HABARLAR

“Boeing” kompaniýasyna täze ýolbaşçy bellendi

“Boeing” korporasiýasynyň täze baş direktory wezipesine 64 ýaşly Kelli Ortberg bellendi. Ol 8-nji awgustda wezipesine girişer. Kelli Ortberg bu wezipede mart aýynda işden çekilýändigini mälim eden Deýw Kalhunyň ornuny eýelär. Ýolbaşçylygyň üýtgemegi awiakompaniýanyň birnäçe meseleler, şol sanda, paýnamalaryň bahasynyň pese gaçmagy we ikinji çärýekde ýitgiler bilen ýüzbe-ýüz bolan döwri bolup geçýär. Şu ýyl “Boeing”-iň paýnamalary 27 göterim arzanlady, bu bolsa 2020-nji ýyldan bäri iň ýaramaz görkezijidir. Kompaniýa iki sany heläkçilige we uçuşlaryň uzak wagtlap togtadylmagyna getiren “Boeing 737 MAX” uçarlary bilen çynlakaý päsgelçiliklere duçar boldy.

Türkiýä baran jahankeşdeleriň sany 13,9 göterim artdy

2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Türkiýä baran daşary ýurtly jahankeşdeleriň sany 13,9 göterim artdy. Bu barada ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Habarda bellenilişine görä, şu ýylyň birinji ýarymynda Türkiýä baran daşary ýurtly syýahatçylaryň umumy sany 26 million 136 müň 764 adama deň bolupdyr.

1,9 milliard amerikan dollarlyk girdeji gazandy

Gruziýa ýylyň birinji ýarymynda syýahatçylyk pudagyndan 1,9 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 30,4 göterim köpdür. Hasabat döwründe Gruziýa daşary ýurtly jahankeşdeleriň 2 milliondan gowragyny kabul etdi. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Gruziýa syýahat etmäge baranlaryň sany boýunça Türkiýe birinji, Russiýa bolsa ikinji orny eýeledi.

Türkmenistan — syýahatçylygyň we sapaly dynç alşyň mekany

Tomus paslynyň dynç alyş günleri gyzgalaňly dowam edýär. Adamlar rahatlygy we hyzmat edilişiniň derejesi boýunça ýokary halkara ülňüleriň talaplaryna laýyk gelýän şypahana-dynç alyş merkezlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň, şol sanda paýtagtymyzyň beýleki gözel künjeklerinde wagtlaryny hoş geçirýärler. Şunda halkyň abadançylygyna we ýaşaýşyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş syýasatynyň esasy ugurlary öz mynasyp beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly, şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna, beýleki dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ýurdumyzyň dürli künjeklerinden müňlerçe adam gelýär. Olar tomusky dynç alyş günlerini gyzykly we peýdaly geçirýärler, oňat dynç alýarlar hem-de saglygyny berkidýärler. Gökderede hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde hereket edýän ajaýyp saglyk we dynç alyş merkezleri halkymyzyň hyzmatynda. Ýurdumyzda şypahanalaryň we dynç alyş merkezleriniň häzirki zaman ulgamyny döretmek arkaly ilatyň saglygyny berkitmek hem-de durmuşyň hilini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ajaýyp howa menzili

«Inçhon» howa menzili Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde ýerleşip, ol ýurduň iň uly howa derwezesidir. Paýtagty Seuldan 48  kilometr uzaklykda ýerleşýän bu menzil 700 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. 2001-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen howa menzilinde ýylda 62 million ýolagça hyzmat edilýär. Dünýäde ululygy boýunça 5-nji ýerde durýan, arassaçylyk babatda öňdebaryjy howa menzilleriniň biri hasaplanýan, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan «Inçhon» howa menzili döwrebap äheňi bilen bir hatarda, milliligi bilen hem tapawutlanýar. Terminallarynyň arasynda otly gatnawy bolan bu ýer birnäçe gezek «dünýäniň iň gowy howa menzili» diýlip yglan edildi.

Jümle-jahan habarlary

Dünýäniň iň beýik asma köprüsi

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara uçuşlarynyň täze tertibi

«Turkish Airlines»: Miles and Smiles maksatnamasynyň giňeldilen mümkinçilikleri

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň «Miles and Smiles» wepalylyk maksatnamasy ýolagçylara uçuşlarynda milleri toplamaga we olary hyzmatyň derejesini ýokarlandyrmak we goşmaça hyzmatlary satyn almak üçin ulanmaga mümkinçilik berýär. Maksatnama gatnaşyjylar bonuslary diňe bir ýygnamak bilen çäklenmän, eýsem, paýlaşyp hem bilerler. Milleri status miline öwrüp, klubyň beýleki agzalaryna geçirip ýa-da «Miles and Smiles shop» dükanynda söwda etmek üçin ulanyp bolýar.

Syýahatçylyk dürdänesi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy güneşli Diýarymyzyň gözel künjekleriniň biridir. Gojaman Hazaryň türkmen kenarynyň iň täsin we ajaýyp ýerinde ýerleşýän bu syýahatçylyk zolagy dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Ol ýerde gysga taryhy döwrüň içinde gurlan kaşaň myhmanhanalar, sagaldyş merkezleri, kottejler toplumlary, seýilgähler, suw çüwdürimleri we beýleki köp sanly desgalar göreni haýrana goýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Awazanyň» döredilmeginiň baş maksadynyň deňiz ýakasynyň ägirt uly dikeldiş mümkinçiliklerini peýdalanmakdan, türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň dynç almagy üçin aňrybaş amatly şertleri döretmekden, adamlaryň wagtyny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin mümkinçilikleri döretmekden ybaratdygyny belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky tagallalarynyň rowaçlyklara eýe bolandygyna Awazanyň düýpgöter özgerip, sebitiň syýahatçylyk dürdänesine öwrülendiginden, deňiz kenarynyň meşhurlygynyň barha artýandygyndan göz ýetirip gelýäris.

Türkmenistan we Gazagystan syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär

Syýahatçylyk we sport ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Durdiýew bilen Syýahatçylyk we sport ministri Ýermek Maržikpaýewiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Tengrinews internet neşiri habar berdi. Türkmen diplomaty Türkmenistanda sport we syýahatçylyk ugurlarynda durmuşa geçirilýän birnäçe başlangyçlar we taslamalar bilen tanyşdyrdy.