HABARLAR

Ar­zy­ly ke­na­ryň gu­ja­gyn­da

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Ha­za­ryň türk­men bö­le­gin­de sa­gal­dyş-dynç alyş we eko­lo­gi­ki sy­ýa­hat­çy­ly­gyny ös­dür­mek­ ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da sy­ýa­hat­çy­lyk Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­tiniň wa­jyp ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, ýur­duň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk hem ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.

Awaza bilen Horezmiň arasynda syýahatçylyk hyzmatdaşlygynyň geljegi öwrenilýär

Türkmenistan we Özbegistan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen Horezm sebitiniň arasynda özara syýahatlary guramak maksady bilen hyzmatdaşlyk maksatnamasyny döretmek mümkinçiligini öwrenýärler. Bu barada Özbegistanyň “yuz.uz” agentligi habar berdi. Bu maksatnamany taýýarlamak we oňa gol çekmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler 2024-nji ýylyň 31-nji maýyndan 2-nji iýuny aralygynda Hywa şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň 12-nji mejlisiniň çäginde gurnalan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Jümle-jahan habarlary

Dünýä rekordyny täzeledi

Türkmenistan: syýahatçylyk mümkinçilikleri

Taryhyň dürli döwürlerinden habar berýän arheologik we binagärlik ýadygärlikler, tebigatyň gaýtalanmajak gözelligine eýe bolan künjekler, häzirki zaman şypahanalar ulgamy hem-de Hazaryň türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — bularyň ählisi Türkmenistanyň daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özünde egleýän döwletdigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda soňky ýyllarda milli syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge hem-de ýurdumyza gelýän daşary ýurtly jahankeşdeleriň sanyny artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen 2024-nji ýylyň mart aýynda geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň çäginde hem daşary ýurtly myhmanlar tarapyndan türkmen topragynyň tüýs jahankeşdeleri özüne baglajak mekandygy aýratyn nygtaldy. Biz hem gazetiň şu sanynda jahankeşdeligiň möwsümi hasaplanylýan tomus paslynyň gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň etmegi makul bildik. Taryhy syýahatçylyk

Taýland ýene 36 ýurt üçin wiza düzgünini aradan aýyrdy

Taýlandyň Hökümeti birnäçe ýurtdan gelýän syýahatçylar üçin wiza talaplarynyň ýatyryljakdygyny habar berdi. Bu barada «Bangkok Post» ýazýar. Bu başlangyç ýurduň syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň bir bölegidir. Taýlandyň Hökümetiniň wekili Çaý Waçaronyň aýtmagyna görä, indi raýatlary Taýlanda wizasyz girip bilýän ýurtlaryň sanawy 57-den 93-e çenli artdyryldy. Bu sanawa täze goşulan 36 ýurduň arasynda Hindistanyň, Kambojanyň, Laosyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň hem ady bar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2-nji iýunyndan başlap Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryny amala aşyrar

Hormatly ýolagçylar! «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryň 2024-nji ýylyň 2-nji iýunyndan başlap ýatyrylýandygyny barada Size habar berýäris. Hormatly ýolagçylar!

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ tomusky gatnawlaryny artdyrýar

Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanýandygyny göz öňünde tutup, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 1-den raýatlarymyzyň rahat dynç almak we syýahat etmek üçin, dürli isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen: Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat

«Turkish Airlines» gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýolagçylaryna gatnaw çalyşmasy bolan uçuşlarda howa menzilinde garaşýan wagtlarynyň belli bir çäkden geçen ýagdaýynda, myhmanhanada tölegsiz bolmak we naharlanmak, şeýle hem Stambul şäherine gezelenç etmek mümkinçiliklerini hödürleýär. Ekonom klassda uçýan ýolagçylaryň garaşmaly wagtynyň belli bir sebäbe görä 12 sagatdan, işewürlik klassynda uçýan ýolagçylaryň wagty bolsa 9 sagatdan geçen ýagdaýynda, myhmanhana we naharlanmak hyzmatyndan tölegsiz peýdalanyp bilerler.

Jümle-jahan habarlary

Ýol dykynlaryny azaldar

Türkmenistan bilen Kataryň arasynda uçar gatnawlary ýola goýulmagyna garaşylýar

Ýakyn geljekde Türkmenistanyň we Kataryň arasynda göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy ähtimal. Bu barada Aşgabat şäherinde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň degişli ýolbaşçylary Katar Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Al-Remaihi Ghanem Abdulla geçirilen duşuşykda beýan edildi. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi. Taraplar dostlukly döwletleriň arasynda howa gatnawlary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, hususan-da, iki döwletiň arasynda göni we üstaşyr gatnawlaryň ýola goýulmagy babatynda döräp biljek soraglary öwrenmek we bu soraglary aradan aýyrmak boýunça dogry we takyk işleri alyp barmak barada pikir alyşdylar.