HABARLAR

Erşi — tar, çitimi — aýdym

Haly hakynda öň hem köp zatlar aýdylypdyr. Rowaýatlar, tymsallar, nakyllar döräpdir. Gahryman Arkadagymyz bu barada «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly ajaýyp kitaplaryny ýazdy. Ine, şu ýagdaýlaryň özi hem halynyň diňe maddy gymmatlyk bolup çäklenmeýändigini, onuň halkymyzyň ruhy durmuşynda-da aýratyn ornunyň bardygyny aňladýar. Halyçylyk sungatyna türkmen halkynyň durmuşynyň, häsiýetleriniň, dünýägaraýşynyň şöhlelenmesi diýip bolar. Ýaşaýşyň, dünýäniň gözelliklerini aýratyn ýitilik bilen duýýan, pany jahany elmydama oňyn tarapdan görüp, ähli ruhy, aňyýet, döredijilik güýjüni durmuşy gözelleşdirmäge sarp edip gelen halkymyzyň halyçylygy diňe bir sungat derejesine ýetirmek bilen çäklenmän, öz durmuşynyň köp taraplaryny, ýagny adamçylyk gatnaşyklary, ynsaplylyk, işe yhlas, sabyrlylyk, edep-ekram, hoşniýetlilik ýaly iň oňat häsiýetleri terbiýelemegiň, ýüze çykarmagyň inçe senedi hökmünde kämilleşdirendigi bellidir.

To­mus­da ke­sel­den go­ran­mak üçin...

Dür­li mi­we­le­riň­dir gök önüm­le­riň ýe­tiş­ýän döw­rün­de gyş üçin iş­däa­çar­la­ry, mü­rep­be­le­ri, gaý­nat­ma­la­ry taý­ýar­la­ýan ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň bu gün­ler hy­syr­dy­sy ýe­tik bol­sa ge­rek. Biz hem dür­li ke­sel­çi­lik­le­riň ýü­ze çyk­maz­ly­gy üçin hök­ma­ny su­rat­da ber­jaý edil­me­li düz­gün­ler ba­ra­da söz aç­ma­gy ma­kul bil­dik. Bo­tu­lizm­den ägä bo­luň!

Türkmenistanyň wekiliýeti IX Hazar mediaforumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň metbugat hünärmenleriniň wekiliýeti 16-17-nji awgustda Astrahanda geçirilen IX Hazar mediaforumyna gatnaşdy.Mediaforumyň birinji gününde oňa gatnaşýan Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa, Türkmenistan, şeýle hem Belarus we Özbegistan ýaly ýurtlaryň wekilýetleriniň ýolbaşçylarynyň ýygnagy boldy. Çäräniň esasy gününde, 17-nji awgustda umumy mejlis we tematiki sessiýalaryň bäşisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar sungatda we metbugatda sanly tehnologiýalaryň ösüşi, nusgawy sungatyň we kinonyň ählumumy aragatnaşyk dili hökmünde täze durmuşyny, şeýle hem Ýewraziýa giňişliginde medeni hem taryhy jebisligiň mysallaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, «Derňew žurnalistikasy» atly ussatlyk sapagy we Hazar ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň wekilleriniň duşuşygy boldy.

HALK MASLAHATY – SYÝASY JEBISLIGIŇ MILLI NUSGASY

Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilen döwlet gurmagyň baý tejribesi, şöhratly ýoly, nusgawy milli demokratik mekdebi bar. Oguz hanyň döwründen bäri akylly, paýhasly, tejribeli ýaşululara geňeş salyp, maslahat etmek däbi ýörgünli bolupdyr. Adalatlylygy bilen belli bolan Oguz türkmen döwletiniň, Seljuk türkmenleriniň döwletiniň, Osman türkmenleriniň döwletiniň ählumumy halk ýygnagy esasynda döredilendigi taryhdan mälimdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwleti dolandyrmak işinde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen milli ýörelgelerimize uly ähmiýet berip, demokratik institutlar ösdürilýär, raýat jemgyýeti kemala getirilýär, hakyky halk häkimiýetliliginiň esaslary pugtalandyrylýar.

