HABARLAR

Garaşsyzlyk zaly

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Filadelfiýa şäherinde ýerleşýän, 1753-nji ýylda gurlup ulanylmaga berlen bina, ilki, döwlet dolandyryş merkezidi. Garaşsyzlyk Jarnamasy we ýurduň Konstitusiýasy kabul edilenden soňra bu bina «Garaşsyzlyk zaly» hökmünde ykrar edildi. Bina Garaşsyzlyk milli taryhy seýilgähiň merkezi hasaplanýar. 1979-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu bina özüniň täsin jaňly diňi bilen has-da meşhurdyr.

Jümle-jahan habarlary

Marsa syýahat dowam eder

“Turkish Airlines” strategik hyzmatdaşlyk arkaly TKCONNECT-iň gerimini giňeldýär

“Turkish Airlines” awiakompaniýasy öňdebaryjy kontent düzüjileriň topary bilen strategik hyzmatdaşlyk etmek arkaly TKCONNECT ekoulgamyny giňeldýändigini yglan etmek bilen NDC (New Distribution Capability) ölçeglerine laýyk gelýän paýlaýyş maksatnamasyny ösdürmekde möhüm ädim ätdi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde awiakompaniýa “Travelfusion”, “Verteil”, “DRCT”, “Mystifly”, “Nuua”, “Nuflights” we “Theta” kompaniýalary bilen birleşdi. Munuň özi bronlamak işini gowulandyrmaga we müşderileri üpjün etmegiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berdi. Bu hyzmatdaşlyk arkaly “Turkish Airlines” hyzmatdaşlaryna öz giň ählumumy toruna we hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmegi meýilleşdirýär. Innowasion gural boljak TKCONNECT meýdançasy syýahatçylyk agentlerine şahsy ugurlary işläp taýýarlamaga, özüne çekiji teklipleri hödürlemäge we bronlamak işini ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berer. Netijede, bu müşderileriň kanagatlanmalaryny we ynamyny ýokarlandyrmaga getirer.

Täsin desga

Hytaý Halk Respublikasynyň Guangzhou şäherinde ýerleşýän, 2016-njy ýylda açylyp ulanylmaga berlen bina beýikligi boýunça dünýäde sekizinji ýerde durýar. Şäher bilen adybir maliýe merkeziniň beýikligi 530 metre barabardyr. «Gündogar diňi» diýen at bilen meşhur binada myhmanhana, söwda merkezleri, edaralar ýerleşýär. 116 gatdan ybarat binanyň gurluşygynda, esasan, aýna we mermer ulanylypdyr. Häzirki wagtda şäher ilatynyň we myhmanlaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülen bu merkez ýurtda beýikligi boýunça üçünji ýerde durýar.

Merjen: Gadymy korallion daşy

Merjen daşyna, başgaça, «koral» hem diýilýär. Ol gadymy, gymmatbahaly daşlaryň biri hasaplanylýar. Bütin dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu daş deňiz polipleriniň ýaşaýyş ukyplylygynyň netijesinde emele gelýär. Polipler toparynyň ýyllarboýy deňiz suwunyň belli bir bölegini özüne siňdirmegi bilen, çökündiler emele gelip, olar koral, ýagny, merjen daşyna öwrülýär. Merjen daşynyň birnäçe görnüşleri bar. Olar: gülgüne, gök garamtyl gyzyl, ak we gyzyl tegmilleri bolan açyk gülgüne merjen, gawaý merjeni, koralyň iň ýönekeý görnüşi bolan ak merjenlerdir. Bu gymmatbahaly daş ýylda 1 santimetr ulalýar. Rowaýata görä, merjen daşynyň ady ýunan diliniň «korallion» diýen sözünden gelip çykypdyr. Bu sözüň manysy «deňizleriň ogly» diýmekligi aňladýar. Ýazuw çeşmelerinde «koral» sözüniň nemes diliniň «koralle» sözünden gelip çykandygy bellenilýär. Merjenler ýyly suwlarda tropik ýurtlarda kadaly ösmäge ukyplydyrlar. Tebigatda bu daşyň 6000 görnüşine duşmak bolýar. Şeýle-de merjen daşy daşky gurluşy boýunça agaç we ýelpewaç görnüşdedir. Merjenlerden, köplenç, her dürli monjuklar, şaý-sepler ýasalýar. Merjen daşyna, başgaça, «syýahatçylaryň daşy» hem diýilýär. Sebäbi irki döwürlerden bäri onuň adamy dürli betbagtçylyklardan, ýol azabyndan gora

