HABARLAR

Belent binalaryň şäheri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly rowaçlyklara beslenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaralary, ösüş ýolumyzda ýetilen sepgitler dünýäde dabaralanýar. Bu şanly sene Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýär. Ak mermere beslenen Aşgabat şäheriniň birnäçe binalary Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşanydyr.

Baky bagtyň, gözelligiň şäheri

Pajarlap gül açýar arzuw daragty,Bitaraplyk ýoly ýagtydan-ýagty,Baky bagtyň, gözelligiň paýtagty,Ak mermerli, bedew batly Aşgabat!Ösüşleri şan-şöhratly, Aşgabat! Ýaşyl Tugy arşy-älemi bezän,Taryhy bar, tarypy uzyndan-uzyn,Owazasy älem-jahana uzan, Binalary gatbar-gatly Aşgabat!Ösüşleri şan-şöhratly Aşgabat!

Işjeň ýagdaýda geçen maslahat

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komiteti tarapyndan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli edara-kärhanalardaky ilkinji partiýa guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Şäher häkimliginiň mejlisler zalynda bolan maslahatda çykyşlara giň orun berlip, olarda ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmak, ýaş nesliň watansöýüji, ynsanperwer adamlar bolup ýetişmegini gazanmak, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň gerim bilen amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli düýpli özgertmelere goşant goşmakda halk köpçüliginiň işjeňligini has-da artdyrmak, işgärleri ýokary öndürijilikli we döredijilikli işe höweslendirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak boýunça wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli alnyp barylmalydygy barada gürrüň edildi. Maslahatyň dowamynda üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek, bu jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek baradaky meselä hem garalyp, saýlawlaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda demokratik özgertmeleri amala aşyrmakda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de

Goşgular çemeni

Watanym Türkmenistan! Beýik geçmişe sarpaly Arkadagly Watanda,Döwrüň owazasy arşda, şan-şöhraty jahanda,Bu ýurda aşyk bolanyň sözi şygyr dahanda,Dünýä içre dessan bu gün, Watanym Türkmenistan!

Ösüşli menziller

Üstümizdäki ýylda döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň binýady bolan mukaddes Garaşsyzlygymyza 30 ýyl dolýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň bütin dowamynda agzybir halkymyz bu şanly senäni ýokary ruhubelentlik bilen bellär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bu günki bedew batly ösüşi hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan parasatly döwlet syýasatynyň, şeýle hem sebitiň we dünýäniň ösüşine uly ýardam edýän beýik başlangyçlarynyň süýji miwesi bolup, älemi haýrana goýýar. Ata Watanymyz geçen 30 ýylyň içinde syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda, aýratyn hem, daşary syýasatda uly ösüşlere beslendi, onuň dünýäniň ýüzündäki abraýy has-da belende galdy.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň bähbidine

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň eksport kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça ýerine ýetirilýän işler, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek sergä we maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri, türkmen-eýran serhedindäki «Dostluk» demirýol köprüsiniň üstünden geçýän ikinji demirýol şahasyny birikdirmek bo

Zenan mertebesi belent tutulýar

Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda we ulgamlarynda zähmet çekýän, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde, aspiranturalarda okaýan gyz-gelinlerimize, çagalar baglarynda terbiýenilýän gyzjagazlara, pensiýa hem-de döwlet kömek pullaryny alýan zenanlara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan pul sowgadyny gowşurmaklyk hem ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Ynha, milli Liderimiziň gol çeken resminamasy esasynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň 1-nji martyndan başlap, welaýatymyzda-da zenanlarymyza Milli bahar baýramy mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary başlandy. Häzirki wagtda etrapdyr şäherlerimizdäki bilim ojaklarynda, edara-kärhanalarda aýal-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmaklyga bagyşlanan dabaralar uly ruhubelentlige beslenip geçirilýär. Türkmen zenanlary özleri barada şeýle içgin aladalanýandygy we Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgadyny gowşurmak baradaky ilhalar başlangyjy üçin döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda 2021-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap: — Birleşen Milletler Guramasynyň rugsatnamalarynyň (pasportlarynyň) eýeleri bolan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň çägine gelen gününden başlap, 30 (otuz) senenama güni möhlete çenli wizalary resmileşdirmezden Türkmenistana gelmäge, onda bolmaga, ondan gitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berildi;

Ösüşiň we hyzmatdaşlygyň ýurdy

Şanly Garaşsyzlygymyz biziň ählimiziň bagtyýar ýaşaýşymyzyň, döwletliligimiziň esasy şertidir. Ýurdumyzyň 30 ýyl mundan ozal gazanan mukaddes Garaşsyzlygy halkymyzyň milli buýsanjy, asyrlarboýy ýüreginde beslän arzuwydyr. Bu günki ýetilen sepgitler, gazanylan ösüşler, myrat tapan maksatlar — bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna eçilen eşretleridir. Sanlyja ýylyň içinde bina edilen desgalar, çar tarapa uzan dostluk ýollary, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, ösüşiň täze belentlikleri — bularyň ählisi ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň ajaýyp miweleridir, halkyň bagtyýar ýaşaýşynyň güwäsidir. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, döwletimiz halkymyzyň abadan, bolelin, bagtyýar durmuşynyň, halal zähmetiň hözirini görmegi üpjün etmegiň ygtybarly ugurlaryny ýörelge edindi. Bu bolsa döwletimiziň syýasy, ykdysady we hukuk binýatlarynyň berkarar edilmegine şert döretdi. Munuň bilen birlikde ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen köpugurly hyzmatdaşlygy bolsa, parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň ornunyň has-da berkemegine şert döretdi. Türkmenistanyň Demirgazyk ― Günorta, Gündogar ― Günbatar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmegi we ony hil taýdan täze derejä çykarmagy, bir tarapdan, geçmişde dünýä medeniýe

Dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy

Şu günler Garaşsyz Türkmenistan möhüm syýasy ähmiýetli çäräniň bosagasynda dur. Ýagny, tutuş türkmen halky ýene sanlyja günlerden geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna garaşýar. Üstümizdäki ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlanan bu saýlaw möwsümini üstünlikli geçirmek maksady bilen ýerlerde geçirilmeli ähli çäreler kanunçylyga laýyklykda bellenilen tertipde we möhletde talabalaýyk dowam etdirilýär. Geçen ýyl kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda ýurdumyzda döredilen iki palataly parlament ulgamynyň, ýagny, Milli Geňeşiň wekilçilikli palatasy bolan Halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işi biziň welaýatymyz boýunça-da guramaçylykly geçirildi. Kanuna laýyklykda welaýat, şäher we etrap halk maslahatlary tarapyndan dalaşgärleriň jemi 18-si hödürlenildi we olary bellige almak mart aýynyň 7-sine çenli dowam eder. Olaryň hatarynda welaýatymyzyň dürli pudaklarynda we ulgamlarynda asylly we tutanýerli zähmet çekýän ildeşlerimiz bar. Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek erkin we deňhukuklylyk, aýanlyk we açyklyk ýagdaýynda deň mümkinçiliklerde amala aşyryldy.