HABARLAR

Täze taryhymyzy şöhratlandyran waka

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri – taryha altyn harplarda ýazylýan şöhratly wakalara beslenen zamana. 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. Gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizilen umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, ýurdumyzyň geçen şöhratly ýoluny, döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW «Adam­za­dyň be­ýik gel­je­gi pa­ra­hat­çy­ly­gyň üp­jün edilme­gi bi­len bag­ly bol­ýar. Hä­zir­ki döw­rüň ösen tä­ze baş­lan­gyç­la­ry di­ňe adam­za­dyň howp­suz, asu­da ýa­şaý­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len mak­sat­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge hyz­mat et­me­li­dir».

Garaşsyzlyk — guwanjymyz

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýalkymy döwrümize nur çaýyp, her birimiziň ömrümizi bezeýär. Çünki bu gün türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty berkarar döwletimiziň her bir raýatynyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Adam hakyndaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulmagy bu hakykatyň aýdyň beýanydyr. Halkyň bagtyýar durmuşy, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, okamagy, öwrenmegi, zähmet çekmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikleriň sagdyn durmuş ýörelgesi bilen utgaşmasy bolsa Watanymyzda ynsan saglygyny goramaga uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Çünki saglyk ähli üstünlikleriňdir ýeňişleriň gözbaşydyr. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň halkara derejesindäki ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bolsa sportdaky okgunly ösüşleriň görkezijisidir. Bu ugurda soňky ýyllarda ýetilen sepgitleriň ähmiýeti babatda asyrlara barabardygy her birimizi buýsandyrýan hakykatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi şeýle ajaýyp netijeleriň gözbaşydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Eziz watandaşlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr, Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!Külli ynsan hakyna belent maksat tutany — Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

«Arkalaşan dag aşar»

Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alnyp, 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şanly senäniň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forum halk bilen häkimiýetiň özara jebisligini, bitewüligini ýene bir ýola aýdyňlygy bilen görkezdi. Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Bu taryhy mejlise ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, mähriban eneler, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden jemgyýetçilik wekilleri, talyp ýaşlar we beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar.

Halal zähmetiň rehneti

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli 25-nji sentýabrda paýtagtymyzda ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Permanlaryna laýyklykda, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary hormatly atlara, orden-medallara mynasyp boldular. Şeýle-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça bu dabaralara Mejlisiň wekilleri, Hökümet agzalary gatnaşdylar.

Garaşsyzlyk — merdana halkymyzyň milli buýsanjy

Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamyndaky arzuwy bolan Garaşsyzlyk bu gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde milli baýram — Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti bolup, Garaşsyzlygyň beren miwelerini, halkymyzyň bitewüligini, belent ruhy ýeňişlerini, döredijilikli taryhy işlerini dabaralandyrmak aýdym-sazly çykyşlaryň baş şygaryna öwrüldi.

Sagdynlygyň gözbaşy

Her paslyň öz aýratynlygy bolýar. Güýzde howa salkynlap, ynsan bedeninde hem üýtgeşmeler bolup geçýär. Bu döwürde dowamly keselleriň käbirleriniň, ýagny ýürek-damar ulgamlaryndaky hem-de allergiýa keselleriniň, dem alyş ýollarynyň dowamly keselçilikleriniň gaýtalanmagy mümkindir. Şol esasdan, şeýle ýagdaýlarda allergiýa keseliniň güýjemezligi üçin, ilkinji nobatda, onuň döremegine sebäp bolýan iýmitleri iýmekden saklanmalydyr. Her gün irden ýeňiljek beden maşklaryny ýerine ýetirmek ýürek-damar keselleriniň gaýtalanmazlygyna ýardam edip biler. Iýmitiň düzüminde kaliý, kalsiý saklaýan guradylan miweleriň, ýagny erik kişdesiniň, kişmişiň bolmagyny üpjün etmeli. Dem alyş maşklaryny ýerine ýetirmek, ýagny çuň dem almak bilen, dem alyş ýollarynyň dowamly keselçilikleriniň öňüni almakda öňegidişlik gazanyp bilersiňiz. Munuň özi bedeni kislorod bilen ýeterlik üpjün etmäge kömek berýär. Nerw ulgamyny taplaýan, ýürege hem-de damarlara gowy täsir edýän, arterial basyşy kadalaşdyrýan we maddanyň çalyşmagyna ýardam berýän suw bilen bejeriş usulynyň hem bedeni berkitmekde uly ähmiýeti bardyr. Günüň dowamynda 1,5-2 litre çenli suwuklyk içmek sagdyn ýaşamagyň şertleriniň biridir. Şol suwuklyk çaýdan, çaldan, aýrandan, miwe we gök önümleriň şirelerinden, m