HABARLAR

Häzirki zaman lukmançylygy: ugurlar hem-de usullar

Häzirki zaman ylmy nazaryýetine we taglymatyna esaslanan Günbatar lukmançylygy adam bedenindäki işjeňligiň bozulmasyny has çalt we netijeli aýyrmaga gönükdirilendir. Alym Arkadagymyz: «Geljekki lukmançylyk keselleriň öňüni almaklykdyr, esasy orun ýaramaz endikleriň ýok edilmegine we sagdyn durmuş ýörelgelerine bagly bolup durýar» diýip belleýär. Derman serişdesiz gazanylan saglyk babatda müňýyllyklaryň dowamynda Günbataryň lukmanlary beden öýjükleriniň kömegi bilen ýaşaýyş kuwwatlygyny sazlaşdyrmagy, ösümlik dünýäsini içgin öwrenip, bejermegiň zyýansyz usullaryny we serişdelerini tapmagy başarypdyrlar. Olar dogry ulanylsa, hiç hili islenilmeýän, zäherleýji, allergik täsirler ýüze çykanok. Günbataryň derman serişdeleri adam bedeninde ýüze çykan näsazlyklary bejerýär. Tebigy usullara esaslanan lukmançylyk keseliň ilkinji sebäplerini aradan aýryp, bedendäki bozulan deňagramlylygy dikeldýär. Sebäbi diňe adam bedeniniň hut özi keselden saplanmaga sebäp bolýar.

Sözlükçi alym zenanlarymyzy ýatlap...

Biziň söhbedimiz sözlük düzmek ýaly agyr, birsydyrgyn işi meýletinlik bilen öz üstlerine alan üç sany alym zenan hakynda bolar. Ynha, biziň elimizde olaryň gatnaşmagynda şol wagtky TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgärleriniň kiçi bolmadyk topary tarapyndan düzülip, 1986-njy ýylda Moskwada çapdan çykan iki tomluk «Uly rusça-türkmençe sözlük». Jemi möçberi 160 çap warakdan hem geçýän bu sözlük olaryň çäksiz zähmeti siňen iň soňky düýpli işleriniň biridir. Onda Güljemal Açylowa Д harpy, Häsiýet Gafurowa Ж, К, Ф, Ч, Э, Ю harplary, Sona Myradowa hem М, Р, Х harplary bilen başlanýan rus sözlerini türkmençä terjime edip, şolara bagyşlanan gyzykly we täsirli sözlük makalalaryny ýazypdyrlar. Köp sanly sözleri özünde jemleýän П harpyna degişli sözlük makalalaryny ýazanlarynda bolsa, bu üçüsi olary öz aralarynda paýlaşypdyrlar. Şeýle ähmiýetli sözlükleriň ençemesini düzmäge gatnaşandyklary üçin, beýleki dilçiler (G.Ataýew, S.Altaýew, W.Mesgudow we institutyň öňki direktory, merhum M. Hamzaýew) bilen bir hatarda, 1970-nji ýylda Türkmenistanyň Ylym we tehnika boýunça Döwlet baýragyna mynasyp bolan bu üç alym zenanyň geçen ömür ýoly we nesillere galdyran ylmy mirasy hakynda başlan gysgaça söhbedimizi aşakda olaryň hersi barada

Ýerasty suwy emeli ýol bilen ýokary galdyrmagyň usullary

Pasyllaryň ygally, ýagyş-ýagmyrly gelşine baglylykda, ýerasty suwlarynyň ýokary galmagy ýerleriň şorlaşmagyna getirýär. Şeýle ýagdaýda zeý akabalaryna bolan gözegçiligi ýokarlandyrmaly bolýar. Mysal üçin, tomus paslynda howanyň birbada gyzmagy bilen, topragyň üstki gatlagynyň gatap gapaklamagy netijesinde ekin ekilen ýerleriň gögerişi üçin goşmaça işler geçirilýär. Gatan topragyň aşagyndan çykyp bilmän, gögerişden galýan ýerleri ikinji gezek ekmeli bolýar. Ýylyň gurak gelmegi we ekiş (mart — aprel aýlary) döwründe howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy sebäpli gurak, yssy ýelleriň öwüsmegi bilen, bugarmagyň netijesinde topragyň yzgary 30 göterimden aşak düşýär (adaty toprakdaky bolmaly yzgaryň çägi 65 – 75 göterim). Bu bolsa tohumyň şinelemän galmagyna ýa-da gämiklemäge duran gowaçanyň we beýleki ekilen ekinleriň kökleriniň çüýremegine getirýär. Şeýle hem ol ilkinji ekilen ýüzlerçe gektar gowaça meýdanyny gaýtadan suwaryp we beýleki ir ekilýän ekinleriň tohumy üçin ikinji gezek harajatlaryň sarp edilmegine, ekiş möhletiniň gijä galmagyna getirýär.

