Mineral dökünleriň ähmiýeti
Himiýa senagaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginlerde ösýän pudaklarynyň biri bolup, ony ösdürmegiň strategiýasy ýerli çig maly senagat taýdan özleşdirip, has doly ulanmaga, bu ugruň eksport kuwwatyny artdyrmaga, obasenagat toplumyny durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, himiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar hem-de ylmyň gazananlary esasynda ykdysadyýetimizi ösdürmekde himiýa ylmynyň, tehnologiýalarynyň tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.