HABARLAR

Jümle-jahan habarlary

Iň uly ýük awtoulagy görkezildi

Syýahatçylyk: tagallalar, şertler, mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Bu ugurdaky özgertmeleriň maksady döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşmaga, BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasyna agza ýurtlar bilen syýahatçylyk boýunça gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda syýahatçylyk pudagynyň işini dolandyrmakda kabul edilen döwlet maksatnamalaryndan ugur alynýar. «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça hem Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirligi tarapyndan iş meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu bolsa pudagyň işiniň maksatlaýyn esasda dolandyrylmagyna itergi berýär. Türkmenistanyň ýeke-täk milli syýahatçylyk «brendini» we «şygaryny» işläp taýýarlamak üçin bilermenler derejesinde pudagara iş topary döredilip, oňa degişli hünärmenler gatnaşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýeke-täk milli syýahatçylyk «brendiniň» birnäçe taslama görnüşleri taýýarlanyldy.

Täsin taslama

Saud Arabystany Patyşalygy «The Line» atly täze şäher gurmagy meýilleşdirýär. Bu ýerde binalaryň beýikligi 500 metre, ini 200 metre barabar bolup, şäheriň iki gapdalynda aýnadan diwar bolar. Bu bolsa ýaşaýjylaryň goh-galmagaldan uzakda asuda ýaşamagyna oňat şert döreder. Täze guruljak şäheriň umumy tutýan meýdany 34 müň inedördül kilometre golaý bolar. «The Line» atly şäherde awtoulag üçin niýetlenen köçeler bolmaz, ýagny bu ýerde diňe ýerasty otlular ulanylar. Howanyň arassalygy üçin amatly boljak bu otlular 20 minudyň dowamynda şäheriň bir çetinden beýleki çetine çenli baryp ýeter. 9 million ýaşaýja niýetlenen bu şäheriň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň 2030-njy ýyla çenli tamamlanmagy göz öňünde tutulýar.

Jümle-jahan habarlary

Dünýä rekordyny gazandy

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Eziz Watanymyz syýahatçylygyň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Halkymyzyň myhmansöýerliginiň baý däpleri täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, syýahatçylyk ulgamynyň döwrebap ugurlaryny özünde jemleýär. Döwrebap şähergurluşygy, halkymyzyň taryhy-medeni özboluşlylygy, baý milli mirasy, dünýä meşhur türkmen halylary hem-de ahalteke bedewleri, gadymy ýadygärlikler, täsin tebigy ekologiýa ulgamlary syýahatçylygy ösdürmäge uly mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý milli däpleri we olaryň özboluşlylygy syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýar. 2024-nji ýylyň mart aýynda geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň çäginde hem daşary ýurtly myhmanlar tarapyndan türkmen topragynyň tüýs jahankeşdeleri özüne baglajak mekandygy aýratyn nygtaldy. Syýahatçylyk ugurlarynyň gerimini we onuň köp görnüşlerini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşini gazanmak

Russiýa Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasyndaky howa gatnawynyň açylmagyna gyzyklanma bildirýär

Russiýanyň kompaniýalary Türkmenistan bilen elektron söwda we ulag ugurlarynda geljekki taslamalary amala aşyrmaga, Astrahan bilen Türkmenbaşy şäherleriniň arasynda göni howa gatnawyny açmaga, şeýle hem Hazar deňzinde kruiz gämi gatnawyny guramaga gyzyklanma bildirýärler. Bu hakda TASS habarlar agentligi Russiýanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaçyň sözlerine salgylanmak bilen, habar berýär. Onuň sözlerine görä, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2024-nji ýylyň geçen sekiz aýynyň dowamynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 47,9 göterim ösüş görkezdi.

Toprakdan dörän sungat

Binagärlik sungatynyň görnüşleri dürli-dürli bolup, şolaryň arasynda Yslam binagärligi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu görnüş VII asyrda Ýakyn Gündogarda döräp, Orta asyrlarda Kiçi Aziýada, Hindistanda, Eýranda, Merkezi Aziýada, Demirgazyk Afrikada, Ispaniýada, Kawkazda, has soňrak Günorta-Günbatar Aziýada ösüpdir. Diňe bir dini binalar däl, eýsem, adaty durmuş maksatly ymaratlar-da degişli bolan Yslam binagärligi hem birnäçe görnüşe bölünýär. Arap binagärligi. Bu görnüş yslam dini bilen birlikde dünýä ýaýrapdyr. XVI asyra çenli gurlan binalara mahsus bolan bu görnüşe gönüburçly we dörtburç howlularyň diwarlarynda arkalaryň, ötükleriň bolmagy häsiýetlidir.

Täsin desga

Wýetnamyň «Bitexco» maliýe diňi 2010-njy ýylyň oktýabr aýynda halka hyzmat edip başlady. Bina 68 gatdan we ýerzeminden ybaratdyr. Desganyň beýikligi 262 metre barabar bolup, umumy tutýan meýdany 100 müň inedördül metre golaýdyr. Bu maliýe diňi 2011-nji ýyla çenli ýurduň iň beýik desgasy hökmünde hasaba alyndy. Birnäçe edara otaglaryny, söwda merkezlerini we kafeleri öz içine alýan binada 33 müň inedördül metre barabar bolan awtoulag duralgasy hem bar. Desgada jemi 21-den gowrak lift bolup, olar bary-ýogy 1 minuda golaý wagtda iň ýokarky gata barýar. Bu bolsa desgada häzirki zaman kämil enjamlaryň ulanylandygyndan habar berýär.

Jümle-jahan habarlary

Robot rekord goýdy

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäheri bilen Minsk şäheriniň arasyndaky uçuşlaryň sanyny artdyrýar. Kompaniýanyň Metbugat gullugynyň habaryna görä, 23-nji noýabrdan «Belawiýanyň» uçary Minsk — Türkmenbaşy ugrunda hepdede iki gezek, ýagny sişenbe we şenbe günlerinde uçuşlary amala aşyrar. Iş tertibine görä, şenbe güni uçar Minskden sagat 9:30-da uçup, ýerli wagt bilen 15:35-de Türkmenbaşy şäherine geler.