HABARLAR

Aşgabat — London gatnawy boýunça petekler onlaýn satuwa çykarylýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy turkmenistanairlines.tm resmi web sahypasynda Aşgabat (ASB) — London (LGW) — Aşgabat (ASB) ugurlary boýunça petekleriň satuwyna başlady. 2024-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň raýatlary üçin Aşgabat — London ugrunda petekleriň bahasy 5950 TMT, London — Aşgabat ugrunda bolsa 6399.7 TMT. Şeýlelik bilen, ikitaraplaýyn petekleri 10017,6 TMT satyn alyp bolar.

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy «Airbus» we «Boeing» uçarlarynyň 235 sanysyny satyn almakçy

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ösüş strategiýasynyň çäklerinde «Airbus» we «Boeing» uçar öndürijileri bilen olardan 235 uçar satyn almak barada gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Türkiýäniň Milli awiagatnadyjysynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Ahmet Bolat habar berdi diýip, TASS ýazýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kuala-Lumpur şäherine goşmaça uçuşa başlady

«Türkmenistan» awiakompaniýasy maý aýynyň başyndan Aşgabat — Kuala-Lumpur — Aşgabat ugurlarynda goşmaça hepdelik uçuşa başlady. Bu barada awiakompaniýasynyň resmi saýtynda habar berildi. Täze uçuş her sişenbe güni amala aşyrylar we türkmen howa ýollarynyň Malaýziýanyň paýtagtyna gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar. Goşmaça uçuşy ýola goýmak karary iki ýurduň arasyndaky barha artýan howa syýahatyna bolan islegi kanagatlandyrmak üçin kabul edildi.

«Dünýä Syýahat» täze ýola goýan hyzmaty barada habar berýär

«Dünýä Syýahat» hojalyk jemgyýeti täze hyzmaty — howa menzilinden myhmanhana ýa-da müşderiniň islegi boýunça başga bir salga alyp gitmek hyzmatyny ýola goýdy. Bu hyzmat dünýäniň islendik howa menzilinde elýeterlidir. Täze hyzmat syýahatçylara barmaly ýerlerine amatly we arkaýyn barmaga mümkinçilik berýär.

Seýil edeliň bu jahana!

Bereketli bazar Özbegistanyň Daşkent şäheriniň Almazar etrabynda ýerleşýän «Çorsu» bazary Merkezi Aziýada iň uly bazarlaryň biri hasaplanýar. XV asyrda gurlan bu bazaryň depesi owadan nagyşlar bilen örtülen ýapyk görnüşli bolup, umumy meýdany 75 metre barabardyr. Ilatyň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan bu bazar 3 gatdan ybarat bolup, aşaky gatda ýerzemin, dynç alyş otaglary, ýokarky gatlarda bolsa dükanlar ýerleşýär. Bazarda söwda nokatlary satylýan harytlaryň görnüşlerine görä bölünýär.

Jümle-jahan habarlary

Bütindünýä binagärlik paýtagty

Rus kruiz gämisi 2025-nji ýylda Hazaryň bäş ýurduny birleşdirer

2025-nji ýylda täze «Wladimir Žirinowskiý» gämisi Hazaryň kenarynda ýerleşýän bäş döwleti – Türkmenistany, Russiýany, Azerbaýjany, Eýrany we Gazagystany birleşdirýän ugur boýunça syýahata başlar. Bu barada «TASS» Russiýa Federasiýasynyň Dumasynyň Syýahatçylyk komitetiniň agzasy Alekseý Woloskowyň sözlerine salgylanyp habar berýär. Astrahanyň «Lotos» gämi zawodynda gurulýan dört palubaly gämi 2024-nji ýylda ulanylmaga berler. 2025-nji ýylda bu gäminiň Wolga derýasyna hem-de Hazar deňziniň kenarýakalaryna, Hazarýaka döwletleriň bäşisini hem öz içine alýan ugur boýunça aýlaw görnüşli syýahatçylyk saparlaryny guramakda ulanylyp başlamagyna garaşylýar.

Dubaýda ýylda 260 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili gurlar

Dubaý ýylda 260 million ýolagça hyzmat etjek dünýäde iň uly aeroport gurmak barada maksatnamasyny yglan etdi. Bu barada «Business Insider» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Emirligiň hökümdary Şeýh Mohammad ben Raşid Al Maktumyň beýanatyna görä, «Al Maktoum International Airport» atly äpet awiahabyň gurluşygyna öňdäki 10 ýylda 128 milliard dirhem (34,9 mlrd dollar) bölnüp berler. Howa menziliniň ýolagçy münüp-düşýän 400 geýti we bäş uçuş-gonuş zolagy bolar.

«Turkish Airlines» 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi

Türkiýedäki flagman «Turkish Airlines» awiakompaniýasy 2023-nji ýylda 83,4 million ýolagçy gatnadyp täze rekord goýdy. Bu 2022-nji ýyldakydan 16,1 göterim köpdür. Geçen ýyl halkara ýolagçy gatnawy 27,1 göterim artyp, 29,8 million adama ýetdi. Mundan başga-da, awiakompaniýanyň uçarlarynyň sany 440-a ýetdi. Geçen ýyl olaryň üsti täzeleriniň birnäçesi bilen ýetirildi.

Keşt eýleseň bu Diýara...

Türkmenistan — taryhy-medeni ýadygärliklere, tebigy gözelliklere baý ýurt. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, taryhy ýadygärlikler, medeni gymmatlyklar bilen tanyşdyrýan içerki we daşarky syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň wajypdygyny belleýär. Bu babatda 1994-nji ýyldan bäri jahankeşdelere hyzmat edip gelýän «Aýan» hojalyk jemgyýeti hem göreldeli işleri alyp barýar. Kärhananyň alyp barýan işleri barada hojalyk jemgyýetiniň giriş syýahatçylygy bölüminiň müdiri Abdul-Samet Ablesenow: