HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Putrajaýa şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry) Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!Hanymlar we jenaplar!

Dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasy

Parahat durmuşa söýgini wagyz etmek ata-babalarymyzyň bu toprakda ýola goýan ýörelgeleriniň ajaýyplarynyň biridir. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplyk we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi dostlarymyzyň sanyny, gatnaşyklarymyzyň gerimini ýylsaýyn artdyrýar. Malaýziýa döwleti bilen däp bolan gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Ol gatnaşyklar taraplaryň hoşmeýilli erk-islegi bilen berkidilendir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa ilkinji resmi sapary hem dostlukly gatnaşyklarymyzda täze sahypany açar. Garaşsyz Diýarymyzyň Aziýa — Ýuwaş ummany sebitindäki hyzmatdaşlarynyň biri bolan Malaýziýa Federasiýasy bilen diplomatik gatnaşyklarymyz 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy. 2013-nji ýylda Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Ilçihanasynyň açylmagy gatnaşyklara täze badalga berdi. Bu günki gün Türkmenistan Malaýziýa bilen ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly halkara düzümleriň çäklerindäki gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan gatnaşyklaryň gerimi barha giňeýär.

Ylhamyň, yhlasyň ykrary

Biz sebitde ilkinji «akylly şäher» bolan Arkadag şäherini aýratynlygy boýunça söýgüläp, «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri, milli binagärligiň merjeni, atçylygyň paýtagty, sebitiň göwheri» diýip, dürlüçe atlandyrýarys. Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik ylhamyndan kemala gelen bu şäher Zemin ynsanlarynyň kalbyny şuglalandyrýar. Golaýda Milli Liderimiziň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda şaýat bolan habarymyz hem Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan döreýän her bir eserden diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň ylhamlanýandygyny ýene bir ýola subut etdi. Iş saparynyň barşynda Milli Liderimize Arkadag şäheriniň Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolandygy, şeýle hem Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanylandygy baradaky güwänamalaryň görkezilmegi her birimiz üçin ýakymly täzelik boldy. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýetilýän sepgitleriň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini nobatdaky gezek subut etdi. Arkadag şäheriniň ýaşlar şäherine mahs

Türkmenistan — Malaýziýa: ygtybarly hyzmatdaşlygyň röwşen sahypasy

Milli Liderimiziň halkymyzyň eşretli ertirlerini nazarlaýan oňyn başlangyçlary, bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasaty bu günki gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde halkara abraýy barha artýan eziz Diýarymyz dünýäde dost-doganlyk mekany, ylalaşdyryjy merkez hem-de ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Dostlukly ýurtlar bilen pugtalandyrylýan diplomatik gatnaşyklaryň taryhyna nazar aýlanyňda hem bu hakykata aýdyň göz ýetirýärsiň. Eziz Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýoluna düşen döwründen bäri Malaýziýa bilen ygtybarly hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dostlukly ýurda 18-nji dekabrda başlanan resmi sapary hoşniýetli gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Malaýziýa bu sebitde ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji ýylyň dekabr aýynda dostlukly ýurda am

Şöhraty äleme ýaň salýan şäher

Ösüş döwrüň talaplary bilen gadamyňy sazlamagy başarmakdyr. Arkadag şäheri bu babatda biziň buýsanjymyzdyr. 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bezegine, şamçyragyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyrylypdy. Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemlemegi başaran Arkadag şäheri halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan halkara sylaglarynyň, güwänamalardyr diplomlaryň ençemesine yzygiderli mynasyp bolýar. Şu ýyl bolsa Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide birnäçe baýraga, şol sanda iň tapawutlanan «akylly» şäher hökmünde baş baýraga mynasyp boldy. Bu ykrarnamalaryň hatary yzygiderli artyp barýar. Munuň şeýledigini «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 14-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherinde iş saparynda bolmagy mynasybetli köpçülikleýin habar seriş serişdeleriniň ýaýbaňlandyran buýsançly maglumatlary hem subut edýär.

Bagtyýar durmuşyň binýady

Şu ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: « Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!»  atly ynsanperwer şygaryny giňden dabaralandyrdy. Şeýle hem  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikleri we ýetilmeli aýdyň sepgitleri kesgitledi.  Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini  üpjün etmäge,  halkymyzyň ýaşaýyş  derejesini  has-da ýokarlandyrmaga,  ählumumy parahatçylygyň bähbidine  ykdysady hyzmatdaşlygy,  medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan  beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň esasynda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga  we senagatlaşdyrmaga bolan ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygyny görkezýär. Döwlet býujetiniň ýurdumyzyň ösüşi üçin örän uly ähmiýeti bar. Bu diňe bir ýylyň esasy maliýe meýilnamasy bolman, eýsem, tutuş maliýe ulgamynyň geljek döwürde esasy hereketleriniň çuňňur oýlanyşykly, dürli hasaplamalara daýanýan, merkezleşdirilen guralydyr. Döwlet derejesinde onuň esasy wezipesi, maliýe çeşmeleriniň kömegi bilen ýurduň y

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Atamyrat ROZYÝEW, Türkmenabat şäher döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy, 1-nji derejeli ýurist: —  Gahryman Arkadagymyz eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ýadawsyz tagallalary edýär. Ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde Milli Liderimize Magtymguly adyndaky halkara baýrak hem-de Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen ýadygärlik nyşan dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlardan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipler esasynda Gahryman Arkadagymyza berlen sylaglar ildeşlerimiziň öz Milli Liderine egsilmez alkyşynyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy

18-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Malaýziýanyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary-da çagyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy

18-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Malaýziýanyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.