HABARLAR

Bagtly ýylyň toý şatlygy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda batly gadamlar bilen öňe barýan mähriban ýurdumyzyň demirgazyk künjeginde bagtyýarlyk döwrümiziň hözirini görüp, ajaýyp durmuşda ýaşaýan, halal zähmet çekip, döwletli ojaklarynyň rysgal-berekedini goşalandyrýan S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ähli ilaty uly şatlyk hem-de buýsanç bilen toý toýlady. Geçen ýylyň jemleri boýunça bu etrabyň ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edilmegi, milli Liderimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, etrap häkimligine bir million amerikan dollary möçberinde pul baýragynyň gowşurylmagy toý-baýramçylygyň iň gözel bezegine öwrüldi. Nurnepes JUMAÝEW,etrabyň Biruny geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy:

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiden hat geldi. Onda: «Iki ýurduň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga çalşyp, men jenap Irfan Ahmedi Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim» diýlip bellenilýär.* * *16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alşyldy.

Dalaşgärler hödürlenilýär

Şu günler welaýatymyzda üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu syýasy çäräniň guramaçylykly, kanunçylykda bellenilen tertipde we möhletlerde geçirilmegi ugrunda aladalanylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär. Şu güne çenli welaýat halk maslahaty, Köýtendag, Döwletli, Darganata, Saýat, Farap, Dänew, Çärjew etrap halk maslahatlary we Türkmenabat şäher halk maslahaty tarapyndan Türkmenistanyň Halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler görkezildi.

Täzelikler

Türkmenabat şäherinde ilaty et we et önümleri, şöhlat bilen üpjün edýän dükanlaryň ýene birisi işe girizildi. Ol «Wilant, S» hususy kärhanasyna degişli dükandyr. Dükanyň çäginde önümçilik sehiniň hem ýerleşmegi ter önümleri dessine alyjylara hödürlemäge mümkinçilik berýär. Welaýat merkeziniň ilaty suw-sport toplumynyň golaýyndan geçýän köçäniň ugrunda ýerleşen onlarça hususy söwda kärhanalarynyň arasynda işläp başlanyna ýaňy bir aý bolup barýan, ýöne eýýäm ýokary hilli önümleri bilen adygan işewürlere öz hoşallyklaryny aýdýarlar. Daşary ýurtlaryň önümçilik tehnologiýalaryndan peýdalanylýan önümçiligiň ýola goýulmagynyň netijesinde her günde kakadylan, gaýnadylan şöhlatlaryň hem-de et we et önümleriniň onlarça görnüşleriniň 0,5 tonna golaýy ilata hödürlenilýär. Hususy kärhana mallary idetmek üçin Farap etrabynda ýörite öz hojalygyny hem döretdi.* * *Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda Türkmenabat pagta egriji fabriginde «Belent maksatlara tarap ynamly gadamlar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly bilen

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilikli we ynsanperwer döwlet syýasatynyň okgunly durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artyp, halkara abraýy has-da pugtalandy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem döwletimiziň halkara derejesinde alyp barýan ynsanperwerlik, parahatçylyk we özara ynanyşmak syýasaty giň goldawa eýe bolýar. Köpasyrlyk tejribä, medeni ýakynlyga esaslanyp, biziň ýurdumyz hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegini, häzirki şertlerde umumy maksatlary, ileri tutulýan ugurlary birleşdirmegi, goňşy ýaşaýan halklaryň taryhy ykballarynyň bitewiligini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň netijeli guralyny döretmegi başardy. Bu bolsa parahatçylygy we durnuklylygy saklamak ykdysady, söwda hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri dünýä döwletleri bilen bilelikde çözmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda biziň diplomatik wekilhanalarymyz Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň, Aziýa-Ýuwaş umman we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurtlarynda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek üçin öz wezipel

Türkmen bagtyýarlygynyň şuglasy

Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we howpsuzlyk taglymatynyň rowaç almagy bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň häzirkizaman diplomatiýasy barha kämilleşýär. Bu günki gün biziň döwletimiziň diplomatiýasy, sözüň doly manysynda, sebit we ählumumy derejede hoşniýetli hyzmatdaşlygy alyp barmagyň, parahatçylyk medeniýetini döretmegiň we özara ynamy berkitmegiň möhüm guraly hökmünde kabul edilýär. Hut şu mynasybetli şu günler ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni uly ruhubelentlige beslenýär. Bu baýramçylyk senesi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda güneşli Diýarymyzyň gülläp ösýändigini, dünýäde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylýandygyny alamatlandyrýar.

Aşgabat — sazlaşykly gözellikleriň mekany

Mähriban Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylymyz şatlyk-şowhuna, rysgal-berekete we uly üstünliklere beslenýär. Garaşsyz ýurdumyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýyly ata Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Ýylyň ilkinji günlerinden ähli halkymyz hormatly Prezidentimiziň döredip beren giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, tutanýerli zähmet çekýärler we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyna uludan taýýarlyk görýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda şu ýylyň 12-nji fewralynda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gazanylan ösüşler baradaky maglumatlar, Gahryman Prezidentimiziň durnukly ösüşi üpjün etmek üçin kesgitläp beren aýdyň wezipeleri bagtyýar geljegimiziň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenýändigine bolan ynamy has-da artdyrýar. Milli Liderimiziň göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde, gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýumlaryň goýlandygy, geçen ýylyň özünde hem maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany i

Milli diplomatiýamyzyň dabaralanmagy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz, ähli halkymyz üçin şu ýyl aýratyn tapawutlanýan ýyllaryň biri hökmünde taryha girer. Çünki bu ýyl döwletimiziň syýasy taýdan özbaşdak, özygtyýarly ýurt diýlip yglan edilmegine laýyk 30 ýyl dolýar. Döwletimiziň 30 ýyllyk taryhyna, hususan-da daşary syýasatda gazananlaryna ser salsak, üstünlikleri sanap çykmak üçin köptomluk kitaplar ýazylmaly bolardy. Ýöne şol üstünlikleriň göwher gaşy bolup lowurdaýan daşary syýasat işinde gazanylan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy barada buýsançly gürrüň etmezlik welin, mümkin däldir.

Ýüregimiz buýsançdan doly

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, döwletimizde ynsan mertebesi belentde tutulýar. Muny döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň esasynda amala aşyrylýan işleriň beýanynda görmek bolýar. 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, halkymyz şatlykly habarlaryň birnäçesiniň şaýady boldy. 12-nji fewralda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem-de şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň netijelerine seredildi. Onda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen birnäçe oňyn başlangyçlara, degişli Kararlaryň taslamalaryna seredildi.

Yhlasyň, hyjuwyň, zähmetiň joşguny