Pyragynyň heýkeli — ruhy kämilligiň nusgasy
Öz halkynyň berkarar döwlet gurup, erkana ýaşamagy ugrunda öçmez-ýitmez şygyrlar döredip, türkmeniň kalbynda, durmuşynda, ruhy dünýäsinde yz goýan, Gündogaryň beýik akyldary hökmünde ady dünýä dolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanyna dünýäniň çar künjeginde dabaralar geçirilýär. Beýik Pyragynyň ömri, döredijiligi, edebi mirasy has çuň öwrenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy, uly tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň dabaralaryny halkara derejä çykarmakda köp işler bitirildi. Akyldar şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenjek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi şahyryň şan-şöhratyny dünýäde ýene bir gez beýgeltdi.