HABARLAR

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Jidde we Kuala-Lumpura gatnawlara başlaýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde uçar gatnawlarynyň toruny giňelder we awiakompaniýa Saud Arabystanynyň Jidde hem-de Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherlerine awiagatnaw hyzmatyny berip başlar. Kuala-Lumpur şäheirne gatnawlar 15-nji fewralda, Jidde şäheirne bolsa 16-njy fewralda başlanar. “AeroRoutes” kompaniýasynyň saýtynyň maglumatyna görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Jidde şäherinde hepdede 3 gezek, Kuala-Lumpura bolsa, hepdede 2 gezek uçar gatnawlaryny ýerine ýetirer.

“Eşretli syýahat”: Türkiýä üçin arzan bahaly bilet

Ýokary hilli syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýän “Eşretli Syýahat” hojalyk jemgyýeti Aşgabat-Stambul-Aşgabat ugry boýunça arzan bahaly bilet mümkinçiliginden peýdalanmaga çagyrýar. “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabat-Stambul-Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawynyň awiabiletiniň bahasy bary-ýogy 490 ABŞ-nyň dollaryna deňdir. «Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky ygtyýarlandyrylan agentlerinden “Eşretli Syýahat” hojalyk jemgyýetiniň kassalaryndan Aşgabat-Stambul-Aşgabat ugry boýunça arzan bahaly biletleri satyn alyp bilersiňiz. Bu arzan bahaly biletleri 2024-nji ýylyň 31-nji martyna çenli döwür üçin satyn alyp bilersiňiz.

Täze «Boeing 777-300ER» kysymly ýolagçy uçary Aşgabat — Abu-Dabi şäherine uçuşy amala aşyrdy

Aşgabadyň Halkara howa menziline gelen ikinji täze «Boeing 777-300ER» kysymly ýolagçy uçary Abu-Dabi şäherine uçuşy amala aşyrdy. Bu barada TDH ýazýar. Döwrebap howa gämisi 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply. Onda 2 sany «GE90-115BL2» görnüşli hereketlendiriji ornaşdyrylan. Bu uçaryň uçuş uzaklygy 11 390 km deň bolup, ol 40 tonna çenli göwrümli ýük bilen halkara gatnawlary bökdençsiz ýerine ýetirip bilýär.

«Flydubai» türkmen uçarmanlary üçin okuwlary geçirer

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň arasynda uçarmanlary taýýarlamak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berýär. Ähtnama laýyklykda, taraplar «Flydubai» ygtyýarnama merkezinde uçarmanlar üçin okuw hyzmatlaryny bermek mümkinçiligine garamakçy. Okuw «Boeing 737» kysymly uçarda geçiriler.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat – Abu-Dabi ugry boýunça uçuşlary gaýtadan dikeltdi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy uçar gatnawlarynyň gaýtadan dikeltdi. Onuň ilkinji uçuşy 5-nji ýanwarda ýerine ýetirildi. Degişli ugra ýolagçy uça gatnawlarynyň gaýtadan dikeldilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine saparynyň wagty bilen gabat geldi. Bu saparyň barşynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýär.

"Flydubai" Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny giňeltmäge taýýar

Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet awiakompaniýasy - "Flydubai" Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny giňeltmek, şeýle hem bu ugurda işgärler düzümini taýýarlamak we maddy-enjamlaýyn ugurlarda ýurduň awiasiýa pudagy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr. Bu barada "Dubai Aviation" korporasiýasynyň (Flydubai) täjirçilik direktory Hamad Obeýdalla türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda mälim etdi.

Türkmenistana bir aýyň içinde iki "Boeing" uçary getirildi

Türkmenistan raýat awiasiýasyny ösdürmek bilen bagly 2030-njy ýyla çenli kabul eden milli maksatnamasyna laýyklykda bu pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrýar. Türkmenistanyň awiasiýa parkyna raýat gatnawlaryna niýetlenen "Boeing 777-300" kysymly uçaryň nobatdakysy gelip gowuşdy. Bu Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň gol çeken Karary esasynda soňky bir aýda Türkmenistana getirilen uçarlaryň ikinjisidir. Şeýle ýolagçy uçaryň ilkinjisi geçen ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabadyň Halkara howa menziline gonupdy.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine uçuşlaryny dowam etdirer

Türkmenistanyň howa ýollary Aşgabatdan Milana (Italiýa), Kuala-Lumpura (Malaýziýa), Jidda (Saud Arabystany) we Hoşimine (Wýetnam) uçuşlaryny dowam etdirer. Muny turkmenistanairlines.tm web sahypasyndaky täzelenen maglumatlar görkezýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtyndan Jidda (4322.5 TMT) we Hoşimin 6002.5 TMT) uçuşlaryna petekleriň onlaýn satuwy başlandy.

Hytaý özüniň ýolagçy uçaryny şu ýyl daşary ýurtly hyzmatdaşlara hödürlär

2024-nji ýylda Hytaý daşary ýurtly müşderilere özüniň "COMAC C919" ýolagçy uçaryny hödürläp başlar. Häzirki wagtda bu görnüşli täze uçarlaryň diňe üçüsi yzygiderli ýolagçy gatnawlary amala aşyrýar. "COMAC C919" uçarynyň Hytaýdan daşarda geçirilýän awiauçarlaryň dürli halkara şüweleňine işjeň gatnaşmagyna garaşylýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýanwaryň başyndan 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar

Ýanwar aýynyň başyndaky ýagdaýa görä, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 8 ýurda 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen uçuşlaryň tertibinde habar berilýär. Uçuşlaryň aglaba bölegi Russiýa Federasiýasyna amala aşyrylar. Has takygy, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary Moskwa (3655,8 manat) hepdede 5 gezek we Kazana (4954,3 manat) bolsa hepdede 4 gezek gatnar. Petekleriň bahasy turkmenistanairlines.tm saýtynda görkezilendir.