HABARLAR

Halk hakydasynyň hazynasy

Mälim bolşy ýaly, taryhy ýyl ýazgylar diýen düşünje bar. Emma ondan hem has giň we çuňňur köklere uzan taryhy hakyda barada hem oýlanmak zerur. Gahryman Arkadagymyz ilimize serpaý eden «Hakyda göwheri» atly täze eserinde hut şu babatda täze pikirleri öňe sürýär. Aslynda, her bir geçen waka, pursatlar geçmişiň bir parçasy bolsa-da, gadymyýetiň awtorlaryna degişli bolan ýyl ýazgylaryň arasynda taryhy hakykata laýyk ornuny alyp bilmedikleri hem bar. Milli Liderimiziň pikir-garaýyşlaryna görä, taryhy hakyda asyrlar, müňýyllyklar aşyp, heňňamlar dolansa-da, geljekki nesilleriň aňynda öten ata-babalaryndan galan üzülmejek ruhy bagdyr, köňül rişdesidir, buýsançly watançylyk çeşmesidir.

Insult nähili kesel?

Habarçymyz kelle beýnisinde ganaýlanyşyň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýän kesel — insult barada Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Maýa Berdiýewa bilen söhbetdeş boldy. — Insult nähili kesel? Onuň döremegine näme sebäp bolýar?

Halkymyzyň beýik gymmatlygy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde  her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylygyň bagtyýar türkmen halkyny aýratyn buýsanja besleýän şöhratly senedigini nygtamak ýakymlydyr. Sebäbi hut şol günde – 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edildi we bu senäniň bu günki gün dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan baýram edilmegi türkmen Bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetine eýediginiň güwäsidir.

BITARAPLYK – JAHAN IÇRE MERTEBE

Bitaraplyk – jahan içre mertebeAk ýoluň dünýäniň nurly ha:laty,Taglymyňdan şöhrat alýar erteler,Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ganaty,Dostanalyk — il-ýurdumyň zynaty. Hasyl bolup döwlet gurmak wysaly,Her säherler «ak ýol» diýýär Pyragy.Jahan bu gün bizden alyp mysaly,Çaýdy ýüreklere sönmez çyragy,Bitaraplyk ýakyn etdi yragy.

KALPLARY JOŞDURÝAN ESER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana halkymyz beýik geçmişinden we bagtyýar şu gününden ruhlanyp, röwşen geljege tarap ynamly ilerleýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygary ýörelge edinen hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň we döwletimiziň at-abraýy barha beýgelýär. Bu gün tutuş dünýäde türkmen halkynyň taryhyna gyzyklanma artýar. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň ýokary derejede bellenilýän ýylynda eziz Watanymyza ýakyn-

Şanly taryhyň beýany

Golaýda Gahryman Arkadagymyz zähmet rugsadynda – dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolup, şöhratly taryhymyz hakynda toplan maglumatlary esasynda döreden «Hakyda göwheri» atly täze eserini ýazyp tamamlandygy barada hoş habary ildeşlerimize ýetirdi. Milli Liderimiziň halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden hem-de häzirki nesillere miras galdyran milli gymmatlyklaryna, şan-şöhratly ýoluna, taryhda yz galdyran şahsyýetlerine bagyşlan täze kitaby ýaş nesiller üçin gymmatly hazyna çeşmesi bolar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň her birimiz baý edebi mirasymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan ösüşlere buýsanmaga hem guwanmaga haklydyrys. Hormatly Arkadagymyz «Hakyda göwheri» diýip atlandyran kitabynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary ýerleşdirendigini aýratyn belläp geçdi. Munuň özi täze kitaba bolan gyzyklanmany artdyrýar. Berkarar Watanymyzyň täze taryhy döwründe milli ýol-ýörelgeleriň dabaralanmagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, kämil bilimli, watansöýüji nesliň kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdi

Täze kitap – ajaýyp sowgat

Türkmen halky kitaba uly hormat goýup, ony gymmatly hazyna deňeýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän eserler giň halk köpçüligi, ähli ýaşdaky adamlar üçin gymmatlydyr. Milli Liderimiziň täze ýazyp tamamlan «Hakyda göwheri» atly eseriniň elimize gowuşmagy hem bütin il-ulsumyzyň göwün guşuna ganat berdi. Çeper döredijilige gadyr goýýan hormatly Arkadagymyzyň şöhratly taryhymyz hakynda «Hakyda göwheri» diýen kitabyny ýazyp tamamlamagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýatdan çykmajak wakalarynyň biridir. Bu eserde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyz, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly maglumatlaryň beýan edilmegi onuň ähmiýetini artdyrýar.

Ýeňişlere beslenýän ýyl

Tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp sport üstünlikleri milli sportumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak ugrunda durmuşa geçirilýän netijeli işleriň miwesidir. Elbetde, munuň milli sportumyzyň taryhy ýeňişlere uzaýan ýolunyň binýadyny goýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de şol döwletli başlangyçlary mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen baglydygyny bellemek gerek. Bu ýyl iri sport merkezi hökmünde uly abraýdan peýdalanýan Watanymyzyň eýe bolan belent sepgitleri diýseň buýsandyryjydyr. Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara ykrarnamasyna eýe bolmagy Diýarymyzyň dünýädäki abraýynyň görkezijisidir. Şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem şeýle wakalaryň biri hökmünde göwnümizi galkyndyrdy. Golaýda paýtagtymyzda geçirilen tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň ýokary derejesi bilen tapawutlanmagy bolsa ýurdumyzyň şeýle sport baýramçylyklaryny guramakdaky tejribesini äşgär etdi. Şol ýaryşda tennisçilerimiziň gazanan ajaýyp netijeleri türgenl

Beýik söz ussady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleri ýetişdirmek, olary Watana söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaş nesilleri terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, XVIII asyr türkmen poeziýasy Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Şol döwür türkmen döwletiniň binýadynyň berk, sarsmaz boljakdygynyň, nurana geljegiň, ykbalyň miýesser etjekdiginiň il-güne öňdengörüjilik bilen wagyz edilen aýratyn bir öwüşgine eýe bolan täze döwri bolupdyr. Şahyryň belent adamkärçiligi, halallygy, päkligi öwüt-ündew edýän terbiýeleýji şahyrana setirleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze öwüşgine eýe bolup, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygyna hem-de kämilligine öz sesini goşýar. Beýik Pyragy her bir ynsanyň sagdyn pikirli hem-de bütin jemgyýetiň sagdyn bolmagyny arzuwlapdyr. Bu arzuw hut biziň şu günlerdäki bagt

Asylly ýörelge dowamat-dowam

Bag ekmek diýseň sogaply iş bolup, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň ygtybarly ýoludyr. Eziz Diýarymyzda tokaý zolaklarynyň çäkleriniň ýyl-ýyldan giňeldilmegi, köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň yzygiderli ýaýbaňlandyrylmagy Watanymyzda tebigatyň gaýtalanmajak gözelliklerini aýawly saklamagyň ýolunda amala aşyrylýan ähmiýetli ädimleriň möhüm bölegidir. 9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň guralmagy hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky döwletli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändiginiň subutnamasy boldy. Çünki Watanymyzda asylly däbe, döwletli ýörelgä öwrülen bag nahallaryny ekmek çäreleri ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işleriň möhüm tapgyrydyr. Şol çäreleriň çäklerinde bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri-de utgaşdyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň beýanydyr.