HABARLAR

Çagalara datly sowgat

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Köpetdagyň etegindäki ajaýyp Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara edermen gallaçy daýhanlarymyzyň zähmet ýeňşi mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Häzirki wagtda bu ýerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hem tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şatlykly geçirýärler.

Okyjylarymyz ýazýarlar

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 TMÝG-niň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­rap Ge­ňe­şi­niň gur­a­ma­gyn­da Gy­zy­lar­bat et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän «Dür­dä­ne» ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­ke­zin­de, bu ýe­re to­mus­ky dynç alyş möw­sü­min­de dynç al­ma­ga ge­len ça­ga­la­ryň ara­syn­da daş­ky gur­şa­wyň gym­ma­ty­ny, te­bi­ga­ty­my­zyň gö­zel­li­gi­ni ola­ra ýa­kyn­dan ta­nat­mak, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek mak­sa­dy bilen, «Te­bi­gat — bi­ziň öýü­miz» at­ly ge­ze­lenç du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. TMÝG-niň Gy­zy­lar­bat et­rap Ge­ňe­şi­niň hü­när­men­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da te­bi­ga­ty­my­zyň gö­zel­li­gi­ni aýaw­ly sak­la­mak ba­ra­da ça­ga­lar bi­len gür­rüň­deş­lik ge­çi­ril­di.

Awaza hakyndaky şygyrlaryň mazmun taýdan çeperçiligi

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen eserler diňe bir täze temalar bilen baýlaşman, eýsem, şygyrlar mazmun taýdan hem baýlaşdy, forma taýdan täze görnüşe eýe boldy. Edebiýatyň taryhynda mazmun we formanyň haýsynyň has möhümligi hakynda köp jedeller, edebi çekişmeler boldy. Bularyň hersiniň öz gezeginde edebi ösüş, edebi täzelikler üçin möhümdigi ylmy we edebi çekişmäniň nazary garaýyşlarynda anyk deliller bilen esaslandyryldy. Aýry-aýry edebiýatçy alymlaryň pikiriçe bolsa mazmun we forma biri-birinden aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýazyjy-şahyrlar hem Garaşsyzlyk ýyllarynyň şygyrlarynda täze mazmun we forma eýe bolan şygyrlary döretdiler. Ak goşgy formasynda ýazylan eserleriň, şeýle-de nusgawy şygyr düzüş formasynda ýazylan eserleriň hem täze mazmun bilen baýlaşmagy häzirki Garaşsyzlyk döwründe şahyrlaryň ösüşli we aýratynlykly taraplarynyň biridir.

Egsilmeýän hazyna

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow: «Magtymguly, seniň bilen, iň bolmanda, bir pursat didarlaşsam dünýe malyndan geçerdim. Bu minut maňa dünýäniň geçmişi, şu günki we geljegi bilen duşuşmaga mümkinçilik bererdi. Bakylygyň ýanynda bir pursat durup görmege deň geljek bagt barmyka?» diýýär. Kerim şahyr Pyragynyň adyny göterýän baýraga mynasyp bolmagyny ömrüniň iň uly netijesi, iň beýik baýragy hasaplapdyr. Munuň özi soňraky ussatlaryň ählisiniň-de Magtymguly Pyragyny öz ruhy howandary, gaýybana halypasy hasaplandygy baradaky beýik hakykatdyr. Diýmek, Pyragynyň edebi mekdebi ol dünýäden ötenden soňam ýaşap gelýär. Ol mekdepden beýik-beýik şahyrlar uçurym bolup çykýar. Nesip bolsa, bu geljekde-de şeýle bolmagyny dowam eder. Sebäbi Magtymguly Pyragy halkymyzyň ýüreginde ýaşaýar. Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem şygryýeti Watan edinen her bir döredijilik ynsanynyň ýüreginde Magtymguly bar.

Günüň günden parhy bar

Bir ge­zek okuw­çy: — Mu­gal­lym, aýt­sa­na, tä­ze işiň ba­şy­ny tut­mak üçin has dü­şüm­li gün bo­lup bil­ýär­mi?

