HABARLAR

Möhüm waka bolar

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka bolar. Bu saýlawlara ykjam taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek Merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasy esasynda işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Nobatdaky saýlawlar milli Liderimiziň başlangyçlary bilen jemgyýetimiziň demokratik ýol-ýörelgeler bilen täze belentliklere çykýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem şu saýlawlaryň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, Garaşsyz döwletimizde hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar esasynda geçirilýändigini ýatlamalydyrys. Şu möhüm çäräni taýýarlykly garşylap, onuň guramaçylykly geçirilmegine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň işgärleridir işjeň agzalary saldamly goşantlaryny goşýarlar. Biz telekeçileriň arasynda bu syýasy wakanyň ähmiýetini düşündirmekde degerli işleri talaba laýyk alyp barýarys.

Kerki howa menzili: işler gyzgalaňly barýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan il-ýurt bähbitli binalaryň, desgalaryň onlarçasy ulanylmaga berler. Şolaryň arasynda Kerki şäheriniň günorta-günbatar künjeginde gurulýan howa menzili aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň paýtagtyny gündogar künjek bilen baglanyşdyrjak bu howa menzili örän çalt depginler bilen ösüp-özgerip barýan sebitiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan — Owganystan demir ýolunyň, Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý halkara awtoulag ýolunyň başlanýan ýeri hasaplanýan bu sebit beýleki döwletler üçin-de möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin-de, «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» ýerli howa gatnawlarynyň täze ugurlaryny açyp, howa menzillerini gurmak we öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek bellenilýär.

Ata-baba ýörelgämiz

Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden ýol-ýörelgesiniň esasynda döwletlilikden nyşan bolan agzybirlik we birek-birege bolan ynamy pugtalandyrýan lebizlilik bar. Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň baý tejribesine daýanyp, hoşniýetlilik ruhuna ýugrulan parahatçylyk we özara ynanyşmak ýörelgesine esaslanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen beýik işleri amala aşyrýar. 2021-nji ýyl “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip atlandyryldy. Ýylyň şygarynda ulanylýan parahatçylyk we ynanyşmak düşünjesi döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýyny, alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ygrarlydygyny aňladýar. Hut şu nukdaýnazardan hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy esasynda “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi.

Üns beriň, bäsleşik!

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle-de 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde «Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär Bäsleşigiň maksady

Rowaçlyklaryň belent sepgitlerine tarap

ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY – ÝOLUMYZYŇ ÇYRAGY Parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine görä, parahatçylygyň we birek-birege ynanyşmagyň höküm sürýän ýurdunda beýik-beýik ösüşler amala aşyrylýar. Parahatçylyk we ynanyşmak düşünjesi bütin türkmen halkynyň asman asudalygyny, dünýä parahatçylygyny gorap saklamak bilen, ösüşleriň täze belentliklerine çykmak baradaky arzuw-islegleriniň jemidir. Türkmen halkynyň dünýä halklarynyň abadançylygyny we ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen döwletlilik ýörelgeleri bu günki gün dünýäde giň goldaw tapýar hem-de dabaralanýar.

Aşgabadyň gözel keşbi

Mähriban Arkadagymyz ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek meselesini hemişe berk gözegçilikde saklaýar. Aşgabadyň keşbinde Watanymyzyň ýokary durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti her ýyl täze we özboluşly binalardyr desgalar bilen ýetirilip, halkymyzyň aýratyn buýsanjyna, ýurdumyzyň depginli ösüşiniň görkezijisine öwrülýär. Ýaşaýşyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň görülmegi netijesinde, Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşamaga iň amatly şäherleriniň biri, iri çäreleri geçirmek hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin ähli şertler döredilýän sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi derejesini has-da pugtalandyrýar. Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, täze ýaşaýyş, dolandyryş, senagat toplumlarynyň, ýol-ulag we durmuş düzümlerine degişli desgalaryň iri möçberli taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen giňişleýin tanyşmak üçin wagt tapyp, täze gurluşyklary yzygiderli gözden geçirýär. Milli Liderimiz ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň başyny başlap, olary durmuşa geçirmeg

Watançy gerçekleriň bäsleşigi

­­­ Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde «Watançy gerçekler» atly çeper-döredijilik bäsleşigi geçirildi. Her ýyl Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralýan bu bäsleşik Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus Watan goragçylaryny terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň Watana wepalylyk hem-de merdanalyk bilen ak ýürekden gulluk etmeklerini gazanmak, hormatly Prezidentimiziň öwüt-nesihatlaryny we watançylyk sargytlaryny, eserleriniň many-mazmunyny şahsy düzümiň aňyna çuňňur ornaşdyrmak, şeýle hem harby bölümlerde giň dünýägaraýyşly, öz hünärine ökde, geljekde ykbalyny serhet goragyna bagyş etjek sungata höwesli serhetçi esgerleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Watan goragçylarynyň buýsanjy

Ýakynda podpolkownik Röwşen Aýazowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli garnizonyň çäginde ýerleşýän harby bölümleriň we edara-kärhanalaryň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda durup, özleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekde aýratyn tapawutlanan merdana Watan goragçylaryna döwlet sylaglary we harby atlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Sylaglara mynasyp bolan harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak kuwwatynyň has-da berkemegi ugrunda durmuşa geçirýän giň gerimli başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny aýtdylar.

Täze sepgitleri nazarlap

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, welaýatlaryň «ak altyn» ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamagyň, sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylyp, möwsüme doly taýýar edilmelidir, pagtaçylary tohum bilen doly üpjün etmek üçin ekiş möwsümine çenli zerur bolan gowaça tohumlary taýýarlanylmalydyr.

Özgertmeler — döwrüň talaby

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Wakanyň bolan ýerinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary garşyladylar.