Ylym dünýäsinde

Watanymyzyň taryhyny öwrenmek toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Şol bir wagtda, dünýä taryhynda täze tapyndylar, toplanan maglumatlar milli derejedäki maglumatlar bilen ugurdaşlygyna görä öwrenilýär. Munuň üçin halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn uludyr. Ylmy barlaglar, guramaçylyk işleri hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy döwrebap hukuk kadalary boýunça alnyp barylýar. Munuň özi bu ugurdaky maksatnamalaýyn işleriň ygtybarly we resmi esasda ýola goýulmagyna ýardam edýär. Ýurdumyz ylym babatda hyzmatdaşlyk boýunça ençeme halkara resminamalaryna hem goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, ylym ulgamyndaky işleriň guramaçylyk hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän kanunlar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem laýyk gelýär. «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ylmy-tehnologiýa parklarynyň döredilmegi we hereket etmegi bilen baglanyşykly hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. «Innowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny döwletimizde innowasiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmegiň maksatlaryny we ýörelgelerini hem-de onuň durmuşa geçirilmegini kesgitleýär, ylmy işiň subýektle

Nebit we gaz ýataklarynyň suwlary

Täze ulgamyň rowaç ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýeti çalt depginlerde durnukly ösdürilýär. Ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygy ösüşli ýol bilen öňe barýar. Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň möçberli işleriň bady artýar. 2019-njy ýylyň başynda ýurdumyzda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edilenden soň, döwletimizde sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine giň ýol açyldy. Bu kämil ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen döwleti, halk hojalygymyzyň önümçiligini dolandyrmakda, beýleki ulgamlarda has netijeli ösüşleri gazanmakda täze mümkinçilikler peýda boldy. Kämil ulgamyň ösdürilmegi beýleki ugurlar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Ýaşlara bilim berip, hünär öwretmekde goşmaça amatlyklara ýol açdy. Biz muňa gündelik iş tejribämizden göz ýetirýäris. Mekdebimiziň mugallymlary täze usuldan netijeli peýdalanyp, gowy görkezijileri gazanýarlar.

Pessejik ösümlikler

Bagy-bossanlyga beslenýän obadyr şäherlerimizde bezeg ösümliklerine aýratyn üns berilýär. Olaryň arasynda derwüş ösümliklerine we olaryň karlik diýlip atlandyrylýan görnüşine hem duşmak bolýar. Derwüş ösümlikler tebigy ýa-da emeli sebäplere görä pes ösýän ösümliklerdir. Olar ösümlik dünýäsinde örän ýygy duş gelýär. Çyglylygyň ýetmezçiligi ýa-da artykmaçlygy, käbir minerallaryň ýoklugy, ýagtylygyň pesligi, aşa pes ýa-da aşa ýokary temperatura ýaly amatsyz tebigy şertler, ýokançlyklar ösümligiň karlik möçberde ösmegine sebäp bolup bilýär. Derwüş ösümlikleri (mysal üçin, gaýa, weli, arça, sosna) köplenç Arktikanyň, daglyk ýerleriň mes bolmadyk topraklarynda duş gelýär. Emma karlik görnüşli dub, ginkgo, akja we şoňa meňzeş ösümlikler bezeg maksatlarynda emeli usulda hem ösdürilip ýetişdirilýär. Bu görnüşdäki alça, erik we şoňa meňzeş miweli agaçlar bolsa, dykyz toprakly gaplara (sebetlere) nahal oturtmak we ösmedik kök ulgama emeli usulda sanjym etmek arkaly emeli ösdürip ýetişdirilýär. Şeýle ösümlikler, hatda 100 ýaşynda-da bir metr beýiklige ýetip bilmeýär. Olary ösdürmek üçin pyntyklaryň we baldaklaryň ösmeginiň öňüni alýan sintetiki maddalar — retardantlar ulanylýar. Häzirki zaman bagbançylykda ösümlikleriň pessejik häsiýet

Marsda bolan suw joşmasynyň yzy tapyldy

Hytaý Ylymlar akademiýasynyň barlagçylar topary Marsdaky Utopiýa düzlüginiň topragynyň birnäçe ýerasty gatlaklardan ybaratdygyny mälim etdi. «Nature» žurnalynda habar berilmegine görä, bu topar «Zhurong» Marsda ýöreýjiden alnan maglumatlara esaslanýar. Hytaý Halk Respublikasynyň Milli kosmos dolandyryş edarasy 2021-nji ýylyň maý aýynda Marsda ýöreýjini getirdi. Şondan bäri bu enjam Utopiýa düzlüginde aýlanyp, ýeri we topragy öwrenmek bilen meşgullanýar. Şu wagta çenli bu ulag, takmynan, 1,171 metr aralygy geçdi. «Zhurong» gözlegçilere 3 metrden 10 metre çenli çuňluk kartasyny döretmäge mümkinçilik berip, çuňluga girýän radar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem bu enjamda pes ýygylykly radio tolkunlaryny 100 metre çenli çuňluga iberip bilýän enjam bardyr. Gözlegçiler şu ýerdäki howzuň aşagynda azyndan iki gat materialyň bardygyny, ýöne ikisiniňem suw däldigini aýdýarlar. Gatlaklaryň biri, takmynan, 10-30 metr, beýlekisi 30 — 80 metr çuňlukda ýerleşýär.

Ylym — kämilligiň berk binýady

Milli bilim ulgamyny ösdürmek, has-da kämilleşdirmek, ýaşlaryň hünär ussatlygyny artdyrmak, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak döwletimiziň ýöredýän esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap mümkinçilikler bilen ösdürmek, sanly ulgamdan peýdalanmak möhüm şertleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda şol wezipeler üstünlikli çözülýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara okuw mekdebiniň döredilmegini, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-mugallymçylyk edaralarynyň täze binalarynyň gurulmagyny, iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýä maglumatlar ulgamyna ýokary tizlikli elýeterliligi üpjün etdi.

Bilgirjä sowal

— Bilgirje, näme üçin kompýuteriň dolandyryjysyna «syçanjyk» diýip at goýdularka? — Kompýuterleriň manipulýatorlaryna seredeniňde, bu sowalyň jogabynyň diýseň ýerine düşendigine göz ýetirýärsiň. Bu täsin enjamyň daşky görnüşi syçanjygy ýatladýar, galyberse-de, onuň edil ady agzalýan haýwanjygyňky ýaly guýrujaga meňzeş simi bolanlygy üçin ol bu ady göterýär.