Jümle-jahan habarlary

Emeli aňly smartfonlar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täzelenen tertibini çap etdi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 27-nji oktýabra çenli hereket etjek halkara uçuşlaryň täzelenen tertibini çap etdi. Bellenen döwre çenli milli awiakompaniýa dünýäniň iri 12 şäherine uçuşlary amala aşyrar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi. Täzelenen tertibe laýyklykda, Aşgabatdan dürli ýurda uçuşlar her hili ýygylykda ýerine ýetiriler:

«BEÝIK BINALAR GÖRNER...»

Dünýäde geň-taňlyklar kän. Olar bilen sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly gaýybana tanyşyp oturşyňa merdana halkymyzyň “Ýagşyny görmek – jennet” diýen pähimli sözi ýadyňa düşýär. Ganatly jümleleriň birinde hem “Gözellik gözlerde şöhlelenýär” diýilýär. Emma dünýädäki geň-enaýy binalary synlanyňda, öz gözleriňe ynanjagyňy-da bilmersiň, ynanmajagyňy-da. Kalbyňdaky duýgulary aňlatmak üçin, Magtymguly Pyragynyň “Ol gudrat işlere akyl haýrandyr” diýen setirlerini zybana getirip, özüňden bidin kelläňi ýaýkaberersiň. Bu ýagdaýda il içinde “Hany, onda iýeniň-içeniň özüňki, gören-eşideniňden habar ber!” diýlişi ýaly, dünýäniň geň-enaýy binalarynyň käbiri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

TARYHY ÝADYGÄRLIKLERE BAÝ MEKAN

Italiýa iň gadymy döwletleriň biri hasaplanylýar. Şeýle-de ol dünýä medeniýetine, ylmyň-bilimiň ösmegine önjeýli goşant goşan döwlet hökmünde hem giňden tanalýar. Munuň şeýledigini Italiýanyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärliklerdir binalary, birnäçe sungat eserleri doly tassyklaýar. BMG-niň düzümindäki ÝUNESKO-nyň sanawyna Italiýanyň 50-den gowrak ýadygärlikleri girýär. Italýan topragynda saklanyp galan bu arheologik we binagärlik ýadygärlikleri köp sanly syýahatçylara taryhy gyzykly wakalary gürrüň bermäge ukyplydyr. Kolizeý. Ilkinji nobatda dünýä jahankeşdeleriniň iň köp barýan ýerleriniň biri bolan Rim şäheriniň täsinlikleriniň hatarynda ozal guwlaryň hem uçmadyk kölüniň ýerinde gurlan Kolizeýiň adyny aýtmak gerek. Bu Rim şäheriniň meşhurlygy boýunça Watikandan soňky ikinji, syýahatçylygy boýunça hem birinji orunda durýan taryhy gymmatlygydyr.

Aşgabat-Frankfurt-Aşgabat ugry boýunça goşmaça howa gatnawlary ýola goýlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2024-nji 8-nji oktýabryndan Aşgabat-Frankfurt-Aşgabat ugry boýunça goşmaça awiagatnawlary amala aşyrar. Bu barada howa gatnawlarynyň baş agentligi habar berýär. «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti özüniň halkara gatnawlarynyň toruny berkitmegi dowam etdirmek bilen müşderilerine ýokary hilli we howpsuz hyzmatlary hödürleýär.