HABARLAR

Gandbol bäsleşigi

Go­laý­da gand­bol bo­ýun­ça 2008-nji ýyl­da dog­lan we şon­dan ki­çi ýaş­ly og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň saý­la­ma ýa­ry­şy ge­çi­ril­di. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 2-nji or­ta mek­de­bi­niň sport za­lyn­da gu­ra­lan bäs­le­şik ýaş tür­gen­le­re ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­mä­ge şert dö­ret­di. Netijede, gyz­la­ryň ara­syn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň 9-njy sport mek­de­bi­niň to­pa­ry öň­de­li­gi eýe­le­di. An­ge­li­na La­pa­ti­na, Wik­to­ri­ýa Ýer­şen­ko, Tat­ýa­na Baý­ja­no­wa, Ali­na Ýa­ku­bo­wa, Sel­bi Mol­la­ýe­wa ýa­ly oýun­çy­lar has-da ta­pa­wut­lan­dy­lar. Sport mek­de­bi­mi­ziň og­lan­lar­dan dü­zü­len to­pa­ry 2-nji or­ny eýe­le­di. Nur­mäm­met Çer­ke­zo­w, Ys­lam Sa­pa­row, Seý­ran Seý­di­ýew, Is­lam Ma­li­nin, Ys­lam Ba­ty­row ýa­ly tür­gen­ler şow­ly çy­kyş et­di­ler.

“Milli ýörelge – köpe görelde”

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp-dessurlary, edim - gylymlary döredipdir. Olaryň ählisi biziň üçin ahlak ýörelgeleridir. Parasatly pederlerimiz ynsanyň içki hem daşky gözelligini görkezýän närsäniň onuň durmuşda özüni alyp barşyndadygyna, edebindedigine, terbiýesindedigine, ahlagyndadygyna göz ýetiripdirler. Aslyýetinde, nesil terbiýesinde zenan ahlaklylygyna, adamkärçiligine degişli wagyz-nesihatlardyr, maslahatlary ýaşlygyndan olaryň gulagyna guýmak örän wajyp işdir. Bu ýörelge durmuş tejribesinde synagdan geçen hakykatdyr. Sebäbi maşgala-döwletiň kiçijik bir agzasy, gaýtalanmajak dünýäsi hasaplanýar. Şunlukda türkmen maşgalasynda gyz edebi, çaga terbiýesi ýaly häsiýetler üns merkezinde saklanylýar. Şonuň üçinde türkmen halky maşgala edebini milli däp-dessur esasynda ýöredýär. Hawa, türkmen halkynyň gyz edebine, nesil terbiýesine garaýyşlary barada söz açylanda, ata-babalarymyzyň: “Gyz edebi - il edebi” diýen pähimi biygtyýar ýadyňa düşýär. Ýelden-Günden gorap kemala getiren perzendiň diňe bir boý-syratyna däl, eýsem başarnygyna, at-abraýyna, edep-ekramyna guwanyp ýaşamak uly bagt.Türkmen gyzy diýlende, sypaýy, näzik, mähir dünýäsiniň eýesi göz öňüňe gelýär. Gyz edebi

Ynsanperwer tagallalara belent sarpa

Ýurdumyzda giňden bellenilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň degişli Permanlaryna laýyklykda «Arkadag» medalyna, şeýle-de «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Şolaryň arasynda watandaşlarymyz bilen birlikde, daşary ýurtly myhmanlar hem bar. Abraýly sylaglara mynasyp bolanlaryň käbiri buýsançly ýürek sözlerini şeýle beýan edýärler: Hans MAÝSNER,germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory:

Moskwa duşuşygy: dostluk we hyzmatdaşlyk ruhy bilen

Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 7-8-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna amala aşyran iki günlük iş sapary hem ýurdumyzyň GDA döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydygyny nobatdaky gezek açyp görkezdi. 8-nji sentýabrda Uly Kreml köşgünde geçirilen GDA-nyň sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem Moskwa geldiler. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin sammite gatnaşyjylary mübärekläp, mejlisiň gün tertibiniň Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň

«Akylly» şäherdäki işleriň depgini güýçlenýär

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň, şol sanda Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamalary, toplumyň baş binasynyň daşky bezeg aýratynlyklary, şäheriň çäklerinde bina edilýän beýleki durmuş maksatly desgalaryň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Bu ýerde haly kärhanasynyň umumy görnüşi, onuň daşky bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäheriniň täze seýilgähiniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary hem-de olaryň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri görkezildi.

Üns merkezinde — döwletli maslahatyň döwletli çözgütleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Prezidiumynyň mejlisiniň gün tertibine beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi. Onuň işine Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet we jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz mejlisi açmak bilen, Prezidiumyň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda berkarar ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmaga gelen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany, «Buig» kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buigi, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buigi we «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andreni, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony, «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzeri kabul etdi.

TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW «Adamzadyň beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bagly bolýar. Häzirki döwrüň ösen täze başlangyçlary diňe adamzadyň howpsuz, asuda ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatlary durmuşa geçirmäge hyzmat etmelidir».

Türkmenistan durnukly ösüş ýoly bilen öňe barýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 4-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Hökümet mejlisiniň dowamynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlar bilen çykyş etdiler. Ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler hakyndaky hasabatdan mälim bolşy ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, şu ýylyň dokuz aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,5 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,8 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda 5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,7 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň üç çärýeginde bölek satuw haryt dolanyşygy 11,2 göterim köpeldi. Daşary söwda dolanyşygynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,4 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerin

Halklary ýakynlaşdyrýan dostluk toýy

7 — 9-njy oktýabrda paýtagtymyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Munuň özi iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda medeni alyşmalar ýola goýuldy, onuň çäklerinde ylmy maslahatlar, iki ýurduň meşhur aýdymçylarynyň çykyşlary, sergiler, kinofilmleriň görkezilişleri, beýleki bilelikdäki çäreler guralýar. Şeýle-de Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik işgärleri gazagystanly kärdeşleri bilen bilelikde dostlukly ýurduň dürli sebitlerinde Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Ismim düşdi ilden-ile» atly dokumental filmi surata düşürýärler.