HABARLAR

Wagyz-nesihat çäreleri

Sagdyn durmuş ýörelgeleri ündeldi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 13-nji orta mekdepde «Sagdyn nesil — geljegiň gözbaşy» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap hassahanasynyň we bilim bölüminiň hünärmenleri gatnaşdylar.

Joşgunly zähmet barha batlanýar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwrebap ulaglar düzümi hem-de ulag ýollary hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň üstünlikli ösmeginiň möhüm şertidir. «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 22-nji şahamçasynda hem bu ugurda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna taýýarlyk görülýän häzirki günlerde netijeli işler alnyp barylýar. Şahamçada ýurdumyzyň gündogar sebitiniň demirýol we beýleki käbir gaýry pudaklaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça döwrebap we üznüksiz hyzmatlaryň ýokary derejede ýerine ýetirilýändigini görmek bolýar. Watanymyzda daşalýan ýükleriň agramly bölegi demirýol ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ulgamyň işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Bu barada şahamçanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Nigara Hemraýewa şeýle gürrüň berýär.

Açyklyk we aýanlyk esasynda

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçiriljek güni barha golaýlaşyp gelýär. Bu möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy waka ýurdumyzyň iň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylar. Şol gün raýatlarymyz iň mynasyplara öz seslerini berer. Häzirki wagtda bolsa saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin taýýarlyk işleri dowam edýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy. Hödürlenen dalaşgärleriň 111-si Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparda bellige alyndy we olara dabaraly ýagdaýda şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Täzelikler

Döwletli etrabynyň çäklerinde döredilen «Gaýrat agro» daýhan hojalygy tarapyndan uzynlygy 3,7 kilometre ýetýän suw akabasy çekildi. Häzir bolsa 7 kilometrlik awtomobil ýoluň gurluşygy dowam edýär. Olaryň ikisi hem daýhan hojalygyna berkidilen ekin meýdanlaryna sary uzaýar. «Gaýrat agro» mundan alty aý ozal Çärjew etrabynyň H.Hajyýew adyndaky daýhan birleşiginiň Döwletli sebitlerindäki ýerlerinde döredildi. Daýhan hojalygyna berkidilen 1350 gektar ýeriň 690 gektaryna bugdaý ekildi. Bu ýeriň 337 gektaryna gowaça ekmek meýilleşdirilýär.

Asyr yzlan asylly ýörelgeler

Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän kitaplarynyň ählisinde türkmen döwletini we jemgyýetini kämil ýol bilen ösdürmegiň anyk ýörelgeleri öňe sürülýär. Bu bolsa köküni geçmişden alan, geljege beýik miras bolup durýan ýörelgelerdir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda: «Dünýäniň iň öňdebaryjy taglymatlarynyň durmuşda ähtibarlylygynyň sebäbi hem olaryň parahatçylyk söýüjiligiň we dostlugyň güýjüne esaslanýanlygyndadyr» diýip belleýär. Alym Arkadagymyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda il-halkyna peşgeş beren bu eserinde türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň jümmüşinden gelýän däp-dessurlary, döwleti dolandyrmagyň ýollary, ruhy-ahlak gatnaşyklary, syýasy filosofiki aňyýeti, parahatçylyk, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmaklyk baradaky ajaýyp maglumatlar dürli durmuşy tymsallaryň, hekaýatlaryň, pähim-parasadyň üsti bilen beýan edilýär. Kitapda Oguz han Türkmeniň döwründen bäri dowam edip gelýän döwleti dolandyrmagyň tejribesi, usullary barada aýdylýar. Olar türkmen halkynyň müňýyllyklardan gelýän bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak garaýyşlary, däp-dessurlary bilen baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmek halkymyzyň Oguz han zamanyndan bäri ygrarly

Halkara ýaryşlaryň mekany

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow:— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kämil ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň ajaýyp zamanasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, dünýäniň sport giňişliginde Watanymyzyň abraýy barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň gurduran Olimpiýa şäherçesi häzirki wagtda dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.

Älem içre arşa galsyn şanymyz!

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Garaşsyz Türkmenistanda gündogar-günbatar, demirgazyk-günorta ulag ugurlaryny döretmek we ösdürmek ugrunda giň maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bu ugurda iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň dowam etmegine ýardam edýär. Ýurdumyz bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerini doly we üstünlikli amala aşyrmaga çalşyp, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we olaryň täzelerini döretmäge, şeýle hem pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny gazanmaga gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýar. Şu ýylyň ilkinji aýynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Türkmenistan ― Owganystan ― Täjigistan demir ýolunyň Akina ― Andhoý şahasynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça ýetilen belent sepgitleriň ýene-de biridir. Ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna gurlan bu 30 kilometrlik demir ýol ýakyn geljekde sebitleriň we yklymlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşmegine, halklaryň özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä göterilmegine şert

Göwünleriň hem dünýäniň ykrary

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň meselelerine bagyşlanyp ýakynda geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalary 11 gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi» diýen sözlerini eşidip, kalbymyzda ýene bir ýola merjen şäherimize, ak paýtagtymyza bolan söýgimiz artdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen gabat gelýän bu şanly senä barýan günlerimizde Aşgabadyň bütindünýä täsinlikler neşiriniň güwänamalaryna mynasyp bolan ýakymly pursatlarynyň käbirini ýatlap geçmek merjen şäherimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Mundan 13 ýyl ozal ― 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Milli muzeýiniň öňünde dikilen ýaşyl Tugumyz we onuň sütüni «Dünýäniň iň belent baýdak sütüni» diýlip Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu sütüniň beýikligi 133 metre ýetýär. Şeýlelikde ol mundan ozal rekordy elinde saklan Iordaniýadaky sütünden 1 metr beýikdir. Bu kuwwatly sütünd

Parahatçylyk we ynanyşmak ýoly — beýik ösüşleriň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bähbidine, dünýäniň abadançylygyna gönükdirilen beýik başlangyçlary netijesinde, dünýäde parahatçylygy gorap saklamak we birek-birege ynanyşmak ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban Diýarymyzyň her güni toý-baýramlara, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni kuwwatyny pugtalandyrýan, agzybirligi, jebisligi has-da rowaçlandyrýan şanly wakalara beslenýär. Milli Liderimiziň halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny, nurana geljegini nazarlaýan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar halkymyzyň her gününe ýagty şuglasyny saçýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bagtyýar zamanamyzyň eşretini görüp ýaşaýan halkymyzyň zähmet çekmegi, döretmegi hem-de ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlige ýugrulan mukaddes däp-dessurlaryny, ynanç-ygtykatlaryny berjaý etmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň, türkmen milletini bolsa dünýäniň iň bagtyýar halklarynyň birine öwürdi.

Aşgabat

Uzaklardan ýalkym atar jaýlaryň,Ak mermerli ak şäherim Aşgabat!Toýlara beslenen günüň, aýlaryň,Ak mermerli ak şäherim Aşgabat! Söýgi, yhlas bilen düýbüň berkedi,Gözelligiň haýran edýär her kesi,Hoşmeýilli ylalaşyk  merkezi,Ak mermerli ak şäherim Aşgabat!