Özbegistanda türkmen suratkeşleriniň eserleriniň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergisi açyldy

16-njy awgustda Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň binasynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Ilçi Ş.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň başlygy A.Nuridinow, medeniýet we sungat işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli çäre gurady

14-nji awgustda Belarusuň Daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň — Dostluk öýüniň binasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy gurady. Çärä Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Minskde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, alymlar we medeniýet işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri we ýerli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň ýa­dy­gär­li­gi ha­ty­ra­lan­yldy

«7/24.tm»:№34 (221) 19.08.2024 2024-nji ýylyň 12-nji aw­gust­ynda Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň ata­sy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň kyb­la­sy, içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň hor­mat­ly we­te­ra­ny Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň nus­ga­lyk öm­rü­ne ba­gyş­la­nan çä­re­ler ge­çi­ril­di. Bu ba­ra­da «Türk­me­nis­tan» ga­ze­tin­de ha­bar be­ril­di.

Şahyryň dilinde — Garaşsyzlyk, döwletlilik senasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda biziň ähli arzuw-maksatlarymyzyň hasyl bolmagynyň esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň durandygyny nygtamak bilen, ýene şeýle ýazýar: «Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw edip gelen döwletini, beýik Magtymgulynyň: «Berkarar döwlet istärin» diýip şygra salan we: «Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, //Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip, ruhy taýdan esaslandyran döwletini gurduk»... Milli Liderimiziň şu we beýleki eserlerinde, şol sanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusynda parasatly söze, milletiň erkinliginiň, garaşsyzlygynyň, berkarar döwletliliginiň, ynam-ygtykatynyň gymmatyna, adamzat ýaşaýşynyň manysyna düşünmegiň altyn açary bar. Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyryň eserlerine halkymyzyň erkinlik, berkarar döwlet baradaky baş arzuw-umydynyň, dünýäniň islendik halky üçin gymmatly röwşen sözleriň siňendigini nygtaýar. Magtymguly öz halkynyň, şeýle-de tutuş adamzat nesliniň parahat, dostlukly, halal, bagtly durmuşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly iň kämil pikirleri aýdyp gidipdir. Ol pikirler mydama ähmiýetli bolup gelipdir we dünýäniň şu güni, geljegi üçin hem ähmiýetlidir.

Baky bagtyň binýady

Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzyň baky bagtydyr, ýurdumyzyň ösüşleriniň berk binýadydyr. Eziz halkymyzyň asuda ýaşamagynyň, döretmeginiň we gurmagynyň, ösüşleriň ýolunda has belent sepgitlere ýetmeginiň baş şerti şanly Garaşsyzlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlydygyny aýdyň beýan edýär. Bu beýik işlere buýsanmak, Watanymyza guwanmak, şanly Garaşsyzlygymyzyň toýuny toýlamak indi asylly däbe öwrüldi. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň beýik maksatlarynyň durmuş ýüzünde amala aşmasydyr. Türkmen halkynyň buýsanjy bolan Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini dünýäde dabaralandyrmaga ýardam edýän mukaddeslikdir. Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistan dünýäde öz ornuny berkidýär, ösüşiň we parahatçylygyň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň berk binýadyny goýdy. Dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolan ýurdumyz daşary syýasatda öz alyp barýan parahatçylyk söýüjilik ugruny anyk beýan edýär. Döwletimiziň parahatçylygyň tarapdary bo

Azi­ýa­nyň dür-mer­je­ni

Paý­tag­ty­myz­da iri gur­lu­şyk­lar al­nyp ba­ryl­ýar Aş­ga­bat ýyl­sa­ýyn ös­ýär, öz­ger­ýär. Gaý­ta­lan­ma­jak mil­li we döw­re­bap bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Aş­ga­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk-bi­na­gär­lik iş­le­ri dün­ýä nus­ga­lyk bo­lup, ýur­du­my­zyň aja­ýyp hä­zir­ki gü­nü­ni we röw­şen gel­je­gi­ni dün­ýä ýaý­ýar.