Häzirki zaman žurnalistikasy: halkara tejribeleri özleşdirip

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň geçen 32 ýyldan gowrak döwründe dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklarda depginli ösüş gazanyldy. ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalary ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar. «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işiniň netijesinde, bu ugurdaky tagallalar has-da işjeň dowam etdirilýär. Ösüşi nazarlaýan şeýle gatnaşyklar bilen birlikde, türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň medeni-ynsanperwer ulgamda hem yzygiderli ilerledilýändigini nygtamalydyrys. Amala aşyrylýan bilelikdäki işler birek-birege hormat goýmaga, tejribe alyşmaga esaslanýar we geljekki özara bähbitli işleriň binýadyny pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar. ABŞ-nyň Hökümeti bilen bilelikde durmuşa geçirilýän okuw we hünär alyş-çalyş maksatnamalary degişli ugurdaky gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagynda uly ähmiýete eýedir. «Open World» maksatnamasynyň çäklerinde, özara tejribe alyşmak maksady bilen, türkmen žurnalistleriniň Kaliforniýa ştatyna bolan okuw saparynda hem bu ýurduň žurnalistikasynyň häzirki döwre berýän teswiri, žurnalistleriň iş usullary, gazet makalalarynyň taýýarlanylyşy geçirilen maslahatlaryňdyr «tegelek stol» duşuşyklarynyň te

Welaýatlardan habarlar

Beden saglygyny berkitmekde hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi ýaş nesiller üçin has hem ruhlandyryjydyr. Bu gün hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, diňe bir ýaşlar däl, eýsem ýurdumyzyň ähli raýatlary sport bilen meşgullanmagy gündelik endiklerine öwürýärler. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek ýurdumyzda mizemez ýörelgä öwrülýär. Ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleriniň gözbaşy hormatly türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça başyny başlan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegindedir. Mähriban halkymyzyň, ýaşlaryň şular ýaly ajaýyp zamanada bagtyýar ýaşamagy, sport bilen giňden meşgullanmagy ugrunda şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Dynç alyş we bedenterbiýe

Häzirki zaman dünýäsinde sport gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Çagalar üçin bedenterbiýe bilen meşgullanmak diňe bir gyzykly güýmenje däl, eýsem, möhüm zerurlykdyr. Sport çaganyň sagdyn ösmegine ýardam edýär we bedeniniň ösüşi üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär. Yzygiderli beden taýýarlygy keseliň ýüze çykmak mümkinçiligini azaldýar, fiziki we emosional durnuklylygy ýokarlandyrýar hem-de bedeniň ösüş ýagdaýyny çaltlaşdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ýaş nesliň terbiýesi, saglygyny goramagyň mowzugy mekdep derslerinde ol ýa-da beýleki dersler bilen utgaşyklylykda ýola goýuldy. Çagalarda medeniýetiň kemala gelmegi üçin ýurt derejesinde bilim giňişliginiň mümkinçiliklerini peýdalanmagy, sagdyn we howpsuz durmuş ýörelgesini, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramagy, sazlaşykly şahsyýet terbiýesini kemala getirmek ugrunda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar.

Çagalar suw ýodalarynda

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar Gökderede hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Ýakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinıň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň suwda ýüzmek boýunça geçiren bäsleşigi çagalara öz başarnyklaryny görkezmäge nobatdaky mümkinçilik boldy. Gökderäniň gözel künjegindäki «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirilen 25 metr aralyga suwda ýüzmekde ökdeler öňe saýlandy.

Şypaly kenardaky sapaly günler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin dünýä nusgalyk şert-mümkinçilikleriň döredilendigine Hazaryň türkmen kenaryna özboluşly bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolanyňda aýdyň göz ýetirýärsiň. Esasan-da, tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän şu günlerinde bu ajaýyp künjekde bagtyýar çagalaryň gülki sesleri belentden ýaňlanýar. Çaga gülkülerini eşideniňde, göwnüň göterilip, döwletli-döwranymyza söýgi-buýsanjyň has-da artýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna eziz Diýarymyzyň çar künjeginden gelip, dynç alýan çagalar ýatdan çykmajak, şatlyk-şowhundan doly ýakymly pursatlary başdan geçirýärler. Ady dünýä dolan zolagyň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, oýun otaglary, tans zallary, kompýuter otaglary, kitaphanalar, el iş gurnaklary, şekillendiriş otaglary we beýleki amatlyklar ýaş nesliň hyzmatynda. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Ýaryşlar, döredijilik bäsleşikleri çagalaryň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda, olaryň sagdyn du