HABARLAR

Belent wezipelerden ugur alyp

Welaýat häkimliginde Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini üstünlikli berjaý etmek maksadyndan ugur alnyp, maslahat geçirildi. Onda welaýatymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, öňde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitlenildi.

Watanymyzyň ykdysady kuwwaty — abadan durmuşyň binýady

Täze taryhy eýýamda her bir güni şanly wakalara beslenýän Watanymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alan ösüşler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Bedew bady bilen belent maksatlara tarap öňe barýan   döwletimizde il bähbidine gönükdirilen döwletli tutumlar geljekki ösüşleriň belent sepgitlerini nazarlaýan beýik başlangyçlaryň beýany bolup dabaralanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde halkymyzyň abadan, bagtyýar we eşretli durmuşy üpjün edilýär. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Täze eýýamda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ähli ugurlar boýunça ykdysady ösüşleri, ägirt uly öňegidişlikleri gazanmaga gönükdirilen işleri alyp barýarys» diýen sözleri hem tassyklaýar.  Oýlanyşykly we ylmy taýdan işlenip düzülen düýpli özgertmeler ýurdumyzy ösdürmek babatda öňde goýlan aýdyň maksatlara ýetmekde ähmiýetlidir. Ata Watanymyzda halkymyzyň eşretli ýaşamagy, işlemegi, bagtyýar çagalaryň, ýaşlaryň kämil bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin gurlup ula

Ýyldyzlar içinde bir ýyldyz gördüm...

(Arkadag şäherine waspnama) Hoştap howaly asuda gijede asmana bakarsyň. Gögüň ýüzüni bezän ýyldyzlar göwher monjugy kimin öwşün atyşyp, kalbyňda ýakymly duýgulary oýarar. «Ýedigen, Ülker, Mizan, Zöhre, Üçýyldyz, Akmaýanyň ýoly»... diýip, öz ýanyňdan olaryň atlaryny sanarsyň.

Halkymyzyň guwanjy we buýsanjy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehininden dörän Arkadag şäheri gurýan, döredýän we röwşen geljege ynamly barýan bagtyýar halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Häzirki döwürde ol berkarar Watanymyzyň beýik ösüşleriniň dabaralanmasy bolup, halkara jemgyýetçiligiň belent ykrarnamasyna eýe bolýar. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheri dünýä nusgalyk döwrebap şäherdir. Ol biziň guwanjymyzdyr, buýsanjymyzdyr. Sebitde iri taslamalaryň biri bolan bu ajaýyp şäher ýaşamak üçin iň oňat şertleri özünde jemleýär. Arhitektura taýdan özara sazlaşýan, häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň we beýleki möhüm desgalaryň döwrebaplygy, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen iň ýokary derejede üpjün edilmegi şäheriň esasy aýratynlyklarydyr.

Ýüreklerde orun alan eserler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitabyň jemgyýetimizdäki orny, ähmiýeti örän ýokary bolup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhaslaryndan dörän ajaýyp kitaplary zamanamyzyň iň söýlüp okalýan eserleridir diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer», «Türkmen medeniýeti», «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Ile döwlet geler bolsa...», «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» we beýleki ençeme gymmatly eserleri, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaplary durmuşymyzda ýol görkeziji şamçyragdyr. Bu günki gün bu eserler her bir raýatyň hemişelik ýankitaplaryna öwrüldi, ýüreginiň töründe orun eýeledi. Ylmy, taryhy, edebi maglumatlara baý bolan bu kitaplar ýaşlarda watançylyk duýgularyny ösdürmekde, il-güne, zähmete söýgi döretmekde, olaryň edepli-ekramly, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda örän ähmiýetlidir. Halkymyzyň şöhratly taryhy, şanly şu güni, ýol-ýörelgeleri hakynda täsirli söhbetleri, ýaşlar üçin gymmatly öwüt-ünde

Dünýä nusgalyk tutumlar

Bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda, durmuşyň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Dünýäni haýran edýän şeýle öňegidişlikler halkymyzy çäksiz begendirýär, buýsandyrýar. Her bir raýatyň ata Watanymyza bolan söýgüsini artdyrýar, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu bolsa ähli ulgamlarda dowam edýän tutanýerli hem yhlasly zähmetde, ýokary iş öndürijiliginde aýdyň görünýär. «Agzybirlikde döredijilikli işläp, döwrümizi, döwletimizi has-da beýgeltmelidiris» diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Hut şu maksatlardan ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işlerini we «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygaryny ýörelge edinýän halkymyz ähli ugurlarda dünýä nusgalyk ösüşleri gazanmagy öňünde borç edip goýýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da pugtalanýar, halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalara badalga berilýär we milletimiziň ruhy-medeni taýdan galkynmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň edebiýaty, medeniýeti, sungaty dünýäde arzylanyp, umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň deňsiz-taýsyz döredijiligi hem halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma eýe bolýar. Beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldaryň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen eserleriniň birnäçe dillere terjime edilmegi, onuň edebi mirasynyň dünýä jemgyýetçiligine ýaýylmagy babatdaky işleriň has-da giň gerime eýe bolmagy şahyryň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetine eýediginden habar berýär.

Yhlasly zähmetiň netijesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşleri ýurduň ykdysadyýetinde alnyp barylýan işleriň jemleri jemlenende bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Bu hakykata ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Işlemek, öndürmek, döretmek, gurmak üçin ähli amatly şertleriň we giň mümkinçilikleriň bolan ýerinde üstünlikleriň gazanylýandygy hemmä aýan hakykat. Şanly senelere, toý-baýramlara baý «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň alty aýynda halkymyzyň, döwletimiz tarapyndan döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, uly ruhubelentlik bilen işländiklerini bellemeli. Munuň özi şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda milli ykdysadyýetimizde gazanylan üstünliklerde açyk-aýdyň görünýär. Oba hojalyk pudagynda gazanylan üstünlikler hem örän buýsandyrýar. Giňişleýin mejlisde berlen hasabata görä, şu ýyl obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124 göterime barabar boldy. Esasan-da, ussat gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artyg

Beýik maksatlaryň oňyn netijeleri

Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Netijede, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgama geçmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini geçen hepdäniň wakalary aýdyňlygy bilen subut etdi. 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere garalyp, ýylyň ikinji ýarymy üçin wezipeler kesgitlenildi.

Ýüreklerde alkyş bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli we döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly göz öňüne tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa, has-da guwandyrýar, buýsandyrýar. Ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň bagtyýar raýatlaryň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendigini aýratyn belläp geçýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekde, Diýarymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmekde alyp barýan işleriniň bu gün giň gerime eýedigini her bir ädimde görmek we duýmak bolýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda 2025-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky Permana gol çekmegi hem bu babatdaky tagallalaryň rowaçlanýandygynyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi.