HABARLAR

Hormatly raýatlar!

Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugy Hil we ekologiýa ulgamyny dolandyrmak bilen baglanyşykly TDS-ISO 9001 we TDS-ISO 14001 Halkara standartlarynyň talaplary boýunça sertifikatlaşdyrmak işlerini geçirmek mümkinçiliginiň bardygyny hem-de ýerine ýetirilýän önümçiliklere laýyklyk sertifikatynyň möhletleriniň 3 (üç) ýyla çenli resmileşdirilýändigini habar berýär.

Bildiriş!

«Babarap» hususy kärhanasynyň adynyň üýtgedilip, indiden beýläk «Bagtly diýar» hojalyk jemgyýetine öwrülýändigini habar berýäris.

Hormatly okyjylar!

2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Ahal durmuşy» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşygyň başlanandygyny habar berýäris. Gazetimiziň kagyz görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» döwlet aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 93-17-36, 93-01-55, 93-28-55, 93-11-96.

Hormatly okyjylar!

2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Bereketli toprak» gazetiniň elektron görnüşine abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny size habar berýäris. «Bereketli toprak» gazetiniň elektron görnüşine 2025-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygyna «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda we onuň «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen, «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» atly bukja arkaly ýazylyp bolýandygyny ýatladýarys. Şonuň ýaly-da, «Bereketli toprak» hepdelik gazetiniň çap görnüşine 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny size habar berýäris.

Bildirişler

Edaralaryň we raýatlaryň resminamalary barada 22/10/2024

Işanberdiýewa Güljahan Çarymyradownanyň adyna Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap döwlet salgyt gullugy tarapyndan 2020 ý. berlen J  № 0085680 patentiň, № 0345115 bellige alyş şahadatnamasynyň we № 0225067 şahsy tarapyň salgyt hasabyna goýlandygy hakyndaky şahadatnamasynyň ýitendigini habar berýäris. ***

Gezen ýerleri

Bu keremli daglar, görkana ýerler, Akyldar Pyragyň gezen ýerleri. Bu gözel jülgeler,gadym dereler, Akyldar Pyragyň gezen ýerleri, Joşup, goşgy-gazal düzen ýerleri. Togap edip gadam basan yzyny, Ýüze syldym daglylaryň duzuny. Diňledim goşgusyn dutar sazyny, Akyldar Pyragyň gezen ýerleri, Joşup, goşgy-gazal düzen ýerleri.

Arzuwlan zamanaň geldi!

Adyň Arşda, köňlüň köşkdür, parasatly beýik dana,Her setiri umman kibi eýedir ol giden mana,Ägirtden dörän ägirtdir, hakdan içen hak ulamaBeýik! Beýikligiň bilen haýran etdiň şamçyragy,Arzuwlan zamanaň geldi, tirsegiňe gal Pyragy! Açyldy arzuw gunçalaň, baglaryň bossan bolandyr,300 ýyllyk toýuň bilen şanyňa dessan bolandyr,Dürdäne setirleň bilen ak ýolda messan bolandyr,Şan-şöhratyň Arşa galdy, bagtly iliň ajap çagy,Arzuwlan zamanaň geldi, tirsegiňe gal Pyragy!

Magtymguly Pyragy we Aly şahyr

Aralarynda bäş asyr wagt bar bolsa-da, bu iki ussady söz sungaty baglanyşdyrýar. Edebiýatymyzyň taryhynda «Kyssaýy Ýusup» poemasy bilen tanalýan, ömrüne degişli juda az maglumatlar saklanyp galan şahyrlaryň biri-de Alydyr. Ol XIII asyrda, takmynan, 1195-1260-njy ýyllarda Köneürgençde ýaşapdyr we kyssaýy «Ýusup Züleýhany»  ilkinji gezek türki dilinde poema edip ýazypdyr. Bu poemanyň her setiri on iki bogunly bolup, 4280 töweregi setiri özünde jemleýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem Ýusubyň keşbi gözelligiň nyşany hökmünde orta çykýar. Milli şahyrymyz bu kyssa aýratyn söýgi bildirýär we ençeme şygyrlarynda ýüzlenýär. Diňe bir mysal ýa salgylanma hökmünde garaman, oňa bagyşlap aýratyn şygyrlary-da ýazýar. Şahyryň «Arap tilli söwgüdim», «Ýaranlar», «Ýusup diýe-diýe»... ýaly şygyrlary gönüden-göni Ýusup kyssasynyň täsiri esasynda ýazylan eserlerdir.

Bildirişler

Garagum etrabyndaky 1-nji orta mekdepden orta bilim hakynda Baýram Hangeldiýewiç Hallyýewe berlen A № 0157173 şahadatnamany ýitendigi sebäpli güýçsüz hasap etmeli. ***