HABARLAR

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty abraýly sanawda

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna habarçy agza hökmünde girizildi. «The Times Higher Education World University Rankings 2025» diýlip atlandyrylýan sanaw ýakynda düzüldi. Ýer ýüzüniň 150 döwletinden 2 müňden gowrak ýokary okuw mekdebini öz içine alýan sanawda 2025-nji ýyl üçin dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleri görkezilýär. Täzelenilen sanawda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 13-sine «Habarçy agza» derejesi berildi. Olaryň arasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hem bar.

Halypa alymyň düýpli açyşlary

Alym Amanmämmet Paşanaýew iki sany monografiýa häsiýetli kitabyň, bir okuw gollanmasynyň, 75-den gowrak ylmy hasabatlaryň awtorydyr. Onuň awtorlar köpçüligi bilen bilelikde taýýarlan ylmy makalalarynyň sany 70-e golaýlaýar. Bu sanlar alymyň ylymdan ýüküniň ýetikdiginiň, bu ugra tutuş düýrmegi bilen gulluk edýändiginiň güwäsi. Türkmen politehniki institutyny 1965-nji ýylda tamamlap, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda işe başlan alymyň zähmet depderçesinde başga ýazgy ýok. Ol bu ýerde dürli ýyllarda inžener, uly inžener, kiçi we uly ylmy işgär, senagat geofizikasy bölüminiň başlygy, nebitsenagat geologiýasy we geofizikasy barlaghanasynyň müdiri bolýar. 2008-nji ýyldan bäri bolsa şol barlaghananyň esasy ylmy işgäri. 1972-nji ýylda geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alan alym 1981-nji ýyldan bäri uly ylmy işgär diýen adyň eýesi. 2017-nji ýylda A.Paşanaýewiň gatnaşmagynda taýýarlanan «Senagat geofiziki maglumatlar esasynda Günorta-Günbatar Türkmenistanyň nebitgazly ýataklarynda gorlaryň parametrlerini hasaplamagyň kesgitlenişi» atly okuw gollanma kitaby Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenip, «Ylym» neşirýatynda çapdan çykýar. Bu kitap, esasan, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň uglewodorodly ýataklaryny

Sanly ulgam arkaly okuw maslahaty geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen ýurdumyzda durnukly ulag-üstaşyr geçelgelerini we halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmeklige uly ähmiýet berilýär. Munuň özi berkarar döwletimiziň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyklarynyň we dostlukly gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine uly itergi berýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hem halkara guramalary, daşary döwletleriň gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýokarlandyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, eksport mümkinçilikleriň ýokarlanmagyna giň ýol açýar. Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýaponiýanyň tejribesini öwrenmek maksady bilen, sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly okuw maslahaty geçirildi. Sanly ulgam arkaly guralan bu okuw maslahata Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we salgyt edarasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Ýaponiýaly hünärmenler Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasyny ornaşdyrmakda amala aşyrylmaly işler bilen bagly soraglaryň üstünde jikme-jik durup geçdiler.

ÝAŞLAR YLYM DÜNÝÄSINDE

ÝAŞ ALYM PEDERLERIMIZIŇ BINAGÄRLIK SUNGATYNDAKY AÝRATYNLYKLARYNY ÝÜZE ÇYKARDY

YNAM GÜÝÇLÜMI, YLYM?

OKAMAK HEMIŞE GEREK

Käteler ýaşaýyş üçin ilkinji zerur zatlary ýatlaýarlar: howa, suw.., galan ähli zatlar bulardan soňa goýulýar. Emma şol zerurlyklaryň hataryna goşulmaga mynasyp ýene bir zat bar, oňa Kitap diýilýär. Tehnikadyr tehnologiýanyň hernäçe ösýändigine garamazdan, kitabyň ornuny tutup biljek başga bir gymmatlyk ýok. Okamak – aňyň hem ruhuň iýmiti. Okaýan adamyň dünýäsi giň, ruhy belent, ýüregi kararly bolýar. Onsoňam, her okaýan zadyňdan hökman täze zat öwrenip bolýar, ýogsam şol kitap öňem öwran-öwran okalan bolaýsyn, her gezekde “bäh” diýdirýän täsin bir zadyň, jümläniň, paýhasyň, durmuş wakasynyň üstünden barýaň. Okasaň, köňül gözi ynjalykly, göwün mädäň dok bolýar. Onsoňam, okamak kär-hünär dannaýan zat däl, haýsy ugurda zähmet çekip, der dökýän bolsaňam, iňňän gerekli zat. Öz zähmet çekýän ugruňda kämilleşmek üçinem hökman okamaly. Sebäbi adamyň ruhuny kitap okamakdan üzňe göz öňüne getirip bilemok.

