HABARLAR

Kärhananyň batly gadamlary

Ahal welaýatynyň «Bäherden» tikin fabriginiň agzybir işçi-hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň giňden dabaralandyryljak ýylynyň geçen alty aýyny guwandyryjy görkezijiler bilen jemlediler. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bu baýry, öňdebaryjy kärhanasynda şanly ýylyň birinji ýarymynda 7 million manatlyga golaý tikin önümleri öndürilip, meýilnama 127 göterim ýerine ýetirildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhanada 110,6 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan bäri kärhanada tikin önümleriniň 385 müňden gowragy taýýarlanyp, şonuň aglabasy ýöriteleşdirilen lybaslardyr. Degişli pudaklaryň buýurmalary esasynda ekologiýa taýdan arassa nah matalardan tikilen şeýle önümler hiliniň ýokarydygy bilen hem tapawutlanýar. Ildeşlerimiziň 100-den gowragynyň zähmet çekýän bu önümçilik düzüminiň iş gadamlarynyň barha batlanýandygyny aýratyn bellemek gerek.

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

«Ar­ka­dag Me­di­si­na Klas­te­ri Me­nej­ment» kär­ha­na­sy­na hil ul­ga­my­nyň la­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­sy be­ril­di

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Arkadagymy­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len bi­na edi­len Ar­ka­dag şä­he­ri­niň açyl­ma­gy­nyň bir ýyl­ly­gy­nyň giň­den bel­le­nil­ýän gü­nün­de «Ar­ka­dag Me­di­si­na Klas­te­ri Me­nej­ment» kär­ha­na­sy­na Türk­me­nis­ta­nyň ser­ti­fi­kat­laş­dy­ryş ul­ga­my ta­ra­pyn­dan hil ul­ga­my­nyň la­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­sy be­ril­di.

«Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» elektron žur­na­ly­nyň 6-njy sa­ny oky­jy­la­ra ýe­ti­ril­di

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Şöh­rat­ly ýy­lyň şa­ny­na şan go­şan ta­ry­hy wa­ka­lar Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ýa­nyn­da­ky «Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» žur­na­ly­nyň tä­ze sa­nyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Žur­na­lyň şu ýyl­da­ky al­tyn­jy sa­ny oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ril­di.

«Arkadag» ýyldyzy ― eýýamyň altyn öwüşgini

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Uly ösüş­le­ri, öz­ge­riş­le­ri, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry bi­len dün­ýä­ni özü­ne çek­ýän, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň sy­lag-hor­ma­ty­na my­na­syp bol­ýan döw­le­ti­miz­de her gü­nü­miz bi­ri-bi­rin­den zy­ýa­da şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz­da bag­tyň hem gel­je­giň şä­he­ri bo­lan Ar­ka­dag şä­he­ri­mi­ziň açyl­ma­gy­nyň bir ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len baý­ram­çy­lyk mas­la­ha­tyn­da ge­lip gow­şan hoş ha­bar her bir türk­men ra­ýa­ty­nyň toý şat­ly­gy­ny art­dyr­dy.

«Arkadag» adyny göterýän ýyldyzyň güwanamasy gowşuryldy

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 1-nji iýul­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de As­man ji­sim­le­ri­ni öw­ren­ýän «Kos­mos-Ýer» jem­gy­ýe­ti­niň alym­la­ry ta­ra­pyn­dan as­man gi­ňiş­li­gin­dä­ki ýyl­dyz­la­ryň bi­ri­ne «Ar­ka­dag» ady­nyň go­ýul­ma­gy, bu as­man ji­si­mi­ne «Ar­ka­dag» ady­nyň da­ky­lan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan gü­wä­na­ma­nyň, şeý­le-de te­les­ko­pyň we onuň dü­şü­ren su­rat­la­ry­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­ne gow­şu­ryl­ma­gy my­na­sy­bet­li ho­şal­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.

Garaşsyzlyk döw­rü­niň şyg­ry­ýe­tin­de Awa­za­nyň was­py

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­möç­ber ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de bu gün «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy gün­sa­ýyn ös­ýär, öz­ger­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de Awa­za­ny wasp et­me­dik şa­hyr­dyr ýa­zy­jy­la­ry­myz az bol­sa ge­rek.

Halk bähbitli belent maksatlar

4-nji iýulda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisiniň çözgütleri — halk bähbitli belent maksatlar» atly maslahat geçirildi. Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministligi hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan guralan maslahat Halk Malahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Mejlis, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmeklige bagyşlandy. Oňa ady agzalan ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Milli sportumyzyň ösüşli ýoly

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy giň gerimli dabaralar bilen bellenilip geçiljek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda geçen şol şöhratly ýyllaryň dowamynda ähli ugurlarda gazanylan ägirt uly ösüşler dünýä jemgyýetçiliginiň hem ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Ösüşler, ýetilen belent sepgitler hakynda söhbet edilende bolsa, elbetde, ýurdumyzda sport ulgamynda amala aşyrylan nusgalyk işler barada hem buýsanç bilen bellenilip geçilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary, taryhy tutumlary, giň gerimli özgertmeleri netijesinde milli sportumyzy ösdürmegiň, onuň halkara derejede ykrar edilmegini gazanmagyň düýp binýadynyň goýlandygy hemmämize mälim hakykatdyr. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, durmuşa geçiren ägirt uly işleri esasynda eziz Diýarymyzyň dünýäde sport ýurdy diýlip ykrar edilmegini bolsa Garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň ajaýyp üstünlikleriň biri hökmünde buýsanç bilen görkezmek bolar. Türkmenistanda sanlyja ýyllaryň içinde gurlan dürli sport desgalary Diýarymyzyň obalarynyň, şäherçeleriniň, şäherleriniň bezegine öwrülip, olar ilatyň saglygyny berkitmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin be

Zeminde ajaýyp şäher, asmanda ýyldyz – ARKADAG

«Geljegiň şäheri adyny alan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr». Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu dürdäne jümleleri dünýäde uly ykrarnama eýe bolan ajaýyp hakykatyň beýanydyr. Mundan bir hepde ozal dabaraly açylmagynyň bir ýyllygy şatlyk-şowhunly çäreler bilen giňden bellenilip geçilen Arkadag şäheri bagtyň, bagtyýarlygyň, ýaşlygyň şäheri hökmünde göreniň kalbyny buýsanja besläp, göwün guşuny al-asmana göterýär. Bilşimiz ýaly, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan sebitdäki ilkinji «akylly» şäheri döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Milli Liderimiz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň netijesi bolup durýan bu şäher häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny we özboluşly binagärlik çözgütlerini, dünýäniň iň döwrebap tejribesini özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda bu ajaýyp şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy boýunça işler dowam etdirilip, onuň çäginde, esasan, sena