlerinde gabat gelýär. Mysal üçin, «Gurt ýüzi — mübärek» diýen nakyly döreden eždatlarymyz gurdy guta deňäpdirler. «Gut» sözi bolsa, edebiýatçy alym Ahmet Bekmyradowyň tassyklamagyna görä, gadymy türki dilde «bagt» manysynda ulanylypdyr. Eger-de şu nukdaýnazardan baha bersek, biziň gündelik gepleşik dilimizde häli-şindi ulanýan «Gutly bolsun!» diýen jümlämizi «Bagtly bolsun!» manyda kabul etmek mümkin. «Gurt agzasaň, gurt geler» diýen aýtgynyň manysy hem hut şu düşünje bilen bagly.