HABARLAR

Bildiriş

Türkmenistanyň Mejlisiniň «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» 2022-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky 517-VI belgili hem-de Daşoguz welaýat häkiminiň 19.11.2022-nji ýyldaky 412 belgili, Şabat etrap häkiminiň 22.11.2022-nji ýyldaky 1129 belgili kararlaryna laýyklykda, Şabat (öňki S.A.Nyýazow adyndaky) etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň ýapylýandygy habar berilýär. * * *

Bal­kan we­la­ýa­ty bo­ýun­ça «Bal­kan­te­le­kom» WE­AK-nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky ra­dio we te­le­ýaý­ra­dy­jy bö­lüm­le­rin­de tä­ze gur­na­lan we ýaý­ly­ma ber­len FM ra­dio­ýaý­ra­dy­jy en­jam­la­ry­nyň iş­leý­şi ba­ra­da MAG­LU­MAT

Hormatly talyplar we ene-atalar!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär. «Talyp karzy» Türkmenistanyň raýaty bolan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara degişli okuwyň bahasyny tölemek üçin gaýtadan dikeldilýän karz ugry boýunça berilýär.

Üns beriň, döredijilik bäsleşigi!

«Zenan kalby»  žurnalynyň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde 8-nji mart—Halkara zenanlar güni mynasybetli ýaş žurnalist gyzlaryň arasynda «Ýaşlyk joşguny» atly döredijilik bäsleşigini hem-de şygryýet agşamyny geçirýär. Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän we ýokary okuw mekdeplerinde žurnalist hünäri boýunça bilim alýan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Üns beriň bäsleşik!

«ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR — WATANYŇ DAÝANJY, HALKYŇ ВUÝSANJY» şygar bilen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli «Türkmennebit» döwlet konserni, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de «Nebit-gaz» gazeti Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda ýurdumyzyň ösüşleri, özgerişleri, nebitgaz toplumynda ýetilýän täze sepgitler barada hem-de ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak, Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda ýazylan iň gowy makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgulardyr hekaýalaryň bäsleşigini yglan edýär. BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY

Üns be­riň, bäs­le­şik!

Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi, «Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da bi­lim iş­gär­le­ri­niň ma­ka­la­la­ry­nyň, he­ka­ýa­la­ry­nyň we goş­gu­la­ry­nyň iň go­wu­la­ry­ny çap et­me­gi na­zar­da tu­tup, «Ylym-bi­lim — bag­ty­ýar ýaş­la­ryň röw­şen gel­je­gi» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­ni yg­lan ed­ýär­ler. BÄS­LE­ŞI­GIŇ DÜZ­GÜN­NA­MA­SY

«ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR» ATLY 2023-NJI ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ DÜZGÜNNAMASY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly 2023-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa çagyrýarys

1. 2023—2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby-deňiz institutda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlaryny giriş synaglarynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edýändigini habar berýär. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar. 2. Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamasynyň çäklerinde, matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary türkmen dilinde kabul edilýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa çagyrýarys

1. 2023—2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okamaga isleg bildiren, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlanda, 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn Türkmenistanyň raýatlaryny giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär. 2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpa çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlaryny hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa çagyrýarys!

1. 2023 — 2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby-deňiz institutda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlaryny giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edýändigini habar berýär. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar. 2. Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň çäklerinde, matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary türkmen dilinde kabul edilýär.