HABARLAR

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Alymbaý gyzy Jumabaýewa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Meretguly Ylýasgulyýewiç Sähetmyradow Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Gurbanberdiýewiç Mätiýew Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglanyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan: — Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Meretguly Ylýasgulyýewiç Sähetmyradowa sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, baýrakly orunlary eýeleýän türgenleri taýýarlandygyny göz öňünde tutup, Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň 4-nji jaýynyň birinji gatynda ýerleşýän üç otagly, 149 inedördül metr ölçegi bolan 24-nji öýi;

Garaşsyzlyk ― bagtymyz

Ýylyň her bir şanly wakasyny, özgertmeleriň we üstünlikleriň ähmiýetini halkyň arasynda giňden wagyz etmek, düşündirmek, baýramçylyk çärelerini giňden dabaralandyrmak biziň paýymyza düşýär. Şu maksat bilen partiýamyzyň işjeň agzalary bolup häzirden mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna uly taýýarlyk görüp başladyk. Her bir baýramçylygy öz ruhuna kybapdaş dabaralandyrmak biziň esasy maksadymyzdyr. Ýylyň tutuş dowamynda syýasy ähmiýetli maslahatlary, dabaraly çäreleri we dürli döredijilik bäsleşiklerini, sergileri guramagy meýilleşdirýäris. Olarda Garaşsyz Watanymyzyň geçen taryhy ösüş ýoluny, gazanylan üstünlikleri halkyň arasynda giňden wagyz ederis. Bu bolsa ildeşlerimiziň eziz Watanymyza, mähriban topragymyza we Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny we söýgüsini has hem artdyrar. Milli Liderimiziň partiýamyzyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli hötdesinden gelmek üçin Watanymyzyň ýagty geljeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna asylly zähmetimizi gaýgyrmarys.

Abadandyr, gülgüzardyr obamyz

Halypa hatyrasy

Welaýat çagalar sungat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Mustak Aýmedowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly çäre geçirildi. Onuň çäklerinde mekdebiň milli saz gurallary we sazyň nazaryýeti bölümleriniň mugallymlary Jumageldi Orunow bilen Gunça Gapbarowa döredijilik agşamyny geçirdiler. Halkymyzda «Bagşyly il ― bagtly il» diýilýän nakyl bar. Milli aýdym-saz sungatymyzda özboluşly yz galdyran bagşy Mustak Aýmedowyň hem aýratyn orny bardyr. Bu gün onuň galdyran uly mirasy ýurdumyzyň ýaş sungaty öwrenijileri tarapyndan içgin öwrenilýär. Halypanyň aýdym-saz gory welaýatymyzdaky çagalar sungat mekdeplerinde bilim alýan zehinli ýaşlara gymmatly çeşmedir.

Dalaşgärler bilen duşuşyklar

Şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça işler meýilnama laýyklykda dowam edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna agzalyga bellige alnan dalaşgärler saýlawçylar — welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary bilen duşuşyk ýygnaklaryna başladylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parlamentiň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda belleýşi ýaly, öňde duran saýlawlar syýasy ulgamy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak wezipelerinden ugur alnyp, ýokary derejede, aç-açanlyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilmelidir.

Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Belentdir baýdagyň dünýäň öňünde

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bitirilýän beýik işler her bir türkmenistanlynyň kalbynda ýokary ruhubelentlik, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň pähim-parasata ýugrulan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde gazanylýan üstünliklere bolan buýsanç duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban halkymyz ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyny hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly zähmet üstünliklerine beslemek üçin şu günlerden ykjam taýýarlyk görýär. Bagtyýar halkymyz milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ajaýyp Watanymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna gurýar we döredýär, Garaşsyzlygyň peşgeş eden bagtyýar eýýamyna buýsanç duýgusy bilen ýaşaýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy hakynda gürrüň edilende, ilki bilen Döwlet baýdagymyz hakydaňa gelýär. Bu gün ýaşyl baýdagymyz BMG-niň belent binasynyň öňünde türkmen döwletiniň berkararlygyny äleme äşgär edip, buýsançly pasyrdaýar.

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Wepa AMANOW,Daşoguz welaýat kazyýetiniň kazysy: — Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyz sebitiň we kontinentiň möhüm ulag-logistika merkezine öwrüldi. Gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň we çig mal serişdeleriniň ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek we gaýtadan işlemek, şeýle hem ýokary goşmaça binýady bolan taýýar önümleri öndürmek milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi maýa goýumlaryny çekmek, kärhanalary hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilelikdäki kärhanalary döretmegi höweslendirmek, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmek zerurlygyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnyşyny döwrebap ýagdaýa getirmek maksady bilen, «Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak barada parasatly tekliplerini berdi.

Garaşsyzlyga buýsanç — kalba ganat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen badalga alan 2021-nji ýylymyzda her bir gün hoş habarlaryň buşlukçysy bolup dogýar. Şanly wakalara beslenjek bu ýylymyzda halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, mermer paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk toýuny uludan toýlar. Ýylyň başyndan bäri ähli ugurlarda bu şanly toýlara giňden taýýarlyk görlüp, dürli mazmundaky çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Her bir ulgamda gazanylýan üstünlikler medeniýetiň, sungatyň üsti bilen dünýä ýaýylýar. Döredijiligiň dürli ugurlaryndaky sungat eserlerde döwrümiziň ýeten beýik derejeleriniň waspy belentden ýetirilýär. Ählitaraplaýyn sazlaşykly ösýän eziz diýarymyzyň tarypy milli sungatymyzda döwrebap şöhlelendirilýär. Ýaş zehinlerimiziň ylham joşgunyndan döreýän sungat eserlerde döwlet Garaşsyzlygymyza bolan buýsanç göwünlere ganat berýär. Olaryň çaga kalplaryndaky Watan mukaddesligi düşünjesiniň döredijiligiň üsti bilen beýan edilmegi daş-töweregimizi gurşap duran gözellikleriň döredýän ylham joşgunyny görkezýär. Muňa diňe bir paýtagtymyzyň mysalynda hem göz ýetirmek kyn däl. Ýurdumyzyň ýüregi Aşgabadyň merkezinde taryhy şahsyýetlerimiziň şeýle-de döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyzyň hormatyna gurlup, ulanylmaga berlen «Ylham» seýilgähi, W

Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar

Uzak ýyllaryň dowamynda akademik Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygynda Goňurdepe ýadygärlikler toplumynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde adam eliniň aýasyna barabar bolan kiçijik ak keçe bölegi tapyldy. Alym bu keçe böleginiň 4000 ýyllap ýeriň astynda saklanyp galandygy barada öz pikirini öňe sürdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça degişli işler üstünlikli dowam edýär. 2021-nji ýylyň ahyryna «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleşdirildi. Şeýle hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlarynyň we türkmen alabaýlarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen hödürnamany taýýarlamak hem Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtda «Türkmen keçe sungatyny» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek baradaky hödürnamany taýýarlamak ugrundaky tagallalar halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.