Yl­my ýy­gyn­dy ne­şir edil­di

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan 2024-nji «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­na ba­gyş­la­nyp taý­ýar­la­ny­lan «Sag­dyn­lyk we ru­hu­be­lent­lik — döw­rüň şy­ga­ry, äle­me nus­ga­dyr da­na Py­ra­gy» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­ha­tyň ma­ka­la­lar ýy­gyn­dy­sy res­mi ne­şir edil­di. Yl­my ýy­gyn­da Türkmen döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň, şeý­le hem ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor mu­gal­lym­la­ry­nyň, ylym-bi­lim eda­ra­la­ry­nyň yl­my iş­gär­le­ri­niň, hü­när­men­le­ri­niň taý­ýar­lan yl­my ma­ka­la­la­ry gi­ri­zil­di.

Oba hojalygy: döwrebap tejribeler. giň mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak boýunça utgaşykly, ylmy esasly döwlet syýasaty halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň hem-de howpsuzlygynyň kepilidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli özgertmeleriniň rowaçlanýandygyny äşgär edýär. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýetilýän sepgitleri mübärekläp: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz oba hojalyk pudagynyň işini halkara derejede ösdürmek, ony dünýä ylmynyň gazanan baý tejribesi bilen utgaşdyrmak, türkmen daýhanlarynyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur bolan özgertmeleri mundan beýläk-de yzygiderli durmuşa geçireris. Oba hojalyk pudagyndaky özgertmeleri dowam etdirmek bilen, tohumçylyk işini döwrüň talabyna görä kämilleşdireris» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we olaryň tohumçylygyny ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça işler kämilleşdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlar

Ylmy-amaly we döredijilik maslahaty geçirildi

Institutymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly we döredijilik maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde guralan maslahata baýry bilim ojagymyzyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar hem-de döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda professor-mugallymlaryň ylmy çykyşlary diňlenildi. Çykyş edenler nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň dünýä edebiýatynyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasyna öwrülendigini we adamzadyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga hyzmat edýändigini hem-de türkmen diliniň ösmeginde ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şeýle-de beýik akyldaryň döredijiliginiň ýaşlara bahasyna ýetip bolmajak mekdepdigi aýratyn bellenildi.

Halypa geolog

Berdi Myradowiç Täçmyradow öz döwründe Türkmenistanyň belli we baý tejribeli geologlarynyň biri bolmak bilen, onuň ýokary derejede iş başarjaňlygynyň netijesinde Gündogar Türkmenistanda gazly we gazkondensatly känleriň senagat gorlaryny hasaplamak boýunça hasabatlarynyň 20-ä golaýynyň (Demirgazyk Ojak, Naýyp, Demirgazyk Balguýy, Tejen we Gündogar Tejen, Mollaköl we Şorköl, Üçajy, Seýrap, Gündogar Üçajy, Malaý, Gazlydepe (Gagarin), Ýolguýy, Çartak, Çägelik, Bäşgyzyl (Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy) we Kükürtli) Gorlar baradaky Döwlet toparynda tassyklanandygyny bellemek gerek. Hasaplanan gaz gorlary ýokary derejede tassyklanyşy bilen häsiýetlenýär. Tanymal geologyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda belli bolan goteriw ýarusynyň «şatlyk» önümli gorizonty boýunça uly kän hasaplanýan Malaý käniniň demirgazyk-gündogar böleginde onuň gazly meýdanynyň artmagyna mümkinçiliginiň bardygyny göz öňünde tutup, ol ýerlerde seýsmiki barlag işlerini geçirmek teklip edilmek bilen, degişli işler ýerine ýetirilýär. Soňra ol işleriň netijelerine laýyklykda, meýdanda birnäçe gözleg-barlag guýularyny burawlamak teklip edilýär. Goşmaça burawlanan guýularyň netijesinde käniň şol böleginde täze gümmeziň bardygy ýüze çykarylýar hem-de käniň gaz gorlary 14 milliard m3 golaý artdyrylýar.